Hydyr 9:1—15

  • Başga halklar bilen durmuş gurmak (1—4)

  • Hydyryň ýalbarma dogasy (5—15)

9  Soňra baştutanlar ýanyma gelip: «Ysraýyllar goňşy halklar bilen, ýagny kenganlar, hetler, perizler, ýabuslar, ammonlar, mowaplar, müsürliler+ we amorlar+ bilen gatnaşyp, nejis işlerine baş goşýarlar+. Olaryň arasynda ruhanylar bilen lewiler hem bar.  Ysraýyllaryň özleri⁠-⁠de, ogullary⁠-⁠da olaryň gyzlaryna öýlenýärler+. Mukaddes halk*+ bolsalar⁠-⁠da, olar bilen garyndaşlyk açýarlar+. Günäli işleriň başyny han⁠-⁠begler bilen häkimler başlaýar» diýdiler.  Muny eşidip, ýakamy ýyrtdym, saç⁠-⁠sakgalymy ýoldum, dilim tutulan ýaly bolup oturdym.  Şonda Ysraýyl Hudaýynyň sözlerinden gorkýan adamlar ýanyma ýygnandy, olar hem ýesirlikden gelenleriň biwepalygyna gynanýardylar. Men agşamky galla sadakasynyň berilýän wagtyna çenli özüme gelip bilmän oturdym+.  Agşamky galla sadakasynyň berilýän wagtyna çenli ýakamy ýyrtyp, hasrat çekip oturdym. Soňra ýerimden+ turdum⁠-⁠da, dyza çöküp, elimi göge galdyryp, Ýehowa Hudaýa  şeýle doga etdim: «Eý Hudaýym, utançdan ýaňa başymy galdyrmaga⁠-⁠da ýüzüm ýok. Eý Hudaýym, günämiz başymyzdan agdy, ýazygymyz göge ýetdi+.  Ata⁠-⁠babalarymyzyň döwründen bäri köp ýalňyşdyk+, eden etmişlerimiz üçin, sen bizi, patyşalarymyzy we ruhanylarymyzy başga patyşalaryň eline berdiň. Olar bizi gylyçdan geçirdiler+, ýesir aldylar+, taladylar+, masgaraladylar. Şol zatlar henizem başymyzdan aýrylanok+.  Emma Ýehowa Hudaýymyz bize rehim edip, käbirimizi diri galdyrdy, mukaddes ýerinde howpsuzlykda ýaşadyp+, gözümizi nurlandyrdy. Hudaý bizi gulçulykdan azat edip, janymyza aram* berdi, ýaňy bir ýükümiz ýeňläpdi.  Gul+ bolsak⁠-⁠da, Hudaý bizi taşlamady. Gaýtam Pars patyşalarynyň ýüregini ýumşadyp, ýagşylyk etdi*+. Ybadathanany gaýtadan dikeldip+, haraba bolup ýatan ýerlerini düzeder ýaly güýç⁠-⁠kuwwat berdi, Ýahudanyň we Iýerusalimiň daşyna gorag boldy*. 10  Ýöne, eý Hudaýymyz, indi näme diýeli? Biz tabşyryklaryňy ýerine ýetirmedik. 11  Pygamberleriň arkaly: „Barjak ýurduňyzda ýaşaýan halklar azgyn, ýigrenji işleri edýär, ýurt haramlykdan doly+. 12  Olar bilen garyndaşlyk açmaň+, olary hiç wagt parahat we bolelin ýaşatmaň+. Şonda siz has⁠-⁠da güýçlenip, ýurduň bol hasylyny iýersiňiz, ýurdy nesilleriňize ebedilik miras galdyrarsyňyz“ diýipdiň. 13  Köp erbet işleri, agyr günäleri edip, kyn güne düşsek⁠-⁠de, eý Hudaý, bize günälerimize laýyk jeza bermediň+, diri galdyrdyň+. 14  Biz bolsa ýene⁠-⁠de tabşyryklaryňy bozup, nejis işleri edýän halklar bilen garyndaşlyk açdyk+. Indi gahar⁠-⁠gazabyň bilen ählimizi ýok edäýmeseň. Şu zatlardan soň diri galyp bolarmy? 15  Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, adalatly+ bolanyň üçin bizi häzire çenli ýaşatdyň. Günälerimizden ýaňa öňüňde durmaga mynasyp bolmasak⁠-⁠da, ine, huzuryňda durus»+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: tohum.
Ýa⁠-⁠da: rahatlyk.
Ýa⁠-⁠da: daşdan diwar berdi.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgüsini bildirdi.