Hydyr 4:1—24

  • Ybadathananyň gurluşygyna garşylyk (1—6)

  • Duşmanlaryň Ardaşir patyşa arz⁠-⁠şikaýaty (7—16)

  • Ardaşiriň jogaby (17—22)

  • Ybadathananyň gurluşygy saklanýar (23, 24)

4  Ýahuda we benýamin taýpasynyň duşmanlary+ ýesirlikden dolanyp gelenleriň+ Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň ybadathanasyny gurýandygyny eşidip,  Zerubabeliň we tirebaşylaryň ýanyna bardylar⁠-⁠da: «Geliň, ybadathanany bile guralyň, bizem siziň Hudaýyňyza sežde edýäris*+. Bizi şu ýurda getiren Assiriýa patyşasy Esarhadonyň döwründen bäri Hudaýyňyza gurban berýäris»+ diýdiler.  Emma Zerubabel, Ýoşuw we Ysraýylyň beýleki tirebaşylary: «Hudaýymyzyň ybadathanasyny siz bilen gurmarys+. Pars patyşasy Kiriň tabşyryşy ýaly, Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň öýüni özümiz gurarys»+ diýip jogap berdiler.  Ýurtda ýaşaýan halklar Ýahuda ilatynyň sustuny basyp, elini işden sowadyp başladylar+.  Olar Pars patyşasy Kiriň döwründen başlap, Pars patyşasy Dariýiň+ döwrüne çenli ýehudylaryň niýetini puja çykarmak üçin+ maslahatçy tutdular.  Haşaýar* höküm sürüp başlanda, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatyny ýamanlap, hat ýazdylar.  Pars patyşasy Ardaşiriň* döwründe bolsa Bişlam, Mitredat, Tabyýel bilen ýoldaşlary Ardaşir patyşa hat ýazdylar. Haty arameý diline terjime edip+, arameý harplary bilen ýazdylar*.  Rehum häkim bilen Şimşaý mürze⁠-⁠de Iýerusalimiň ilatyny ýamanlap, Ardaşir patyşa hat ýazdy*.  Şol hat Rehum häkimiň, Şimşaý mürzäniň, olaryň ýoldaşlary bolan serdarlaryň, arçynlaryň, kätipleriň, ereklileriň+, wawilonlylaryň, Suzanyň+ ilaty elamlaryň+, 10  beýik we hormatly Asenaparyň ýesir alyp, Samariýanyň şäherlerine sürgün eden halklarynyň+, Ýewfrat derýasynyň günbatarynda ýerleşýän welaýatyň ilatynyň adyndan ýazylypdy. 11  Patyşa iberilen hatyň mazmuny* şeýledi: «Ardaşir patyşa! Gullaryňyz, Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň ilaty size ýüzlenýär: 12  Ýurduňyzdan gaýdan ýehudylaryň Iýerusalime gelendigini patyşa habar berýäris. Şol gozgalaňçy we zalym halk şäherini gaýtadan dikeldýär. Şäheriň düýbüni tutup, diwarlaryny gutaryp barýarlar+. 13  Eger olar şäheri täzeden gurup, diwarlaryny dikeltse, size ne salgyt, ne gümrük, ne⁠-⁠de paç tölärler+. Netijede, patyşanyň hazynasyna zyýan ýeter. Goý, patyşamyz mundan habarly bolsun. 14  Köşgüň duz⁠-⁠çöregini iýip ýörkäk*, muny patyşa habar bermesek bolmaz. Şol sebäpli hat ýazyp, patyşa habar bermegi makul bildik. 15  Ata⁠-⁠babalaryňyzyň taryhy golýazmalaryny barlap görüň+. Şonda olaryň gozgalaňçy, patyşalara we welaýatlara uly zyýan ýetiren, gadym döwürlerden bäri gozgalaň turzup gelýän halkdygyna göz ýetirersiňiz. Şonuň üçin olaryň şäheri weýran edilipdi+. 16  Biz şuny patyşa habar bermek isleýäris: eger olar şäheri täzeden gurup, diwarlaryny dikeltse, Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky ähli ýerler eliňizden gider»+. 17  Patyşa Samariýadaky Rehum häkime, Şimşaý mürze bilen ýoldaşlaryna, Ýewfrat derýasynyň günbatarynda ýerleşýän welaýatyň ilatyna şeýle jogap ýollady: «Ähliňize salam! 18  Iberen hatyňyzy maňa düşnükli edip okap berdiler*. 19  Meniň buýrugym bilen, barlag geçirildi. Olar irki döwürlerden bäri patyşalara garşy çykypdyr, başbozar we gozgalaňçy şäher eken+. 20  Iýerusalimiň güýçli patyşalary Ýewfrat derýasynyň günbatarynda ýerleşýän tutuş welaýata hökümdarlyk edipdir, ilatdan salgyt, gümrük, paç alypdyr. 21  Olara aýdyň, häziriň özünde gurluşygy goýsun. Men perman çykarýançam, şäher gaýtadan dikeldilmesin. 22  Muňa sowuk⁠-⁠sala garamaň, patyşanyň hazynasyna indi bir zyýan ýetmesin»+. 23  Ardaşir patyşanyň iberen haty Rehumyň, Şimşaý mürzäniň we ýoldaşlarynyň öňünde okalan badyna, olar Iýerusalime gidip, zor bilen* gurluşygy togtatdylar. 24  Şeýdip, Hudaýyň Iýerusalimdäki ybadathanasynyň gurluşygy saklandy, Pars patyşasy Dariýiň hökümdarlygynyň ikinji ýylyna çenli hiç hili gurluşyk bolmady+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Hudaýyňyzy agtarýarys.
Käbir taryhy kitaplarda Ahaşweroş diýilýär.
Käbir taryhy kitaplarda Artakserks diýilýär.
Başga manysy: Hat ilki arameý dilinde ýazylyp, soňra terjime edildi.
Hyd 4:8—6:18 asyl nusgada arameý dilinde ýazylypdyr.
Ýa⁠-⁠da: nusgasy.
Ýa⁠-⁠da: Köşkden hak alyp ýörkäk.
Başga manysy: terjime edip berdiler.
Ýa⁠-⁠da: güýç ulanyp.