Amos 9:1—15

  • Hudaýyň hökümleri hökman amala aşar (1—10)

  • Dawudyň öýi dikeldiler (11—15)

9  Men gurbanlyk ojagynyň* ýanynda Ýehowanyň durandygyny gördüm+. Ol maňa şeýle diýdi: «Sütünleriň depesine ur, goý, tutuş öý sarssyn. Sütünleriň depesini owrat. Men aman galan adamlary gylyç bilen öldürerin. Hiç biri gaçyp gutulmaz+.   Ýeri gazyp mazara* inseler⁠-⁠de,Ol ýerden çykararyn.Asmana galsalar⁠-⁠da,Aşak düşürerin.   Karmeliň depesinde gizlenseler⁠-⁠de,Olary agtaryp taparyn, ol ýerden alyp gaýdaryn+. Menden gaçyp, deňziň düýbünde gizlenseler⁠-⁠de,Olary ýylana çakdyraryn.   Duşmanlary olary ýesir alyp gitse⁠-⁠de,Şol ýerde gylyç bilen öldürerin+.Olardan gözümi aýyrman,Ýagşylyk däl⁠-⁠de, ýamanlyk ederin+.   Älemiň Hökümdary,Serkerdebaşy Ýehowa ýurda* elini degrende,Bütin ýurt ereýär+, halky ýas tutýar+.Tutuş ýurt tolkun atýan Nil derýasy kimin howsala düşer,Müsüriň dolup⁠-⁠daşan Nil derýasy kimin bolar+.   „Ol basgançagyny göklerde gurdy,Ýeriň üstüni gümmez bilen örtdi.Deňziň suwlaryny ýygnap,Ýer ýüzüne çabga ýagdyrdy+.Onuň ady Ýehowadyr“+.   Ýehowa şeýle diýýär: „Ysraýyl halky!Siz meniň üçin kuşlular* ýaly dälmi? Ysraýyllary Müsürden+, piliştlileri Kritden+,Siriýalylary Hirden+ çykaran men dälmi?“   „Men Älemiň Hökümdary Ýehowa,Gözümi günäli ýurtdan aýyrmaryn.Ony ýer ýüzünden süpürip taşlaryn+, Emma Ýakubyň öýüni doly ýok etmerin“+.Muny Ýehowa aýdýar.   „Men buýruk berýärin,Ysraýyl öýüni bugdaý ýaly elekden geçirerin+,Ýekeje daş hem ýere gaçmaz. 10  „Heläkçilik inmez, golaýymyza⁠-⁠da gelmez“ diýýänler,Halkymyň günä edenleri gylyçdan öler“. 11  „Şol gün Dawudyň weýran bolan öýüni dikelderin+.Ýykylan diwarlaryny galdyraryn,Haraba öwrülen ýerlerini abatlaryn,Öňki günlerdäki ýaly täzeden guraryn+. 12  Şonda olar Edomyň+ aman galanlarynyň,Adymy göterýän milletleriň üstünden höküm sürerler“.Muny aýdýan Ýehowa hökman ýerine ýetirer. 13  Ýehowa diýýär: „Şeýle günler geler,Bol hasyl orlup ýetişmänkä, sürüm wagty geler.Üzüm sykylyp ýetişmänkä, ekiş möwsümi geler+.Daglardan hem baýyrlardanTäze şerap şarlap akar+. 14  Ysraýyl halkymyň ýesir düşenlerini yzyna getirerin+.Olar haraba öwrülen şäherlerini dikeldip, onda ýaşarlar+,Üzüm ekip, şerabyny içerler+,Baglar ekip, miwesini iýerler“+. 15  „Olary öz topragynda ekerin,Meniň beren ýurdumdan köki bilen sogrulmaz“+.Muny Ýehowa Hudaýyňyz aýdýar».

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: ýer ýüzüne.
Ýa⁠-⁠da: efiopiýalylar.