Efesliler 4:1—32

  • Mesihiň bedeniniň agzasy bolmak (1—16)

    • Bereket hökmünde berlen adamlar (8)

  • Köne we täze ýaradylyş (17—32)

4  Men Pawlus, Halypamyzyň şägirdi bolandygym üçin türmede otyryn+. Sizden haýyş edýärin: Hudaýyň çakylygyna mynasyp ýaşaň+.  Şeýle⁠-⁠de elmydama pesgöwünli*+, ýumşak, sabyrly boluň+, biri⁠-⁠biriňizi söýüň+ we oňşukly ýaşaň.  Parahatlygy saklaň, mukaddes ruhuň beren agzybirligini goramaga jan ediň+.  Siz bir umyt+ üçin çagyryldyňyz, şonuň üçin beden birdir+, ruh birdir+,  Halypamyz birdir+, iman birdir, suwa çümdüriliş hem birdir,  hemmeleriň Atasy we Hudaýy birdir. Hudaý hemmeleriň üstünden höküm sürýär, hemmeleri ulanýar we hemmelere güýç berýär.  Hudaý her birimize ýagşylyk edýär. Muny Mesihiň beren bereketlerinden*+ görse bolýar.  Sebäbi: «Ol ýokaryk galyp, ýesirleri alyp gitdi, soňra olary bereket* hökmünde berdi»+ diýilýär.  «Ol ýokaryk galdy» diýen jümle onuň aşak, ýagny ýere düşendigini hem aňladýar. 10  Ýere düşeniň özi ähli zatlary berjaý etmek üçin gökden⁠-⁠de has ýokary galdy+. 11  Ol käbirini resul+, käbirini pygamber+, käbirini hoş habarçy+, käbirini çopan we mugallym+ edip berdi. 12  Ol muny mukaddesleri düzetmek, başgalara hyzmat etmek we Mesihiň bedenini berkitmek üçin etdi+. 13  Biziň imanymyz bir bolup, Hudaýyň Ogly hakda dogry bilim alýançak, olar tabşyrylan işi ýerine ýetirerler+. Şonda biz ähli zatda Mesihe meňzäp, uly* adam bolarys. 14  Indi çagalar ýaly bolmalyň, ýalan taglymatlara+, adamlaryň hilesine we her dürli mekirligine aldanyp, deňizde iki ýana çaýkanýan, ýele eýläk⁠-⁠beýläk kowulýan gaýyk ýaly bolmalyň. 15  Gaýtam hakykaty aýdyp, söýgi bilen bedeniň başy Mesihden+ görelde alalyň we ähli zatda oňa meňzäliň. 16  Mesih arkaly bütin beden+ özara sazlaşykly birleşýär we bedeniň her bir agzasy biri⁠-⁠biriniň zerurlyklaryny kanagatlandyrýar. Her agzanyň kadaly işlemegi bütin bedeniň ösmegine, ýagny söýgüde berkemegine ýardam edýär+. 17  Şeýlelikde, men Halypamyzyň adyndan size şuny ündeýärin: indi şu dünýäniň adamlaryna meňzäp+, biderek pikirlere eýerip ýaşamaň+. 18  Olaryň aň⁠-⁠düşünjesi garaňkylykda, Hudaýyň berýän ýaşaýşyndan daşlaşdylar, ýürekleriniň gatylygy sebäpli Hudaýy tanamak islemeýärler. 19  Olar ahlak kadalaryndan ýüz öwrüp, haýasyz* işleri+ edýärler we açgözlük bilen her dürli haram işlere baş goşýarlar. 20  Siz bolsa Mesih hakda şeýle zatlary öwrenmediňiz. 21  Siz Isany diňläp, hakykaty öwrenmelidiňiz. Sebäbi hakykat ondadyr. 22  Siz öňki häsiýetleriňizi egniňizden çykarmagy öwrendiňiz+, sebäbi olar öňki ýaşaýşyňyza laýyk gelýärdi, aldawçy höwesleriňiz bolsa sizi azdyrýardy+. 23  Pikiriňizi* hemişe täzeläp duruň+. 24  Şeýle⁠-⁠de Hudaýyň islegine görä ýaradylan hakyky dogruçyllyga we wepadarlyga esaslanan täze häsiýetleri geýiň+. 25  Indi ýalan sözlemäň, ähliňiz ýakynyňyza hakykaty aýdyň+, sebäbi biz bir bedeniň agzalary+. 26  Gaharlansaňyz⁠-⁠da, günä etmäň+, Gün batýança, gaharyňyz ýatsyn+, 27  Iblise ýol bermäň+. 28  Ogry indi ogurlyk etmesin, mätäçlere kömek edip biler ýaly, öz elleri bilen zähmet çekip+, ýagşylyk etsin+. 29  Agzyňyzdan göwne degiji* söz çykmasyn+, diňe gerekli wagty ruhlandyryjy sözleri aýdyň. Şonda sizi diňleýänlere peýdaly bolar+. 30  Hudaýyň mukaddes ruhuny gynandyrmaň+, sebäbi siz gutulyş güni töleg* arkaly halas bolar ýaly+, şol ruh bilen möhürlendiňiz+. 31  Özüňizden öýke⁠-⁠kinäni+, gahar⁠-⁠gazaby, gykylygy, sögünç sözleri*+ hem⁠-⁠de ähli erbetligi aýryň+. 32  Gaýtam bir⁠-⁠biriňize mähirli boluň we rehim⁠-⁠şepagat ediň+. Hudaýyň Mesih arkaly bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri⁠-⁠biriňizi ýürekden bagyşlaň+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: pikiriňizde pesgöwünli.
Ýa⁠-⁠da: sowgatlaryndan.
Ýa⁠-⁠da: sylag; sowgat.
Ýa⁠-⁠da: ýetişen.
Grekçe «aselgeýa». Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Pikiriňize täsir edýän güýji. Sözme⁠-⁠söz: Pikiriňiziň ruhuny.
Sözme⁠-⁠söz: çüýrük; porsy.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: göwne degiji sözleri.