Hyzkyl 13:1—23

  • Ýalan pygamberler höküm edilýär (1—16)

    • Hek çalnan diwar ýykylar (10—12)

  • Pygamberlik sözlerini toslap tapýan aýallar höküm ediler (17—23)

13  Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi:  «Ynsan ogly, Ysraýyl pygamberlerine garşy pygamberlik et+. Pygamberlik sözlerini toslap tapýanlara+ şeýle diý: „Ýehowanyň sözüni diňläň.  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men görnüş* bermesem-de, öz pikirine görä welilik edýän akylsyz pygamberleriň waý halyna!+  Eý Ysraýyl, pygamberleriň harabalykda ýaşaýan tilkilere döndi.  Olar ysraýyl halky üçin diwarlaryň ýykylan ýerlerini gurmaga gitmezler+. Şol sebäpli Ýehowanyň söweş gününde+ Ysraýyl aman galmaz“.  „Olar ýalan görnüşleri görüp, ýalan zatlary pygamberlik edýärler. Ýehowa olary ibermese-de: „Ýehowa şeýle aýdýar“ diýip, sözleri ýerine ýeter öýdýärler+.  Aýdan pygamberlikleriňiz we gören görnüşleriňiz ýalan dälmi? Sebäbi men hiç zat aýtmasam-da, „Ýehowa şeýle aýdýar“ diýýärsiňiz“.  „Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Ýalan pygamberlikleriňiz we görnüşleriňiz üçin size garşy çykaryn. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar“+.  Ýalan görnüşleri görüp, ýalan pygamberlik edýänlere garşy elimi götererin+. Olar dostlarymyň* arasynda bolmaz, atlary ysraýyl halkynyň sanawyna ýazylmaz. Olar Ysraýyl ýurduna dolanyp gelmez. Şonda meniň Älemiň Hökümdary Ýehowadygymy bilersiňiz+. 10  Olar hiç hili parahatlyk bolmasa-da, „Parahatlyk!“ diýip, halkymy ýoldan çykarýarlar+. Olar yranyp duran diwar gurup, ýüzüne hek çalýarlar“*+. 11  Hek çalýanlara diwaryň ýykyljakdygyny aýt. Güýçli çabga bilen jöwenek* ýagar, apy-tupan diwary ýumrar+. 12  Diwar ýykylanda: „Hany siziň çalan hekiňiz?“+ diýerler. 13  Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men gahar atyna atlanyp, apy-tupan turzaryn. Gazaba münüp, güýçli çabga we jöwenek ýagdyraryn. 14  Hek çalan diwaryňyzy pytradyp, ýer bilen ýegsan ederin, düýp-teýkary bilen ýok ederin. Şäher weýran bolanda, sizem onuň içinde heläk bolarsyňyz. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“. 15  „Diwara we hek çalanlaryň üstüne soňky damjasyna çenli gaharymy pürküp, şeýle diýerin: „Indi diwaram bolmaz, hek çalýanlaram bolmaz+. 16  Iýerusalim barada pygamberlik edýän we parahatlyk bolmasa-da, onuň parahatlygy hakda görnüş görýän Ysraýyl pygamberleri gyrlar“+. Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 17  Ynsan ogly, pygamberlik sözlerini toslap tapýan halkyň gyzlaryna bakyp, olara garşy pygamberlik et. 18  Olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Halky tora düşürýän aýallaryň waý halyna! Siz ele dakylýan alajalary* örýärsiňiz we her kimiň boýuna görä bürenjek taýýarlaýarsyňyz. Siz halkym üçin duzak gurup, öz janyňyzy gutarjak bolýaňyzmy? 19  Bir gysym arpa, bir döwüm çörek üçin il içinde maňa ysnat getirýärsiňiz+. Ýaşamaly adamy öldürýärsiňiz, ölmeli adamy diri galdyrýarsyňyz. Hawa, ýalan gepleriňizi diňleýän halkymy şeýdip aldaýarsyňyz“+. 20  Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Eý aýallar, halky guş kimin tutmak üçin ören alajalaryňyzy ýigrenýärin, men olary elleriňizden üzüp taşlaryn. Guş ýaly duzaga düşürenleriňizi boşadaryn. 21  Siziň bürenjekleriňizi zyňyp taşlaryn, halkymy eliňizden halas ederin. Indi olar duzagyňyza düşmez. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz+. 22  Men dogruçyl adamyň kynçylyk çekmegini islemeýärin. Siz bolsa ýalan zatlar+ bilen onuň ýüregine ýara salýarsyňyz. Ýolundan dänmesin, uzak ýaşamasyn diýip+, erbetleri goldaýarsyňyz+. 23  Eý aýallar, siz indi ýalan görnüş görmersiňiz, pal atmarsyňyz+, men halkymy siziň eliňizden halas ederin. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“».

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa-da: ynamdar adamlarymyň.
Ýagny berk salynmadyk diwara hek çalyp, ony berk diwar ýaly görkezmek isleýärler.
Ýa-da:doly; buz.
Ýagny jadygöýlik bilen bagly tirsege we goşara dakylýan bag.