Amos 4:1—13

  • Başan sygyrlaryna çykarylan höküm (1—3)

  • Ýehowa ysraýyllary ýaňsylaýar (4, 5)

  • Ysraýyl terbiýeden ýüz öwürýär (6—13)

    • «Alla bilen ýüzleşmäge taýýar bol!» (12)

    • Hudaý pikirini adama aýdýar (13)

4  «Samariýa dagynda+ otlaýan Başan sygyrlary!Sözümi diňläň!Siz mätäçleri aldap+, garyplary ezdiňiz,Siz äriňize: „Içere şerap getir!“ diýýärsiňiz.   Älemiň Hökümdary Ýehowa mukaddesliginden ant içýär:„Şeýle bir günler geler,Duşmanlar sizi gassabyň asgyjyndan asarlar,Aman galanlaryňyzy çeňňekler bilen tutarlar.   Siz diwaryň oýuklaryndan göni çykyp gidersiňiz,Sizi Harmona taşlarlar — muny Ýehowa aýdýar“.   „Beýtele baryp günä ediň+,Gilgala gidip, has⁠-⁠da köp günä ediň+. Säher bilen gurbanlyk beriň+,Üçünji gün girdejiňiziň ondan birini getiriň+.   Hamyrmaýaly çöregi ýakyp, şükür sadakasyny+ beriň.Sadakalaryňyz hakda jar ediň! Ysraýyl halky, siz şeýle zatlary gowy görýärsiňiz ahyryn“.Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.   „Men siziň ähli şäherleriňize açlyk inderdim,Öýleriňizi çörege zar etdim+.Şonda⁠-⁠da maňa dolanmadyňyz“+. Muny Ýehowa aýdýar.   „Hasyl ýygymyna üç aý galanda, size ýagyş bermedim+,Bir şähere ýagmyr ýagdyrdym, beýlekisine ýagdyrmadym. Ekin meýdanlarynyň birine ýagyş ýagdy,Beýlekisi ýagyşsyz gurap galdy.   Iki⁠-⁠üç şäheriň ilaty suw içmek üçin başga şähere gitdiler+,Ýöne suwdan ganmadylar.Emma şonda⁠-⁠da siz maňa dolanmadyňyz“+.Muny Ýehowa aýdýar.   „Men gallaňyzyň üstüne gyzgyn şemal öwüsdirdim,Heňledip çüýretdim+. Siz baglaryňyzy we üzümçiligiňizi köpeltseňiz⁠-⁠de,Injir we zeýtun agaçlaryňyzy çekirtge iýip ýok etdi+.Emma şonda⁠-⁠da siz maňa dolanmadyňyz“+.Muny Ýehowa aýdýar. 10  „Müsürde edişim ýaly, siziň araňyza mergi ýolladym+, Ýigitleriňizi gylyçdan geçirdim+,Atlaryňyzy eliňizden aldym+, Düşelgäňiz jesetleriň ysyndan ýaňa porsaýar+.Emma şonda⁠-⁠da siz maňa dolanmadyňyz“.Muny Ýehowa aýdýar. 11  „Sodom we Gomorrany+ kül edişim ýaly,Siziň ýurduňyzy hem ýok etdim, Siz otdan çykarylan töňňe ýaly bolduňyz.Emma şonda⁠-⁠da siz maňa dolanmadyňyz“+.Muny Ýehowa aýdýar. 12  Şonuň üçin eý Ysraýyl, saňa şulary ederin,Başyňa şulary indererin. Eý Ysraýyl, Alla bilen ýüzleşmäge taýýar bol! 13  Seret, ol daglara şekil berdi+, şemaly ýaratdy+.Ol pikirlerini adama aýdyp berýär,Daň şapagyny garaňkylyga öwürýär+,Belent ýerlerden ýöreýär+.Ady Serkerdebaşy Ýehowadyr».

Çykgytlar