Hydyr 5:1—17

  • Ýehudylar gurluşygy dowam edýär (1—5)

  • Tatenaýyň Dariý patyşa ýollan haty (6—17)

5  Hagaý pygamber+ bilen Ydonyň+ agtygy Zekerýa pygamber+ Ýahudada we Iýerusalimde ýaşaýan ýehudylara Ysraýyl Hudaýynyň* adyndan pygamberlik etdiler.  Şonda Şehalteliň ogly Zerubabel+ bilen Ýehosadygyň ogly Ýoşuw+ Hudaýyň Iýerusalimdäki ybadathanasyny dikeldip başlady+. Pygamberler hemişe olaryň ýanynda bolup ruhlandyrýardylar+.  Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimi Tatenaý we Şetarbaznaý ýoldaşlary bilen gelip, ýehudylara: «Ybadathananyň gurluşygyny dowam etmäge size kim rugsat berdi?» diýdiler.  Soňra olar: «Gurluşyga başlanlaryň atlaryny aýdyň» diýdiler.  Hudaý ýehudylaryň ýaşulularyny goldaýardy*+. Tatenaý bilen ýoldaşlary Dariý patyşa habar ýolladylar, emma jogap gelýänçä, gurluşygy saklap bilmediler.  Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimi Tatenaý, Şetarbaznaý bilen ýoldaşlary, ýagny Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň arçynlary Dariý patyşa hat iberdiler.  Hatda şeýle sözler bardy: «Dariý patyşa: Bizden size salam bolsun!  Biz Ýahuda welaýatyndaky beýik Hudaýyň öýüne baranymyzy patyşa habar bermek isleýäris. Ybadathanany ullakan daşlardan gurup, diwarlaryny agaç bilen berkidip ýörler. Adamlar işe erjel ýapyşýar, gurluşyk tamamlanyp barýar.  Olaryň ýaşulularyna: „Ybadathananyň gurluşygyny dowam etmäge size kim rugsat berdi?“+ diýdik. 10  Size hat üsti bilen habar bermek üçin, gurluşyga ýolbaşçylyk edýänleriň adyny hem soradyk. 11  Olar şeýle jogap berdiler: „Biz ýeriň⁠-⁠gögüň Hudaýyna gulluk edýäris. Ençeme ýyl öň Ysraýylyň beýik patyşasynyň guran ybadathanasyny gaýtadan dikeldýäris+. 12  Ata⁠-⁠babalarymyz gökleriň Hudaýynyň gaharyny getirdiler+. Hudaý olary Wawilonyň haldeý patyşasy Nawuhodonosoryň eline berdi+. Wawilon patyşasy ybadathanany ýumurdy+, halky bolsa Wawilona ýesirlige äkitdi+. 13  Emma Wawilon patyşasy Kir hökümdarlygynyň birinji ýylynda Hudaýyň ybadathanasyny dikeltmek hakda perman çykardy+. 14  Şeýle⁠-⁠de Kir patyşa Hudaýyň Iýerusalimdäki ybadathanasynyň altyn⁠-⁠kümüş gap⁠-⁠gaçlaryny getirtdi. Nawuhodonosor olary Wawilondaky buthanada goýupdy+. Gap⁠-⁠gaçlary Şeşbasara*+ berdiler, Kir patyşa ony häkim edip belläpdi+. 15  Kir patyşa Şeşbasara: „Gap⁠-⁠gaçlary Iýerusalimdäki ybadathana äkit, goý, Hudaýyň öýüni öňki ýerinde dikeltsinler“+ diýdi. 16  Şeşbasar Iýerusalime gelip, Hudaýyň ybadathanasynyň düýbüni tutdy+, gurluşyk häzirem gidip dur, ýöne doly gutarmady“+. 17  Indi patyşa makul bilse, goý, Wawilondaky şa hazynasynda* barlag geçirilsin, Kir patyşanyň Hudaýyň Iýerusalimdäki ybadathanasyny dikeltmek hakda perman çykarandygy ýa çykarmandygy anyklansyn+. Soňra patyşamyzyň gelen karary bize habar berilsin».

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: olaryň üstündäki Ysraýyl Hudaýynyň.
Ýa⁠-⁠da: nazar salýardy.
Hyd 2:2; 3:8⁠-⁠däki Zerubabel göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa⁠-⁠da: arhiwinde.