Hydyr 3:1—13

  • Gurbanlyk ojagy we gurbanlyklar (1—6)

  • Ybadathananyň gurluşygy (7—9)

  • Ybadathananyň düýbi tutulýar (10—13)

3  Ýedinji aýda+ ähli şäherlerdäki ysraýyllar Iýerusalime ýygnandylar.  Ýehosadygyň ogly Ýoşuw+, beýleki ruhanylar, Şehalteliň+ ogly Zerubabel+ bilen doganlary hak Hudaýyň guly Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly+, ýakma gurbanlyklary bermek üçin Ysraýyl Hudaýynyň gurbanlyk ojagyny* gurdular.  Olar goňşy halklardan+ gorksalar⁠-⁠da, gurbanlyk ojagyny öňki ýerinde gurup, her gün ertirine⁠-⁠agşamyna Ýehowa ýakma gurbanlyklary+ berip başladylar.  Kanunda ýazylyşy ýaly, Çatma baýramyny belläp+, her günki ýakma gurbanlyklary hödürlediler+.  Her günki ýakma gurbanlygyndan+ başga⁠-⁠da Täze aý baýramynda+ we Ýehowanyň şanyna bellenilýän mukaddes baýramçylyklarda+ gurban berdiler. Her kim Ýehowa üçin göwnünden çykaran+ sadakasyny hem bererdi.  Ýehowanyň ybadathanasynyň düýbi tutulmadyk bolsa⁠-⁠da, ýedinji aýyň birinden+ Ýehowa ýakma gurbanlyklary berip başladylar.  Pars patyşasy Kiriň+ rugsady bilen, daş ýonujylara+ we senetçilere+ hak tölediler. Sidonlylara we tirlilere iýip⁠-⁠içgi, ýag berip+, deňziň üsti bilen Liwandan Ýafa kedr agaçlaryny getirtdiler.  Hak Hudaýyň Iýerusalimdäki ybadathanasyna gelenlerine iki ýyl iki aý bolanda, Şehalteliň ogly Zerubabel, Ýehosadygyň ogly Ýoşuw bilen doganlary, ruhanylar, lewiler, ýesirlikden Iýerusalime gaýdyp gelenleriň ählisi+ işe başladylar. Olar 20 ýaşdan ýokary lewileri Ýehowanyň ybadathanasynyň gurluşygyna gözegçi edip bellediler.  Ýahudanyň* neslinden Ýoşuw bilen ogullary we doganlary, Kadmyýal bilen ogullary hak Hudaýyň ybadathanasynyň gurluşygyna gözegçilik etdiler. Lewi taýpasyndan Henadatyň ogullary, nesilleri+, dogan⁠-⁠garyndaşlary hem olara goşuldy. 10  Gurluşykçylar Ýehowanyň ybadathanasynyň düýbüni tutdular+. Şonda mukaddes eşikli ruhanylar surnaýly+, Asafyň neslinden lewiler bolsa bürünç çanly* gelip, Ysraýyl patyşasy Dawudyň goýan düzgünine görä, Ýehowany şöhratlandyryp başladylar+. 11  Olar Ýehowany şöhratlandyryp, alkyş okap+: «Ol ýagşydyr, Ysraýyla wepaly söýgüsi* ebedidir»+ diýip, gezekli⁠-⁠gezegine aýdym aýdyp başladylar. Soňra tutuş halk batly ses bilen Ýehowany şöhratlandyrdy, sebäbi Ýehowanyň öýüniň düýbi tutulypdy. 12  Ruhanylardan, lewilerden we tirebaşylardan öňki ybadathanany gören garrylar ybadathananyň ýene⁠-⁠de düýbüniň tutulandygyny görüp+, ses edip agladylar. Beýlekiler bolsa şatlykdan ýaňa sesiniň ýetdiginden gygyryşdylar+. 13  Şonda agy seslerini şatlyk⁠-⁠şowhundan saýgarar ýaly bolmady, sebäbi märeke şeýle bir gygyryşýardy welin, olaryň sesi alyslara ýaň salýardy.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Hyd 2:40⁠-⁠da Hodawýa; Neh 7:43⁠-⁠de Hodewa.
Bürünçden ýasalan we kakylyp çalynýan tegelek saz guraly.
Sözlüge serediň.