Ester 3:1—15

  • Haman ýokary wezipä bellenýär (1—4)

  • Haman ýehudylary gyrmagyň küýüne düşýär (5—15)

3  Şondan soň Haşaýar patyşa agaglardan+ Hamedatyň ogly Hamany+ has ýokary wezipä belläp, han⁠-⁠begleriň+ ählisinden beýgeltdi.  Köşgüň derwezesinde durýan ähli hyzmatkärler dyza çöküp, Hamanyň öňünde baş egýärdiler, sebäbi patyşanyň emri şeýledi. Emma Mordekaý dyza çöküp, baş egmedi.  Köşgüň derwezesinde duran hyzmatkärler Mordekaýa: «Sen näme üçin patyşanyň buýrugyny ýerine ýetirmeýärsiň?» diýdiler.  Olar her gün aýtsalar⁠-⁠da, Mordekaý olary diňlemedi we özüniň ýehudydygyny+ aýtdy. Soňra olar Mordekaýa bir çäre görülmegini isläp, Hamana habar berdiler+.  Bir gün Haman Mordekaýyň dyza çöküp, baş egmeýändigini görende, gahar⁠-⁠gazaba mündi+.  Emma Haman diňe Mordekaýy öldürmegi az gördi, oňa Mordekaýyň milleti hakda⁠-⁠da aýdypdylar. Şonuň üçin ol Mordekaýyň tutuş halkyny, Haşaýaryň patyşalygyndaky ähli ýehudylary gyrmagy ýüregine düwdi.  Haşaýar patyşanyň hökümdarlygynyň 12⁠-⁠nji ýylynda+, birinji aýda, ýagny nisan* aýynda Hamanyň öňünde bije*+ atyp, ýehudylary gyrmak üçin aýy we güni bellediler. Bije 12⁠-⁠nji aýa, ýagny adar* aýyna+ düşdi.  Haman Haşaýar patyşa: «Siziň golastyňyzdaky welaýatlarda+ bir millet bar+. Kanunlary beýleki halklaryňkydan tapawutlanýar, olar patyşanyň permanyna tabyn bolmaýar. Beýle ýagdaýa ýol bermek patyşa bähbitli däldir.  Eger patyşa makul bilse, olary gyrmak hakynda perman çykarylsyn. Men emeldarlara gazna üçin 10 000 batman* kümüş bererin*» diýdi. 10  Şonda patyşa möhürli ýüzügini+ çykaryp, ýehudylaryň duşmany agaglardan+ Hamedatyň ogly Hamana+ berdi. 11  Patyşa: «Saňa kümşi hem, şol halky hem berýärin, olara isläniňi et» diýdi. 12  Birinji aýyň 13⁠-⁠ne patyşanyň kätipleri+ çagyryldy. Olar patyşanyň emirlerine, welaýat häkimlerine we halklaryň han⁠-⁠beglerine Hamanyň ähli tabşyryklaryny ýazyp berdiler+. Hatlaryň ählisi Haşaýar patyşanyň ady bilen her welaýatyň öz elipbiýinde we her halkyň ene dilinde ýazylyp, patyşanyň ýüzügi bilen möhürlendi+. 13  Hatlar çaparlaryň üsti bilen ähli welaýatlara iberildi. Şol hatda uludan⁠-⁠kiçä ähli ýehudylary, aýallaryny, çagalaryny bir günüň içinde, 12⁠-⁠nji aýda, ýagny adar aýynyň 13⁠-⁠ne gyrmak, bütinleý ýok etmek+, mal⁠-⁠mülküni talamak hakda tabşyryk berlipdi+. 14  Hatyň nusgasy her welaýatda kanun hökmünde çykarylmalydy we ähli halklara yglan edilmelidi. Bellenen gün olar taýýar bolmalydy. 15  Patyşanyň buýrugy bilen çaparlar haýal etmän ýola düşdüler+. Perman Şuşan*+ galasynda hem yglan edildi. Patyşa bilen Haman şerap içmäge oturdy, Şuşanyň ilaty bolsa uly howsala düşdi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: pur.
Başga manysy: Men şu işi edenlere tölär ýaly, gazna 10 000 batman kümüş goýaryn.
Ýa⁠-⁠da: Suza.