Habakuk 2:1—20

  • «Ünsli bolup, aýtmaly habarymy diňlärin» (1)

  • Ýehowa pygambere jogap berýär (2—20)

    • «Gijä galýan ýaly bolup görünse⁠-⁠de, oňa garaş!» (3)

    • Dogruçyl adam wepaly bolsa, uzak ýaşar (4)

    • Haldeýleriň üstüne injek bäş betbagtçylyk (6—20)

      • Ýer ýüzi Ýehowanyň şöhraty hakdaky bilimden dolar (14)

2  Garawul diňinde garaşaryn+,Diwaryň üstüne çykaryn. Ünsli bolup, aýtmaly habarymy diňlärin.Öwüt⁠-⁠nesihat berilse, näme jogap bereýin?   Şonda Ýehowa şeýle diýdi: «Bir tekiz daşy alyp, gören görnüşiňi* düşnükli edip ýaz+,Jarçy ony aňsatlyk bilen okap bilsin+.   Sebäbi gören görnüşiň bellenen wagtynda amala aşar.Ol berjaý boljak gününe howlugýar,Ol hökman ýerine ýeter*. Gijä galýan ýaly bolup görünse⁠-⁠de, oňa garaş!*+ Sebäbi ol hökman geler, Gijä galmaz!   Ulumsy adama seret!Ol içigaradyr. Dogruçyl adam wepaly bolsa, uzak ýaşar*+.   Şerap ynsanyň akylyny alýar,Ulumsylyk⁠-⁠da adama maksadyna ýetmegine päsgel berýär. Ol mazar* ýaly açgöz,Ölüm ýaly doýmaz⁠-⁠dolmaz. Ol ähli milletleri ýygnap,Hemme halklary ýesir alýar+.   Ony ýaňsylap nakyllar, matallar düzerler+. Halklar oňa şeýle diýerler: „Kişiniň zadyny alýanyň,Bergä batan adamyň gününe waý!Bu haçana çenli dowam eder?   Algydarlaryň duýdansyz üstüňe geler. Olar ukudan oýanyp, seni silterlärler,Emlägiňi talarlar+.   Sen köp milletleri taladyň,Indi halklar seni derbi⁠-⁠dagyn ederler+.Sebäbi sen adamlaryň ganyny dökdüň,Ýer ýüzüni we şäherleri weýran etdiň,Olaryň ilatyna sütem etdiň+.   Betbagtçylykdan halas bolmak üçin,Öýüni* beýik ýerde gurmak üçin,Hojalygyna haram gazanç eltýäniň waý halyna! 10  Eden işleriň öz öýüňi masgara etdi, Köp halklary gyrdyň, günä gazandyň+. 11  Diwaryň daşlary aýybyňy açýar,Üçegiň agaç söýegleri hem dymyp oturmaýar. 12  Gan döküp, şäher guranyň,Adalatsyzlyk edip, şäheriň düýbüni tutanyň dat gününe! 13  Halklar oda ýanyp kül boljak zatlar üçin zähmet çekýär,Milletler biderek ýere der dökýär+.Ähli zat Serkerdebaşy Ýehowanyň emri bilen bolýar. 14  Deňziň suwdan doluşy deý,Ýer ýüzi Ýehowanyň şöhraty hakdaky bilimden dolar+. 15  Dostuny çuw ýalaňaç görmek üçin içirip serhoş edenZalym we gaharjaň ynsanyň waý halyna! 16  Sen şan⁠-⁠şöhrata eýe bolman, utanja galarsyň. Senem iç, sünnetsizligiňi görkez*. Ýehowanyň sag elindäki käseden içmek nobaty saňa ýeter+,Şonda abraýdan düşüp, masgara bolarsyň. 17  Liwana eden sütemiň öz başyňdan iner,Wagşy haýwanlary rehimsiz gyrşyň ýaly, seni⁠-⁠de gyrarlar.Sebäbi sen adamlaryň ganyny dökdüň,Sen ýer ýüzüni weýran etdiň,Şäheriň halkyna sütem etdiň+. 18  Ussanyň ýasan butundan,Oýup ýasan butundan ne peýda? Guýma butdan ne peýda? Buta ýüz tutmak biderekdir.Gepläp bilmeýän dereksiz butlary ýasap,Olara bil baglamakdan ne peýda?+ 19  Agaja: „Oýan!“ diýip ýalbarýanyň, Dilsiz daşa: „Tur! Ýol görkez!“ diýýäniň waý halyna! Olara altyn, kümüş çaýylandyr+,Emma olaryň jany ýokdur+. 20  Ýehowa bolsa mukaddes ybadathanasyndadyr+. Bütin ýer ýüzi, onuň huzurynda ümsüm boluň!“»+

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: ýalan sözlemez.
Ýa⁠-⁠da: sabyrsyzlyk bilen garaş!
Başga manysy: imany arkaly ýaşar.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Höwürtgesini.
Başga manysy: entirekle.