Hyzkyl 16:1—63
16 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi:
2 «Ynsan ogly, Iýerusalimiň ýigrenji işlerini paş et+.
3 Iýerusalime Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Seniň aslyň, dogduk depäň Kengan ýurdudyr. Kakaň amorlardan+, ejeň hetlerdendi+.
4 Dünýä inen, eneden doglan günüň göbegiň kesilmändi, hapalaryň ýuwulmandy, teniňe duz sürtülmändi, gundaga dolanmandyň.
5 Saňa ýüregi awan bolmady, aladaňy etjek adam tapylmady. Hiç kimiň rehimi inmedi. Dünýä inen günüň seni ýigrendiler, köçä taşladylar.
6 Deňiňden geçip barýarkam, ganyňa bulaşyp, aýajygyňy gymyldadyp ýatandygyňy gördüm. Ganyňa bulaşanyňy görüp: „Uzak ýaşa!“ diýdim. Hawa, ganyňa bulaşyp ýatyrkaň: „Ömrüň uzak bolsun!“ diýdim.
7 Seni sähranyň gülleri kimin ösdürdim. Sen ulalyp, kemala geldiň we owadan şaý-sepleri dakyndyň. Göwsüň ulaldy, saçyň uzyn boldy, ýöne henizem çuw ýalaňaçdyň“.
8 Bir gün geçip barýarkam, saňa gözüm düşdi. Eýýäm ýetişen gyz bolupsyň, söýüp-söýülmeli wagtyň gelipdir. Açyk ýerleriňi ýapmak üçin üstüňe donumy atdym+; ant içip, seniň bilen äht baglaşdym. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Sen meniňki bolduň.
9 Seni suwa düşürdim, ganyňy ýuwup arassaladym, bedeniňe ýag çaldym+.
10 Egniňe keşdeli eşik geýdirdim, aýagyňa saýlama deriden* çaryk geýdirdim, saňa nepis* köýnekleri, gymmatbaha lybaslary berdim.
11 Seni şaý-sepler bilen bezedim, eliňe bilezik, boýnuňa monjuk dakdym.
12 Burnuňa halka, gulagyňa gulakhalka dakdym. Başyňa owadan täç geýdirdim.
13 Sen altyn-kümüş dakynýardyň, gymmatbaha matalary, nepis*, keşdeli köýnekleri geýýärdiň. Ak undan, baldan, ýagdan bişirilen nygmatlary iýýärdiň, gözelleriň gözeline döndüň+, şa aýaly bolmaga mynasyp görüldiň».
14 «Gözel görküň, at-owazaň dünýä ýaň saldy+; owadanlygyň hiç kemi ýokdy, sebäbi meniň şöhratym saňa nur saçýardy+. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
15 «Emma sen owadanlygyňa buýsanyp+, şan-şöhratyňy göterinip bilmän, zyna edip başladyň+. Duşuňdan geçen her erkek bilen zyna edip+, gözelligiňi bagyş etdiň.
16 Sen her hili reňkli lybaslaryň bilen seždegähleri* bezäp, zyna etdiň+. Beýle zatlar bolmaly däldi, indem bolmasyn.
17 Saňa beren altyn-kümüş şaý-seplerimden erkekleriň heýkellerini ýasap, olar bilen zyna etdiň+.
18 Keşdeli köýnekleriňi alyp, olaryň üstüne atdyň. Olaryň öňünde ýagymy we ýakymly ysly tütetgimi goýduň+.
19 Men saňa ak undan, ýag bilen baldan bişirilen çöregi iýmäge berdim. Sen bolsa ony ýakymly ysly sadaka hökmünde olara bagyş etdiň+. Ine, seniň eden işiň. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
20 «Ahlaksyzlyk edýäniňi az görýän ýaly, maňa dogrup beren ogul-gyzlaryňy+ butlara gurbanlyk berdiň+.
21 Ogullarymy öldürdiň, olary otda ýakyp, butlara gurbanlyk berdiň+.
22 Ýigrenji işleri* we zyna edeniňde, bäbek wagtyň çuw ýalaňaç hem-de gana bulaşyp ýatandygyňy ýatlamadyň.
23 Şunça zalym işleri edendigiň üçin waý halyňa, waý halyňa!+ — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
24 — Her şäher meýdançasynda* butlar üçin gurbanlyk ojaklaryny* we seždegähleri gurduň.
25 Her köçäniň çatrygynda seždegähleri gurduň. Her bir geçegçä özüňi güjeňläp*, owadanlygyňy nejis zada öwürdiň+, azgyn höwesiňe bäs gelmän zyna etdiň+.
26 Mesirgän goňşularyň*, müsürliler bilen ýatdyň+. Yzyny üzmän zyna edip, meni ynjatdyň.
27 Şonuň üçin saňa el götererin, çörekden keserin+. Seni ýigrenýän piliştli gyzlaryň ygtyýaryna tabşyraryn+. Hatda olar hem haýasyz işleriňi görüp, ör-gökden geldiler+.
28 Sen şonda-da kanagatlanman, Assiriýa ogullary bilen zyna etdiň+, emma olar bilen ýatanyňdan soňam köşeşmediň.
29 Sen täjirleriň* ýurdundan tä haldeýleriň ýurduna çenli zyna etdiň+. Emma hiç doýmagy bilmediň.
30 Seniň ýüregiň şeýle bir azypdy* welin*, şunça ýigrenji işleri etdiň. Haýasyz, ahlaksyz aýaldan tapawudyň bolmady+. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
31 — Her köçäniň çatrygynda butlar üçin gurbanlyk ojaklaryny gurduň. Her şäher meýdançasynda seždegähleri dikdiň. Sen başga ahlaksyz aýallar ýaly däldiň, sebäbi hak almakdan ýüz öwürýärdiň.
32 Sen äriň bilen däl-de, kesekiler bilen ýatyp turýan zynahor aýalsyň+.
33 Adatça, ahlaksyz aýallara hak tölenýär+, sen bolsa oýnaşlaryňa özüň hak töleýärsiň+. Özüň bilen zyna etmekleri üçin dünýäniň çar tarapyndan gelýänlere hak töleýärsiň+.
34 Sen beýleki ahlaksyz aýallardan düýbünden tapawutlanýarsyň. Olaryň hiç biri seniň edişiň ýaly etmeýär! Başgalar saňa däl-de, sen olara pul töleýärsiň. Sen hemme zady tersine edýärsiň!
35 Eý ahlaksyz aýal+, Ýehowanyň sözüni diňle!
36 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Seniň azgyn höwesiň güýjäp, möwç urdy. Oýnaşlaryň bilen ýatanyňda, ýigrenji we nejis butlaryň* bilen zyna edeniňde+ uýat ýerleriň göründi. Sen olara ogullaryňy gurbanlyk bererdiň+.
37 Şonuň üçin keýp eden oýnaşlaryňy, seni söýýänleri we ýigrenýänleri bir ýere ýygnaryn. Olary üstüňe getirerin, gözleriniň alnynda eşigiňi sypyraryn, olar seniň uýat ýerleriňi görerler+.
38 Ahlaksyz we ganhor aýallara berilýän jeza saňa-da berler+. Gahar-gazabym we gabanjaňlygym bilen ganyňy sil deý akdyraryn+.
39 Seni oýnaşlaryň eline bererin, butlar üçin guran gurbanlyk ojaklaryňy we seždegähleriňi ýer bilen ýegsan ederler+. Egniňdäki eşigiňi sypyryp+, şaý-sepleriňi alarlar+ we çuw ýalaňaç edip taşlarlar.
40 Olar birgiden adam bilen üstüňe geler+, seni daşlarlar+, gylyçdan geçirerler+.
41 Öýüňi oda ýakarlar+ we ençeme aýallaryň gözüniň alnynda saňa çykaran hökümimi berjaý ederler. Zynahorlygyň soňuna çykaryn+, mundan beýläk hiç kime hak tölemersiň.
42 Şonda gazabym köşeşer+, gaharym senden sowlar+, kalbym ynjalar, öýkäm ýazylar“.
43 Ýaşlyk günleriňi ýatlaman+, şu işleri edip, gaharymy getireniň üçin, eliň bilen edeniňi egniň bilen çekdirerin. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Mundan beýläk haýasyz we ýigrenji işleri* etmersiň.
44 Indi adamlar sen hakda: „Ejesini gör-de, gyzyny al“+ diýen nakyly aýdarlar.
45 Sen ärini we çagalaryny adam sanynda görmeýän aýalyň gyzysyň. Seniň uýalaryň hem ärini we çagalaryny sylamady. Ejeň hetlerden, kakaň amorlardandy»+.
46 «Samariýa gyz doganyň+, ol gyzlary* bilen demirgazyk tarapyňda* ýaşaýar+. Sodom+ gyz jigiň, ol gyzlary+ bilen günorta tarapyňda* ýaşaýar.
47 Sen diňe bir olaryň saýlan ýolundan ýöräp, ýigrenji işlerini etmän, eýsem gysga wagtyň içinde olardan bäşbeter bolduň+.
48 Men diri şaýatdyryn! — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Seniň we gyzlaryň edenlerini gyz jigiň Sodom bilen onuň gyzlary hem etmändi.
49 Ine, gyz jigiň Sodomyň günäsi: onuň özi hem, gyzlary hem+ tekepbirdi+, bolelinlikde ýaşaýardy+, gaýgy-aladasy ýokdy+. Emma olar ejize-de, garyp-gasara-da kömek etmediler+.
50 Olar ulumsylyk+ bilen meniň gözümiň alnynda ýigrenji işleri* etdiler+. Şonuň üçin olary ýok etmegi makul bildim+.
51 Samariýa+ seniň günäleriň ýarysyny hem etmedi. Ýigrenji işleriň sany olaryňkydan hem artdy. Ýigrenji işleriňden ýaňa uýalaryň ýanyňda päk göründi+.
52 Aýal doganlaryňy aklanyň üçin masgara bolarsyň. Olardan bäşbeter ýigrenji işleri edip, günä gazananyň üçin, olar senden päk görünýär. Aýal doganlaryň senden päk görünýär, şonuň üçin utançdan ýüzüň gyzarar, ile gülki bolarsyň.
53 Sodomyň we gyzlarynyň ýesir düşenlerini, Samariýanyň we gyzlarynyň ýesir düşenlerini bir ýere jemlärin. Olar bilen birlikde seniň ýesirleriňi hem jemlärin+.
54 Sen masgara we ile gülki bolarsyň, sebäbi olar eden işleriňi görüp, teselli tapdylar.
55 Uýalaryň Sodom öz gyzlary bilen, Samariýa hem öz gyzlary bilen öňki ýagdaýyna dolanar. Senem gyzlaryň bilen öňki ýagdaýyňa dolanarsyň+.
56 Mes ýaşaýarkaň, gyz jigiň Sodomyň adyny-da diliňe almaýardyň.
57 Indi bolsa seniň erbetligiň mese-mälim boldy+. Siriýa gyzlary goňşulary bilen üstüňe geler; daş-töweregiňdäki piliştli+ gyzlar seni kemsider.
58 Haýasyz hereketleriň we ýigrenji işleriň nämä eltýändigini görersiň. — Muny Ýehowa aýdýar».
59 «Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Eden etmişiňe görä jeza bererin+, sebäbi sen ähtimizi bozduň, wadaňda durmadyň+.
60 Emma ýaşlyk döwrüňde seniň bilen baglaşan ähtimi ýatlaryn. Seniň bilen ebedilik äht baglaşaryn+.
61 Eden işleriňi ýadyňa salarsyň, gyz doganyňy we jigiňi garşylanyňda, utançdan başyňy galdyryp bilmersiň+. Olary saňa gyzlyk bererin, emma muny äht baglaşandygym üçin etmerin“.
62 Seniň bilen äht baglaşaryn, şonda meniň Ýehowadygymy bilersiň.
63 Eden işleriňi ýatlarsyň, ýigrenji işleri edenem bolsaň, günäleriňi bagyşlaryn+. Şonda utançdan we masgaraçylykdan ýaňa geplemäge diliň barmaz+. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
Çykgytlar
^ Ýa-da: düwleniň; suwpişiginiň; týuleniň derisinden.
^ Sözme-söz: zygyr.
^ Sözme-söz: zygyr.
^ Ýa-da: däp-dessurlary.
^ Ýa-da: satanyňy açyp.
^ Ýa-da: Äpet goňşularyň.
^ Ýa-da: Kengan.
^ Ýa-da: ejizdi.
^ Başga manysy: Sen şeýle bir gaharymy getirdiň.
^ Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
^ Ýa-da: däp-dessurlary.
^ Sözme-söz: çepiňde.
^ Sözme-söz: sagyňda.
^ Belki, daş-töweregindäki şäherçeler.
^ Ýa-da: däp-dessurlary.