Hyzkyl 35:1—15

  • Segir daglaryna garşy pygamberlik (1—15)

35  Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi:  «Ynsan ogly, Segiriň+ daglaryna seret we pygamberlik et+.  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Segir daglary! Men size garşy çykyp, güýçli golum bilen weýran ederin+.  Siziň şäherleriňizi weýran ederin, haraba öwrerin+. Şonda siz meniň Ýehowadygymy bilersiňiz.  Sebäbi siz ysraýyllaryň ganym duşmany bolduňyz+. Halkymyň başyna heläkçilik inende, soňky jezasy berlende, olary gylyçdan geçirdiňiz“+.  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men diri şaýatdyryn! Men sizi ölüme höküm ederin, siz ondan gaçyp gutulyp bilmersiňiz+. Siz ýigrenýän halkyňyzy ölüme tabşyrdyňyz, indi sizem ölümden gaçyp gutulyp bilmersiňiz+.  Men Segiriň daglaryny weýran ederin+, indi ol ýere hiç kim aýak basmaga milt etmez.  Daglaryň depesinde jesetler serlip ýatar. Baýyrlaryň, jülgeleriň we çeşme-çaýlaryň boýy gylyçdan geçirilen jesetlerden dolar.  Siz hemişelik boşap galarsyňyz. Şäherleriňizde hiç kim ýaşamaz+. Şonda siz meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“. 10  Siz Ýehowanyň halkynyň arasyndadygyny bilseňiz-de: „Iki halk-da, iki ýurt-da biziňki. Olaryň ikisi-de mülkümiz bolar“+ diýdiňiz. 11  Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men diri şaýatdyryn! Siz halkymy ýigrenip, göriplik etdiňiz; oňa gahar-gazap bilen sütem etdiňiz+. Oňa edenleriňizi öz başyňyzdan indererin. Size höküm çykaryp, halkyma özümi tanadaryn. 12  Şonda siz Ysraýyl daglaryny kemsidip: „Olar weýran edildi, biz olary ýalmap ýuwudarys“ diýen sözleriňizi meniň, Ýehowanyň eşidendigimi bilersiňiz. 13  Siz tekepbirlik edip, meni ýaňsyladyňyz, köp kemsitdiňiz+. Men ählisini eşitdim“. 14  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men sizi weýran edenimde, älem-jahan begener. 15  Siz Ysraýyl öýüniň mirasy dargadylanda begendiňiz. Indi özüňizem şol güne düşersiňiz+. Segir daglary, edom halky, sizi weýran ederin+. Şonda halklar meniň Ýehowadygymy bilerler“».

Çykgytlar