Amos 2:1—16

2  Ýehowa şeýle diýýär:„Mowap+ üç gezek, hatda dört gezek gozgalaň turuzdy,Şonuň üçin çykaran hökümimi ýatyrmaryn.Ol Edom patyşasynyň süňklerini hek bolýança ýakdy.   Mowaba ot ýagdyraryn,Ot Kirýotyň+ berk diňlerini kül⁠-⁠peýekun eder.Mowap söweş surnaýynyň sesinden,Esgerleriň goh⁠-⁠galmagalyndan ýaňa heläk bolar+.   Men onuň hökümdaryny,Han⁠-⁠beglerini ýok ederin+ — muny Ýehowa aýdýar“.   Ýehowa şeýle diýýär:„Ýahuda+ üç gezek, hatda dört gezek gozgalaň turuzdy,Şonuň üçin çykaran hökümimi ýatyrmaryn.Sebäbi olar Ýehowanyň kanunyndan ýüz öwürdiler+.Onuň düzgünlerini berjaý etmediler.Ata⁠-⁠babalarynyň egri ýolundan ýöräp azaşdylar+.   Şonuň üçin Ýahuda ot ýagdyraryn,Ot Iýerusalimiň berk diňlerini kül⁠-⁠peýekun eder“+.   Ýehowa şeýle diýýär:„Ysraýyl+ üç gezek, hatda dört gezek gozgalaň turuzdy,Şonuň üçin çykaran hökümimi ýatyrmaryn.Sebäbi olar adalaty kümşe,Garyby çaryga çalyşýarlar+.   Olar biçäräniň başyny gara guma garýarlar+.Ýumşaklaryň ýodasyna böwet goýýarlar+. Hem atasy, hem ogly bir aýal bilen ýatyp,Mukaddes adyma ysnat getirýärler.   Her bir gurbanlyk ojagynyň*+ ýanyndaGirewine alan donlaryny ýazyp oturýarlar+.Jerime hökmünde alan şerabynyTaňrylarynyň buthanasynda içýärler“.   „Kedr agajy kimin uzyn, dub agajy kimin berk amorlary,Halkym üçin ýok etdim+.Amorlaryň miwelerini, köküni weýran etdim+. 10  Amorlaryň ýurduny eýelemegiňiz üçin,Sizi Müsürden men çykardym+,Çölde 40 ýyllap ýol görkezdim+. 11  Ogullaryňyzy pygamber belledim+,Ýigitleriňiziň arasyndan nezirleri+ ýetişdirdim. Eý Ysraýyl, muny eden men dälmi?“ Muny Ýehowa aýdýar. 12  „Emma siz nezirleriňize şerap içirdiňiz+.Pygamberleriňize welilik etmegi gadagan etdiňiz+. 13  Şonuň üçin bugdaý desselerinden doly arabanyňTopragy owradyşy ýaly,Menem sizi kül ederin. 14  Ýüwrük adamyň gaçara ýeri bolmaz+,Gujur⁠-⁠gaýratly adam güýçden gaçar,Batyr adam başyny gutaryp bilmez. 15  Ýaýçy söweşde ýeňiş gazanmaz,Ýüwrükler gaçyp bilmez,Atly janyny halas edip bilmez. 16  Şol gün pälwanlaryň pälwany hemÝalaňaç halda gaçyp gider+ — muny Ýehowa aýdýar».

Çykgytlar

Sözlüge serediň.