Hyzkyl 28:1—26

  • Tir patyşasyna garşy pygamberlik (1—10)

    • «Men hudaý» (2, 9)

  • Tiriň patyşasy üçin agy (11—19)

    • «Sen Erem bagyndadyň» (13)

    • «Men seni saýlap, goragçy kerup edip belledim» (14)

    • «Erbetlige baş goşduň» (15)

  • Sidona garşy pygamberlik (20—24)

  • Ysraýyl bir ýere jemlener (25, 26)

28  Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi:  «Ynsan ogly, Tiriň baştutanyna Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Sen ýüregiňde gedemlik bilen+: „Men hudaý. Deňziň ortasynda hudaýyň tagtynda otyryn“+ diýýärsiň. Emma sen özüňi hudaý hasaplasaň-da,Hudaý dälsiň, ýönekeý bir adamsyň.   Sen Danyýardan hem akyllydyryn öýdýärsiň+. Bilmeýän syryň ýokdur öýdýärsiň.   Akyldarlygyň we düşünjäň bilen baýlyk topladyň.Hazynaňy altyn-kümüşden doldurdyň+.   Ussatlyk bilen söwda edip, genji-hazyna topladyň+.Baýlykdan ýaňa tekepbir ýüregiň has-da gatady“.  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Özüňi hudaý hasaplanyň üçin,   Ýat halklaryň iň zalymyny üstüňe çozduraryn+.Olar akyldarlyk bilen toplan owadan zatlaryňy gylyç bilen parça-parça ederler.Şan-şöhratyňy gara guma gararlar+.   Olar seni çukura* taşlarlar;Deňziň ortasynda seni rehimsizlik bilen öldürerler+.   Sen jellada: „Men hudaý“ diýersiňmi? Seni haram etjekleriň elinde hudaý däl-de,Ýöne bir adam bolarsyň“. 10  „Sen kesekileriň elinden sünnetsizler kimin ölersiň,Sebäbi muny men aýdýaryn“.Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar». 11  Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 12  «Ynsan ogly, Tir patyşasy üçin agy* aýdyp, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Sen kämilligiň nusgasydyň,Akyldarlygyňa+ we görküňe taý geljek ýokdy+. 13  Sen Erem bagyndadyň, Hudaýyň bagyndadyň. Sen dürli gymmatbaha daşlar:Lagyl, topaz, ýaşma,Zeberjet*, oniks, nefrit, ýakut,Pöwrize+ we zümerret bilen bezelendiň.Daşlaryň ählisi guýma altyna oturdylandy. Olaryň ählisi seniň ýaradylan günüň taýýarlanypdy. 14  Men seni saýlap, goragçy kerup edip belledim. Sen Allanyň mukaddes dagyndadyň+,Otly daşlaryň arasynda ýörärdiň. 15  Ýaradylan günüňden bäri, sen ýazyksyzdyň,Emma soňra erbetlige baş goşduň+. 16  Söwdanyň merkezi bolandygyň üçin+,Zalymlykdan dolup, günä işlere baş goşduň+. Şonuň üçin sen haram bolduň.Indi seni Hudaýyň dagyndan zyňaryn, ýok ederin+.Eý goragçy kerup, seni otly daşlaryň arasyndan kowaryn. 17  Owadanlygyň sebäpli ýüregiň tekepbirlikden doldy+, Şan-şöhratyňa buýsanyp, akylyňy ýitirdiň+. Seni ýere taşlaryn+. Şonda patyşalar saňa tomaşa ederler. 18  Sen agyr günäň we haram gazanjyň bilenMukaddes ýerleriňi haram etdiň. Seniň içiňde ot tutaşdyraryn; ol seni ýakyp ýandyrar+. Saňa seredýänleriň öňünde seni kül edip,Gara topraga gararyn. 19  Seni tanaýan halklaryň ählisi aňk bolup serederler+. Seniň soňuň duýdansyz geler we gorkunç bolar;Sen ebedilik ýok bolarsyň“»+. 20  Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 21  «Ynsan ogly, Sidona+ seredip, oňa garşy pygamberlik et. 22  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Eý Sidon, saňa garşy çykyp, seniň içiňde şöhratlanaryn.Saňa höküm çykaryp, mukaddes Hudaýdygymy yglan ederin, halklar meniň Ýehowadygymy bilerler. 23  Seniň üstüňe mergi indererin,Köçeleriňden gan sil deý akar. Dumly-duşdan gylyçly hüjüm ederler,Jesetler seniň içiňde çaşyp ýatar.Şonda meniň Ýehowadygymy bilerler+. 24  Mundan beýläk ysraýyllary kemsidýän goňşy halklar awuly tikenekler we ýandaklar kimin+ ýara salmazlar. Şonda halklar meniň Älemiň Hökümdary Ýehowadygymy bilerler“. 25  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Milletleriň arasyna dargap giden ysraýyl halkymy bir ýere jemlärin+ we olar arkaly mukaddes Hudaýdygymy hemmelere ykrar ederin+. Şonda olar öz ýurdunda, gulum Ýakuba beren+ ýurdumda ýaşarlar+. 26  Olar asuda we parahat ýaşap+, jaýlar salarlar, üzüm ekerler+. Olary ýaňsylan goňşy halklaryň üstünden höküm çykaranymda, olar asuda ýaşarlar+. Şonda olar meniň Hudaýlary Ýehowadygymy bilerler“».

Çykgytlar

Ýa-da: mazara.
Ýa-da: agy aýdymyny.
Ýa-da: Hrizolit. Sary ýa-da ýaşyl reňkli gymmatbaha daş.