Ester 2:1—23
2 Haşaýar patyşanyň+ gahary ýatyşansoň, aýaly Waştynyň eden işi+ we çykaran permany+ ýadyna düşdi.
2 Şonda patyşanyň geňeşçileri* şeýle diýdiler: «Goý, patyşa üçin owadan, ýaş, boý gyzlary tapsynlar.
3 Ähli welaýatlarda bellenen adamlar+ patyşa üçin owadan gyzlary saýlap, olary Şuşan* galasyndaky haremhana* getirsinler. Olar gelin-gyzlaryň gözegçisi, köşk agtasy* Hegaýyň+ ýanyna getirilsin we endamyna ýag çalnyp owkalansyn.
4 Patyşanyň göwnüne ýaran gyz Waştynyň deregine hökümdarymyzyň aýaly bolsun»+. Patyşa geňeşçileriniň aýdanyny makul bildi we olaryň aýdyşy ýaly etdi.
5 Şol döwürde Şuşan+ galasynda Mordekaý+ atly ýehudy ýaşaýardy. Ol benýamin taýpasyndan+ Ýaýyryň ogly, Şimeýiň agtygy, Kişiň çowlugydy.
6 Wawilon patyşasy Nawuhodonosor Ýahudanyň patyşasy Ýehonýany*+ hem-de Iýerusalimiň ilatyny ýesir alanda, olary hem alyp gaýdypdy.
7 Mordekaý ýetim galan Hadassa*, ýagny Estere hossarlyk etdi+. Ester bilen Mordekaýyň kakalary dogandy. Gyzyň ene-atasy aradan çykanda, ol Esteri öz gyzy ýaly terbiýeledi. Esteriň katdy-kamaty owadandy.
8 Patyşanyň sözi hem permany yglan edilende, ençeme gyzlar Şuşan galasyna getirilip, Hegaýyň gözegçiligine berildi+. Ester hem köşge getirilip, aýal-gyzlaryň gözegçisi Hegaýa tabşyryldy.
9 Ester Hegaýyň göwnünden turup, hormatyny* gazandy. Hegaý Esteriň bedenine ýag çaldyryp owkalatdy+ we aýratyn tagamlary berdi. Ol Estere köşkden başarjaň ýedi kenizi we haremhananyň iň owadan otagyny berdi.
10 Ester Mordekaýyň+ tabşyrygyna+ gulak asyp, öz halky+, dogan-garyndaşlary barada hiç zat aýtmady.
11 Mordekaý Esteriň hal-ýagdaýyndan habar almak üçin her gün haremhananyň öňünde durardy.
12 Gyzlar gezekli-gezegine Haşaýar patyşanyň ýanyna getirilýärdi. Öňürti olar 12 aýlap ýag çalnyp owkalanýardy. Olar alty aý mür* ýagy+ bilen, alty aý melhem+ we dürli ýaglar bilen owkalanýardy.
13 Owkalamak günleri tamamlanansoň, gyz patyşanyň huzuryna barardy. Patyşanyň jaýyna barmaly gezegi gelen gyza islän zady berilýärdi.
14 Gün batanda gyz patyşanyň ýanyna girip, ertesi irden ikinji haremhana barýardy. Ikinji haremhana gyrnaklaryň gözegçisi köşk agtasy+ Şaşgaz seredýärdi. Patyşa göwnüne ýaran gyzyň adyny tutup çagyrýança+, ol gaýdyp patyşanyň huzuryna barmaýardy.
15 Indi patyşanyň ýanyna Mordekaýyň agasy Abyhaýylyň gyzy+ Esteriň girmek gezegi geldi. Ol haremhananyň gözegçisi, köşk agtasy Hegaýyň berenlerinden başga hiç zat soramady. (Ester ähli adamlaryň göwnüne ýaraýardy).
16 Haşaýar patyşanyň hökümdarlygynyň ýedinji ýylynda+, onunjy aýda, ýagny tebet* aýynda Ester patyşanyň köşgüne getirildi.
17 Patyşa Esteri beýleki gyzlardan has gowy gördi. Ol patyşanyň nazarynda gyzlaryň ählisinden köp hormat we söýgi* gazandy. Haşaýar oňa täç geýdirip, Waştynyň deregine+ şa aýaly edip belledi+.
18 Patyşa Esteriň şanyna uly toý tutup, han-beglerini we emeldarlaryny çagyrdy. Ol halat-serpaý paýlap, tussaglary azatlyga çykardy*.
19 Gyzlary+ ikinji sapar ýygnanlarynda, Mordekaý köşgüň derwezesiniň agzynda otyrdy.
20 Ester Mordekaýyň tabşyryşy ýaly dogan-garyndaşlary we halky+ barada hiç zat aýtmady. Ol Mordekaýyň öýünde ýaşan döwründäki ýaly, onuň sözünden çykmaýardy+.
21 Mordekaý köşgüň derwezesinde oturan wagtlary köşk emeldarlary, derwezebanlar Bigtan bilen Tereş Haşaýar patyşa gaharlanyp, ony öldürmegiň küýüne düşdüler.
22 Mordekaý muny eşiden badyna, şa aýaly Estere habar berdi. Ol hem Mordekaýyň adyndan patyşa habar ýetirdi.
23 Muny barlap, hakykatdygyna göz ýetirdiler we iki emeldary pürsden asdylar. Şol waka patyşanyň huzurynda taryhy ýazgylara ýazyldy+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: maslahatçylary; ynamdar hyzmatkärleri.
^ Ýa-da: Suza.
^ Patyşanyň aýallarynyň we gyrnaklarynyň bolýan öýi.
^ Manysy: Reýhan. Esteriň ýewreý ady.
^ Ýa-da: wepaly söýgüsini.
^ Ýa-da: wepaly söýgi.
^ Ýa-da: halky salgytdan azat etdi.