Habakuk 1:1—17

  • Habakuk perýat edýär (1—4)

    • «Eý Ýehowa, haçana çenli?» (2)

    • «Zulum⁠-⁠süteme näme üçin seredip durýarsyň?» (3)

  • Hudaý haldeýleri aýaga galdyrýar (5—11)

  • Pygamber Ýehowa ýalbarýar (12—17)

    • Eý Hudaý, sen hiç haçan ölümi datmarsyň (12)

    • «Seniň gözleriň erbetlige serederden päkdir» (13)

1  Habakuk* pygambere görnüş* arkaly aýdylan habar:   Eý Ýehowa, haçana çenli jogap bermersiň?Haçana çenli perýat edeýin?+ Zalymlardan haçan halas edersiň?Haçana çenli senden kömek soraýyn?+   Erbetligi näme üçin görmeli bolýaryn? Zulum⁠-⁠süteme näme üçin seredip durýarsyň? Gözümiň alnynda zorluk⁠-⁠sütem bolýar, Daş⁠-⁠töweregimde dawa⁠-⁠jenjel turýar.   Şonuň üçin kanun öz güýjüni ýitirdi,Adalat zym⁠-⁠zyýat boldy. Erbetler dogruçyllary ezýär,Şonuň üçin adalat ýoýulýar+.   «Halklara serediň, ünsli serediň! Haýran galyp, aňk⁠-⁠taňk boluň.Sebäbi siziň döwrüňizde şeýle wakalar bolar,Olar hakda eşideniňizde, öz gulagyňyza ynanmarsyňyz+.   Rehimsiz, çalasyn halky,Haldeýleri aýaga galdyraryn+. Olar köp ýurtlary basyp almak üçin+,Ýer ýüzüne aýlanyp çykar.   Olar aýylgançdyr, gorkunçdyr. Olar öz kanunlaryny, düzgünlerini girizer+.   Atlary alajabarsdan hem çakgandyr.Olar gijelerine awa çykan möjek ýalydyr+. Söweş atlary uzak ýurtlary söküp,Badyny gowşatman çapyp geler. Ol halk awuna topulýan bürgüt kimindir+.   Zalymlyk olaryň ganyna siňendir+. Olar başyny birikdirse, gündogar tüweleýi kimindir+,Ýesirleri çäge ýaly üýşürýändir. 10  Olar patyşalary kemsiderler,Emeldarlaryň üstünden gülerler+. Galalary hiç zatça görmezler+.Olar diwaryň ýanynda gum üýşürip, galany basyp alarlar. 11  Olar ýel kimin öwsüp, ýurduň içinden geçip giderler.Emma olara zalym işleri üçin jeza berler+.Sebäbi olar: „Taňrymyz güýç⁠-⁠kuwwat berýär“*+ diýýärler». 12  Ýehowa, sen gadymdan bäri barsyň!+ Mukaddes Hudaýym, sen hiç haçan ölümi datmarsyň*+. Ýehowa, olary hökümleriňi ýerine ýetirmek üçin saýladyň.Arkadagym+, sen bize jeza bermek üçin olary bellediň+. 13  Seniň gözleriň erbetlige serederden päkdir.Sen erbetlige göz ýumýan dälsiň+. Onda nädip hilegärlere çydaýarsyň?+Erbetler özünden gowurak adama azar berse,Sen nädip dymyp bilýärsiň?+ 14  Adamlar balyk kimin tutulýar,Deňiz jandarlary kimin tora düşýär.Sen muňa näme üçin ýol berýärsiň? 15  Duşman* olary çeňňegi bilen tutýar, Tory bilen awlaýar,Tory balykdan dolýar, Ýüregi şatlykdan dolýar+. 16  Tory üçin sadaka berýär,Toruna gurbanlyk getirýär.Sebäbi toruna köp balyk düşýär,Saçagy näz⁠-⁠nygmatdan dolýar. 17  Ol haçana çenli toruny dolduryp⁠-⁠boşadyp durar?* Milletleri haçana çenli zalymlyk bilen gyrar?+

Çykgytlar

Bagryňa basmak diýmegi aňladýan bolmaly.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: Güýjümize bil baglaýarys.
Başga manysy: biz hiç haçan ölmeris.
Ýagny haldeýler.
Başga manysy: gylyjyny gynyndan çykarar?