Hyzkyl 4:1—17

  • Iýerusalimiň gabalyşy görkezilýär (1—17)

    • 390 gün we 40 gün halkyň günäsini göterersiň (4—7)

4  Ynsan ogly, bir kerpiç al-da, öňüňde goý. Onuň ýüzüne Iýerusalim şäheriniň suratyny çek.  Şäheri gabap ýat+, gabaw diwarlaryny dik+, hüjüm etmek üçin depe galdyr+, düşelge gur we daş-töwereginde diwarlary ýykýan enjamlary ýerleşdir+.  Onsoň demir bölegini al-da, ony şäher bilen öz araňda demir diwar kimin goý. Ýüzüň şähere tarap baksyn. Şäher gabawda bolar, sen ony gabarsyň. Ysraýyl öýi üçin alamat şeýledir+.  Soňra çep gapdalyňa gyşaryp ýat we Ysraýyl öýüniň günäsini üstüňe* al+. Çep gapdalyňa näçe gün gyşaryp ýatsaň, şonça-da olaryň günäsini egniň bilen çekersiň.  Olaryň günä eden ýyllaryna görä, men saňa 390 gün möhlet berýärin+. Sen Ysraýyl öýüniň günäsini götermelisiň.  Şol günler gutarýança ýatmalysyň. Ondan soň sag tarapyňa gyşararsyň we Ýahuda öýüniň günäsini 40 günläp egniň bilen çekersiň+. Her ýyl üçin bir güni, saňa her ýyl üçin bir güni berýärin.  Gabawda duran Iýerusalime seret+ we ýeňiňi çermäp, oňa garşy pygamberlik et.  Men seni ýüp bilen daňyp goýaryn. Gabaw günleri tamamlanýança, beýleki tarapyňa öwrülip bilmersiň.  Bugdaý, arpa, nohut, merjimek, dary we çowdary* alyp, olary bir gaba sal. Olardan çörek bişir. Çöregi 390 günläp gyşaryp ýatanyňda iýersiň+. 10  Her gün 20 şekel* çörek çekip, belli bir wagtda iýersiň. 11  Şeýle-de küýzäniň* altydan bir bölegine barabar suwy belli bir wagtda içersiň. 12  Çöregi edil arpa çöregi ýaly bişirip iýersiň. Çöregi halkyň gözüniň alnynda adamyň guran nejasadyny ýakyp bişirersiň». 13  Ýehowa şeýle diýdi: «Men ysraýyllary halklaryň arasyna dargadaryn, olar haram çörek iýer»+. 14  Men oňa şeýle diýdim: «Älemiň Hökümdary Ýehowa, menden beýle zady talap etme! Şu ýaşyma çenli haram ölen ýa-da parçalanan haýwanyň etini iýen däldirin+. Hiç bir haram eti agzyma-da alan däldirin»+. 15  Ol maňa: «Ýeri bolýar, nejasada derek sygryň tezegini ýakyp bilersiň. Çöregiňi şonda bişirersiň» diýdi. 16  Soňra ol maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly! Men Iýerusalim ilatyny çörekden keserin*+. Olar çöregini gaýgy-alada içinde ölçäp iýer+. Suwuny gorky içinde ölçäp içer+. 17  Olar çörege we suwa zar bolar. Aňk-taňk bolup bir-birine seredişerler, günäleri üçin heläk bolarlar.

Çykgytlar

Sözme-söz: oňa. Ýagny Hyzkylyň çep gapdaly.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: ilatynyň çörek taýaklaryny döwerin. Çörek asylyp goýulýan taýaklar göz öňünde tutulýan bolmaly.