Hyzkyl 30:1—26

  • Müsüre garşy pygamberlik (1—19)

    • Nawuhodonosor hüjüm eder (10)

  • Faraonyň goly döwler (20—26)

30  Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi:  «Ynsan ogly, pygamberlik edip, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Halklar, aglap: „Waý halymyza, ol gün ýetip gelýär!“ diýiň.   Ol gün ýakyndyr, hawa, Ýehowanyň güni ýakyndyr+. Şol gün asmany gara bulut bürär+. Şol gün halklar höküm ediler+.   Müsüriň başyndan gylyç inende,Jesetler pytrap ýatanda, hazynasy talananda,Ýurt ýykan-ýumran edilende+, Efiopiýa howsala düşer.   Efiopiýa+, Put+, Lud we ýat halklardan adamlar gyrlar.Kup we äht ýurdunyň ogullary* gylyçdan geçiriler“.   Ýehowa şeýle diýýär: „Müsüri goldanlar hem ýok bolarlar,Tekepbir Müsüriň güýjünden nam-nyşan galmaz+. Migdoldan+ Siwene+ çenli her kes gylyçdan geçiriler. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.  — Dünýäde Müsür ýaly haraba bolup ýatan ýurt bolmaz, tozap ýatan şäherleri ýaly şäher bolmaz+.  Müsürde ot ýakanymda, goldanlary heläk edenimde, meniň Ýehowadygymy bilerler.  Şol gün hondanbärsi efiopiýalylary gorkuzmak üçin, gämilerde çapar ýollaryn. Olar Müsüre injek betbagtçylyk barada eşidip, huşuny ýitirerler. Ol gün hökman geler“. 10  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň* eli bilen Müsür goşunyny kül-peýekun ederin+. 11  Ol goşuny bilen halklaryň iň zalymydyr+. Olar gelip Müsür ýurduny weýran eder, gylyjyny gynyndan çykaryp, ýurdy jesetden doldurar+. 12  Men Nil derýasynyň+ şahalaryny guradaryn. Müsür ýurduny erbet adamlara sataryn. Men ýat halklaryň eli bilen tutuş ýurdy we ähli zadyny dargadaryn+. Muny men, Ýehowa aýdýaryn“. 13  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men nejis butlary* ýok ederin. Nopyň* dereksiz taňrylaryny derbi-dagyn ederin+. Indi Müsürden serdar çykmaz. Tutuş Müsür ýurdy gorka düşdi+. 14  Patrosy+ weýran edip, Suwany oda ýakaryn, Noga* höküm çykararyn+. 15  Müsüriň Sin galasyna gazabymy dökerin, Noguň ilatyny gyryp taşlaryn. 16  Müsüri otlaryn, Siniň zähresi ýarylar, Noga duşmanlar kürsäp girerler, Nopa* gündiziň güni çozarlar. 17  Ohan* we Pibeset ýigitleri gylyçdan geçiriler, şäheriň ilaty sürgün ediler. 18  Tahpanesde Müsüriň boýuntyrygyny döwenimde+ gündiziň güni tüm-garaňky bolar. Tekepbir Müsüriň güýjünden nam-nyşan galmaz+, ony gara bulutlar gaplar, şäheriň ilaty sürgün ediler+. 19  Men Müsüre çykaran hökümimi amala aşyraryn. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler“». 20  Ýehowa 11-nji ýylda*, birinji aýyň ýedisine meniň bilen ýene-de gepleşdi: 21  «Ynsan ogly, men Müsür faraonynyň elini döwdüm. Elini daňan bolmaz, gylyç tutar ýaly elini saran tapylmaz». 22  «Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men Müsür faraony bilen söweşerin+, onuň gollaryny, güýçli we şikesli goluny döwerin+. Elindäki gylyjy ýere gaçar+. 23  Soňra müsürlileri halklaryň arasyna pytradaryn, ýurtlaryň içine dargadaryn+. 24  Men Wawilon patyşasynyň goluna güýç bererin+ we oňa gylyjymy berip+, faraonyň goluny döwerin. Şonda ol patyşanyň öňünde agyr ýaralanan adam kimin zar-zar aglar. 25  Men Wawilon patyşasynyň goluna güýç bererin, faraonyň goluny bolsa ysmaz ederin. Wawilon patyşasynyň goluna gylyjymy bererin. Ol gylyjyny Müsür ýurduna garşy göterer. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler+. 26  Men müsürlileri halklaryň arasyna pytradaryn, ýurtlaryň içine dargadaryn+. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler“».

Çykgytlar

Müsür bilen äht baglaşan ysraýyllar göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözme-söz: Nebukadrezaryň. Başgaça aýdylyşy.
Ýa-da: Memfisiň.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Ýagny Fiwy.
Ýa-da: Memfise.
Ýagny Heliopolis.
Ýehoýakyn patyşanyň, Hyzkylyň we beýleki ýehudylaryň sürgündäki 11-nji ýyly göz öňünde tutulýar.