Hyzkyl 24:1—27

  • Iýerusalim poslan gazan kimindir (1—14)

  • Alamat: Hyzkylyň aýaly aradan çykýar (15—27)

24  Dokuzynjy ýylda*, onunjy aýyň onuna Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi:  «Ynsan ogly, şu senäni, şu güni belläp goý. Wawilon patyşasy hut şol gün Iýerusalime hüjüm eder+.  Olara gozgalaňçy halk barada şeýle mysal gürrüň ber: „Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Gazanyň aşagyna ot ýakyp,Gazan ataryň, içine suw guýuň+.   Gazana+ eti, jylka eti, but bilen öň aýagy atyň.Gazany iri süňklerden dolduryň.   Sürüden iň semiz goýny saýlap alyň+.Gazanyň aşagyna odun salyň. Gazany gaýnadyň, iri süňkleri gowy bişiriň“.  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Ganhor şäher, waý seniň halyňa!+ Poslan gazan, posy arassalanmadyk gazan, waý seniň halyňa! Gazandaky etleri saýlaman* ýekän-ýekän çykaryň+.   Sebäbi şäheriň döken gany siňmän ýatyr+,Ol gany gaýanyň üstüne dökdi, Ýere dökmedi, toprak bilen gömmedi+.   Gazap bilen ar alýançam,Gaýanyň üstüne dökülen gana degmerin,Ganyň üstüni örtmerin“+.  Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Ganhor şäher, waý seniň halyňa!+ Sebäbi men köp odun üýşürip goýaryn. 10  Odunlary atyň, ody güýçlendiriň.Eti gaýnadyň, çorbasyny döküň,Gazandaky süňkler ýanyp köýsün. 11  Boşan mis gazany közüň üstünde goýuň,Çym gyzyl bolýança gyzdyryň. Goý, onuň hapasy aýrylyp+, posy arassalansyn! 12  Der döküp, agyr zähmet çekilse-de,Gazanyň galyň posy aýrylmaz+. Şonuň üçin posly gazany oda taşlaň“. 13  Sen azgynçylyk edip, özüňi haramladyň+. Men seni arassalamaga çalyşdym, emma sen tämizlenmediň. Meniň gaharym köşeşýänçä+, sen tämiz bolmarsyň. 14  Meniň, Ýehowanyň sözi şeýledir, aýdan sözüm hökman ýerine ýeter. Men niýetimden dänmerin, rehim etmerin, eden işime asla ökünmerin+. Olar sizi ýörän ýoluňyza we eden işleriňize görä höküm eder — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar». 15  Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 16  «Ynsan ogly, seniň jandan eziz görýäniň tarpa-taýyn aradan çykar+. Emma sen ýas tutma*, gözýaş döküp, dady-perýat etme. 17  Hasrat çekýäniňi ile bildirme. Ýas däp-dessurlaryny berjaý etme+. Başyňa selläňi ora+, aýagyňa çarygyňy geý+. Agzyňy* örtme+, halkyň getiren çöreginden iýme»+. 18  Men irden halk bilen gepleşdim. Agşam bolsa aýalym dünýäden ötdi. Ertesi gün ir bilen Hudaýyň aýdanlaryny ýerine ýetirdim. 19  Adamlar menden: «Hany aýt, munuň bize näme degişli ýeri bar?» diýip soradylar. 20  Men şeýle jogap berdim: «Ýehowa maňa şeýle diýdi: 21  „Ysraýyl halkyna Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Tizden men ybadathanamy — siziň buýsanýan, guwanýan we eziz görýän ýeriňizi haram ederin+. Siziň bilen sürgüne gitmedik ogul-gyzlaryňyz gylyçdan geçiriler+. 22  Şonda sizem Hyzkyl ýaly agzyňyzy örtmersiňiz, halkyň getiren çöreginden iýmersiňiz+. 23  Başyňyzdan selläňizi aýyrmarsyňyz, aýagyňyzdan çarygyňyzy çykarmarsyňyz. Gözýaş döküp, dady-perýat etmersiňiz. Eden günäleriňiz sebäpli halyňyz harap bolar+, bir-biriňiz bilen dertleşersiňiz. 24  Hyzkyl size alamat bolar+. Onuň edenlerini sizem edersiňiz. Aýdanlarym ýerine ýetende, meniň Älemiň Hökümdary Ýehowadygymy bilersiňiz“». 25  «Ynsan ogly, men olaryň buýsanýan, guwanýan, eziz görýän owadan galasyny we ogul-gyzlaryny elinden alan günüm+ 26  aman galanlaryň biri gelip, ony saňa habar berer+. 27  Şol gün seniň diliň açylyp, aman galan adam bilen gepleşersiň. Şondan soň dymyp gezmersiň+. Sen olar üçin alamat bolarsyň. Şonda halk meniň Ýehowadygymy biler».

Çykgytlar

Ýehoýakyn patyşanyň, Hyzkylyň we beýleki ýehudylaryň sürgündäki dokuzynjy ýyly göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: bije atman.
Ýa-da: gursagyňa urma.
Sözme-söz: Murtuňy.