Hyzkyl 29:1—21

  • Faraona garşy pygamberlik (1—16)

  • Müsür Wawilonyň töleg haky bolar (17—21)

29  Onunjy ýylda*, onunjy aýyň 12-sine Ýehowa maňa şeýle diýdi:  «Ynsan ogly, Müsür faraonyna bakyp, oňa we bütin Müsür ýurduna garşy pygamberlik et+.  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Eý Müsür faraony!+ Eý Nil läheňi!Derýanyň şahalarynda ýatan deňiz läheňi+,Men seniň bilen söweşerin. Sen: „Nil derýasy meniňkidir,Derýany özüm üçin gazdym“ diýýärsiň+.   Men seniň äňiňe çeňňek ildirerin,Niliň balyklaryny teňňeleriňe ýapyşdyraryn. Seni, teňňeleriňe ýapyşan Nil balyklarynyKenara çykararyn.   Seni we Nil derýasynyň ähli balyklaryny çöle zyňaryn. Sen düzlükde pytrap ýatarsyň,Saňa hiç kim eýe çykmaz, seni hiç kim jaýlamaz+. Seni wagşy haýwanlara, asman guşlaryna şam ederin+.   Şonda ähli müsürliler meniň Ýehowadygymy bilerler.Olar guran gamyş ýaly bolup,Ysraýyla hiç hili goldaw bermedi+.   Olar saňa söýenende, sen pytradyň,Olaryň egnini ýaraladyň. Saňa söýenende, sen döwüldiň,Olaryň bilini bükdüň“+.  Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men seniň başyňdan gylyç indererin+, adamlaryňy-da, haýwanlaryňy-da gyraryn.  Müsür haraba döner we çöle öwrüler+. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler. Sebäbi sen: „Nil derýasy meniňkidir, derýany özüm üçin gazdym“ diýipdiň+. 10  Men saňa we seniň Nil derýaňa garşy söweşerin. Migdoldan+ tä Siwene+ we Efiopiýanyň araçägine çenli Müsür ýurduny haraba öwrüp, çöle döndererin+. 11  Ol ýerden adamam, haýwanam geçmez+. Ol ýerde 40 ýyllap hiç kim ýaşamaz. 12  Dünýäde Müsür ýaly haraba bolup ýatan ýurt bolmaz, 40 ýyllap şäherleri tozap ýatar+. Men müsürlileri halklaryň arasyna dargadaryn, ençeme ýurtlara pytradaryn“+. 13  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men 40 ýyldan dargan müsürlileri ähli ýurtlardan alyp gaýdaryn+. 14  Men ýesir düşen müsürlileri dogduk mekanyna, ýagny Patrosa+ getirerin. Ýöne olaryň patyşalygynyň abraýy bolmaz. 15  Müsür beýleki patyşalyklardan ejiz bolar. Ol hiç haçan halklaryň üstünden höküm sürmez+. Men olaryň patyşalygyny şeýle bir gowşadaryn welin, olar halklary basyp alyp bilmez+. 16  Ysraýyl öýi indi Müsüre daýanmaz+. Olar her sapar Müsüre seredip, kömek soranyna ökünerler*. Şonda olar meniň Älemiň Hökümdary Ýehowadygymy bilerler“». 17  Ýehowa 27-nji ýylda*, birinji aýyň birine maňa şeýle diýdi: 18  «Ynsan ogly, Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň*+ goşuny Tiri basyp almak üçin+ köp azap çekdi. Şonda esgerleriň saçy döküldi, eginleriniň hamy soýuldy. Emma ol goşuny bilen agyr azap çekenem bolsa, hiç hili hak almady. 19  Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men Wawilon patyşasy Nawuhodonosora+ Müsüri bermegi makul bildim. Ol Müsüriň hazynasyny talar, köp olja alar. Müsür onuň goşuny üçin hak bolar“. 20  Ol meniň üçin janyny orta goýup, Tir bilen söweşdi. Şonuň üçin Müsür ýurduny töleg haky edip bererin+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 21  Şol gün Ysraýyl üçin bir serdar* peýda bolar+. Sen olaryň öňünde geplärsiň. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler».

Çykgytlar

Ýehoýakyn patyşanyň, Hyzkylyň we beýleki ýehudylaryň sürgündäki onunjy ýyly göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: kömek sorap ýalňyşandyklaryny ýatlarlar.
Ýehoýakyn patyşanyň, Hyzkylyň we beýleki ýehudylaryň sürgündäki 27-nji ýyly göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: Nebukadrezaryň. Başgaça aýdylyşy.
Sözme-söz: şah.