Filipililer 3:1—21

  • Bedeniňe bil baglamazlyk (1—11)

    • Mesih üçin ähli zadyňdan geçmek (7—9)

  • Maksadyňa ýetmek üçin jan etmek (12—21)

    • Gökdäki raýatlyk (20)

3  Doganlarym, Hudaýa hemişe şatlyk bilen gulluk ediň+. Size öň ýazan zatlarymy ýene-de ýazmagy kyn görmeýärin, sebäbi sizi goramak isleýärin.  Ýigrenjilerden*, zyýankeşlerden we sünnetlenmegiň tarapdarlaryndan* seresap boluň+.  Aslynda, biziň sünnetimiz hakykydyr+, sebäbi biz Hudaýyň ruhy bilen mukaddes gullugy berjaý edýäris, Isa Mesihiň şägirtleridigimize buýsanýarys+ we ynsan bedenine bil baglamaýarys.  Ynsan bedenine buýsanmaly bolsam, men buýsanmaly. Eger biri bedenine buýsanmaga haky bardyr öýtse, onda meniň hakym has köpdür.  Sebäbi men sekiz günlükkäm sünnetlendim+, ysraýyl halkynyň benýamin taýpasyndan, milletim ýewreý, enem-atam hem ýewreý+, kanuna yhlasly ýapyşýan fariseýdim+,  ýygnagy gazaply yzarlaýardym+, kanunyň tabşyryklaryny birkemsiz berjaý edýärdim.  Emma gazanan zatlarymdan Mesihiň hatyrasyna ýüz öwürdim*+.  Mundan başga-da, Halypamyz Isa Mesih hakdaky gymmatly bilim üçin ähli zadymdan geçdim. Mesihiň hatyrasyna ähli zadymdan geçip, olary zir-zibil hasaplaýaryn, sebäbi Mesih bilen dostlaşmak hem-de  agzybir bolmak isleýärin. Men Töwrada eýerip gazanan dogruçyllygym bilen däl-de, Mesihe+ iman edip+, dogruçyl bolmak isleýärin. Sebäbi Hudaý iman edýän adamlary dogruçyl hasaplaýar+. 10  Men Mesihi tanap, ony direldeniň güýjüni bilmek isleýärin+. Mesih ýaly görgi görüp+, Mesih ýaly ölmek isleýärin+. 11  Muny ilkinjileriň hatarynda direlmäge+ mümkinçiligim bolsun diýip edýärin. 12  Ýöne men sylagymy aldym ýa-da kämillige ýetdim diýjek bolmaýaryn. Gaýtam Isa Mesih meni näme etmäge saýlan bolsa+, şoňa ýetjek bolup jan edýärin+. 13  Doganlar, men sylagymy eýýäm alandyryn öýtmeýärin. Ýöne bir zady anyk bilýärin: yzda galan zatlary unudyp+, öňdäki zatlary almaga jan edýärin+. 14  Men Hudaýyň Isa Mesih arkaly berjek sylagyny+, ýagny gökdäki ýaşaýşy almak üçin ylgaýaryn+. 15  Goý, ruhy taýdan ösenler+ şeýle pikirde we garaýyşda bolsunlar. Eger biriňiz başgaça pikir edýän bolsaňyz, onda Hudaý dogry garaýyşda bolmaga kömek eder. 16  Biz nähili üstünlik gazanan bolsak, şeýle etmegi dowam edeliň. 17  Eý doganlar, hemmäňiz menden görelde alyň+ we biziň göreldämize eýerýänlere serediň. 18  Sebäbi köpler özüni Mesihiň jebir pürsüniň* duşmany ýaly alyp barýar. Men olar hakda öňem köp aýdypdym, häzirem gözýaş döküp aýdýaryn. 19  Şeýle adamlaryň soňy ölümdir, olaryň hudaýy garnydyr, haýasyz işlerine buýsanýarlar, şu dünýädäki zatlar hakda pikir edýärler+. 20  Emma biz gögüň+ raýaty+, hemmämiz halasgärimize, gökdäki Halypamyz Isa Mesihe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys+. 21  Ol ähli zady özüne tabyn edýän güýji arkaly+ ejiz bedenimizi öz bedeni ýaly şöhratly eder+.

Çykgytlar

Sözme-söz: Itlerden.
Sözme-söz: bedene şikes ýetirýänlerden.
Başga manysy: ýitgi hasapladym.
Sözlüge serediň.