Amos 6:1—14
6 «Sionyň gopbamsy halkynyň,Samariýa dagyna daýanýanlaryň waý halyna!+Ysraýyl öýüniň kömek soraýan baştutanlarynyň,Beýik halklaryň baştutanlarynyň waý halyna!
2 Kalnehe gidip, ol ýere syn ediň.
Soňra beýik Hamata+ ýola düşüň,Piliştlileriň Get şäherine baryň.
Olar siziň ýurtlaryňyzdan* gowumy?Ýa-da olaryň ýurdy siziňkiden ulumy?
3 Siz heläkçilik gününi ýatdan çykardyňyzmy?+Indi zalymlary goldaýarsyňyzmy?+
4 Siz piliň süňkünden+ ýasalan sekilerde ýatýarsyňyz,Kürsülerde+ ýassanyp oturýarsyňyz,Sürüdäki goçlary, bakylan öküzleri iýýärsiňiz+.
5 Siz arfanyň heňine görä aýdym düzýärsiňiz+,Dawut ýaly täze saz gurallaryny ýasaýarsyňyz+.
6 Siz käsäni şerapdan püre-pür edip içýärsiňiz+,Başyňyza atyr ysly ýag çalýarsyňyz.
Ýusubyň düşen agyr gününe+ biparh seredýärsiňiz.
7 Ilki bilen siz sürgün edilersiňiz+,Meýlis gurnap, ýassanyp ýatan adamlaryň soňy geler.
8 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:„Men Älemiň Hökümdary Ýehowa,Öz adymdan ant içýärin+.Ýakubyň tekepbirligi ýüregimi bulaýar+,Berk diňlerini ýigrenýärin+,Men şäheri, ähli zadyny duşmanyň eline bererin+.
9 Bir öýde on erkek bolsa, olaryň ählisi öler.
10 Olary daşary çykaryp, bir-birden otda ýakmak üçin agasy geler, olaryň jesetlerini öýden çykarar. Soňra içerdäki adamdan: „Ýene barmy?“ diýip sorar. Ol hem: „Ýok!“ diýip jogap berer. Şonda agasy: „Sesiň çykmasyn! Indi Ýehowanyň adyny çagyrmagyň peýdasy ýok“ diýer.
11 Sebäbi Ýehowa buýruk berdi+.Ol kaşaň jaýlary ýer bilen ýegsan eder,Kiçi jaýlary haraba öwrer+.
12 Atlar gaýalarda çapyp bilermi?Öküzler gaýalarda ýer sürüp bilermi?
Siz adalaty, dogruçyllygy depeläp,Halkyň durmuşyny zäherli ot, ýowşan ýaly ajy etdiňiz+.
13 Siz biderek zatlara guwanyp:„Öz güýjümiz bilen aýaga galmadykmy?“+ diýýärsiňiz.
14 Şonuň üçin, Ysraýyl öýi, üstüňize bir milleti çozduraryn+,Olar Lebo-hamatdan*+ Araba jülgesine çenli sizi ezerler“.Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar».