Hyzkyl 40:1—49

  • Hyzkyl görnüşde Ysraýyla getirilýär (1, 2)

  • Hyzkyl görnüşde ybadathanany görýär (3, 4)

  • Howlular we derwezehanalar (5—47)

    • Daşky howlynyň gündogar derwezehanasy (6—16)

    • Daşky howly we derwezehanalar (17—26)

    • Içki howly we derwezehanalar (27—37)

    • Ybadathananyň naharhanalary (38—46)

    • Gurbanlyk ojagy (47)

  • Ybadathananyň eýwany (48, 49)

40  Iýerusalim şäheriniň ýykylanynyň 14-nji ýylynda+, sürgüniň 25-nji ýylynda+, birinji aýyň onuna Ýehowanyň ruhy üstüme inip, meni şähere alyp gitdi+.  Ruh meni görnüş* arkaly Ysraýyl ýurduna getirip, bir beýik dagyň+ üstünde duruzdy. Şonda men günorta tarapda şähere meňzeş bir binany gördüm.  Ruh meni ol ýere eltende, daş keşbi mis ýaly ýalpyldaýan+ birini gördüm. Onuň elinde zygyrdan* işilen ýüp we ölçeg taýagy* bardy+. Ol derwezehananyň* öňünde durdy.  Ol maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, syn et, dykgatly diňle, görkezjek zatlaryma ünsli bol. Sen şonuň üçin bärik getirildiň. Görkezjek zatlarymy ysraýyl halkyna gürrüň ber»+.  Ybadathananyň daş-töwereginde diwar bardy. Ol adamyň elindäki ölçeg taýagynyň uzynlygy alty tirsekdi (her tirsek adaty tirsekden dört barmak uzyndy)*. Ol diwary ölçäp başlady, galyňlygy bir taýak, beýikligi bir taýak çykdy.  Soňra ol gündogar tarapa bakyp duran derwezehana+ gelip, basgançaklardan ýokary çykdy. Ol derwezäniň bosagasynyň inini ölçedi, onuň ini bir taýak çykdy. Beýleki bosaganyň hem ini bir taýakdy.  Garawulhanalaryň+ her biriniň uzynlygy bir taýak, ini bir taýakdy. Olaryň arasy bäş tirsekdi. Derwezehananyň ybadathana bakýan eýwany bardy. Eýwanyň ýanyndaky bosaganyň ini bir taýakdy.  Ol adam derwezehananyň ybadathana bakyp duran eýwanyny ölçände, ol bir taýak çykdy.  Soňra ol derwezehananyň eýwanyny ölçedi, ol sekiz tirsek çykdy. Onuň gapdal sütünlerini ölçedi, olar iki tirsek çykdy. Derwezehananyň eýwany ybadathana bakyp durdy. 10  Gündogar derwezehananyň her tarapynda üç garawulhana bardy. Olaryň ählisiniň ölçegi deňdi, gapdal sütünleriniň hem ölçegi deňdi. 11  Ol derwezehananyň girelgesiniň inini ölçedi, ol 10 tirsek çykdy. Derwezäniň uzynlygyny ölçedi, ol 13 tirsek çykdy. 12  Garawulhanalaryň haýady bir tirsek öňe çykyp durdy. Derwezehananyň her tarapyndaky garawulhanalarynyň ölçegi alty tirsekdi. 13  Ol derwezehananyň bir garawulhanasynyň diwaryndan beýlekisiniň diwaryna çenli ölçedi, onuň ini 25 tirsek çykdy. Garawulhanalaryň gapysy biri-birine bakyp durdy+. 14  Soňra ol gapdal sütünleri ölçedi, olaryň beýikligi 60 tirsek çykdy. Şeýle-de ol howlynyň daş-töweregindäki derwezehanalarynyň sütünlerini hem ölçedi. 15  Derwezehananyň girelgesinden ybadathana bakyp duran eýwanynyň aňrybaşyna çenli bolan uzynlyk 50 tirsekdi. 16  Derwezehanalaryň iki tarapyndaky garawulhanalarda-da, gapdal sütünlerinde-de inçelip gidýän penjireler+ bardy. Eýwanyň her tarapynda penjireler bardy. Gapdal sütünlerinde palma agajynyň şekilleri+ bardy. 17  Soňra ol meni daşky howla getirdi. Ol ýerde naharhanalary+ gördüm. Howlynyň iç tarapyna ýanýoda çekilendi. Ýodanyň üstünde 30 sany naharhana bardy. 18  Derwezehanalaryň gapdalyndan uzalyp gidýän ýanýodanyň ini, olaryň uzynlygyna deňdi. Ol aşaky ýanýodady. 19  Soňra ol aşaky derwezehanadan içki howlynyň derwezehanasyna çenli aralygy ölçedi. Demirgazyk derwezehanalaryň-da, gündogar derwezehanalaryň-da aralygy 100 tirsek çykdy. 20  Daşky howlynyň demirgazyga bakýan derwezehanasy bardy. Ol derwezehananyň uzynlygyny we inini ölçedi. 21  Onuň her tarapynda üç sany garawulhana bardy. Onuň sütünleriniň we eýwanynyň ölçegi birinji derwezehananyň ölçegine deňdi. Onuň uzynlygy 50 tirsek, ini 25 tirsekdi. 22  Demirgazyk derwezehananyň penjireleri, eýwany, palma agajynyň şekilleri+ gündogar derwezehananyňky bilen birmeňzeşdi. Oňa ýedi basgançak bilen çykylýardy we olar eýwana alyp barýardy. 23  Içki howlynyň derwezehanasynyň biri daşky howlynyň demirgazyk derwezehanasyna, beýlekisi bolsa daşky howlynyň gündogar derwezehanasyna bakýardy. Ol biri-birine garşy duran iki derwezehananyň arasyny ölçände, 100 tirsek çykdy. 24  Soňra ol meni günorta tarapa alyp gitdi. Men günortada hem bir derwezehana+ gördüm. Ol onuň hem gapdal sütünlerini we eýwanyny ölçedi. Olaryň ölçegi-de beýlekileriňki bilen deňdi. 25  Derwezehananyň we eýwanynyň iki tarapynda hem penjireler bardy. Penjireler beýlekileriňkä meňzeşdi. Derwezehananyň uzynlygy 50 tirsek, ini 25 tirsekdi. 26  Onuň ýedi basgançagy bardy, olar eýwana alyp barýardy+. Onuň her tarapyndaky gapdal sütünlerinde palma agajynyň şekilleri bardy. 27  Içki howlynyň günorta bakyp duran derwezehanasy bardy. Ol günorta tarapdaky iki derwezehananyň arasyny ölçände, 100 tirsek çykdy. 28  Ol meni günorta derwezehanadan içki howla eltdi. Ol günorta derwezehanany ölçände, ol beýleki derwezehanalar bilen deň çykdy. 29  Onuň garawulhanalarynyň, gapdal sütünleriniň we eýwanynyň ölçegi beýlekileriňki bilen deňdi. Derwezehananyň we eýwanynyň her tarapynda penjireler bardy. Derwezehananyň uzynlygy 50 tirsek, ini 25 tirsekdi+. 30  Içki howlynyň derwezehanalarynyň hemmesinde eýwan bardy. Onuň uzynlygy 25 tirsek, ini 5 tirsekdi. 31  Ýöne olaryň eýwany daşky howla bakýardy we onuň gapdal sütünlerinde palma agajynyň şekilleri+ bardy. Eýwana çykylýan sekiz sany basgançak bardy+. 32  Ol meni gündogardan içki howla getirdi. Ol derwezehanany ölçedi, onuň ölçegi beýlekileriňki bilen deňdi. 33  Onuň garawulhanalarynyň, gapdal sütünleriniň we eýwanynyň ölçegi beýlekileriňki bilen deňdi. Derwezehananyň we eýwanynyň her tarapynda penjireler bardy. Derwezehananyň uzynlygy 50 tirsek, ini 25 tirsekdi. 34  Ýöne onuň eýwany daşky howla bakýardy we onuň gapdal sütünlerinde palma agajynyň şekilleri bardy. Eýwana çykylýan sekiz sany basgançak bardy. 35  Ol meni demirgazyk derwezehana+ getirdi we ony ölçedi. Onuň ölçegi beýlekileriňki bilen deňdi. 36  Onuň garawulhanalarynyň, gapdal sütünleriniň we eýwanynyň ölçegi beýlekileriňki bilen deňdi. Derwezehananyň her tarapynda penjireler bardy. Derwezehananyň uzynlygy 50 tirsek, ini 25 tirsekdi. 37  Derwezehananyň sütünleri daşky howla bakýardy we onuň her tarapyndaky gapdal sütünlerinde palma agajynyň şekilleri bardy. Derwezehananyň sekiz sany basgançagy bardy. 38  Derwezehananyň gapdalynda naharhana ýerleşýärdi. Naharhananyň gapysy içki howlynyň sütünlerine bakýardy. Ol ýerde ýakma gurbanlyklary ýuwulýardy+. 39  Demirgazyk derwezehananyň eýwanynyň her tarapynda iki sany stol bardy. Olaryň üstünde ýakma gurbanlyklary+, günä gurbanlyklary+ we ýazyk gurbanlyklary+ soýulýardy. 40  Demirgazyk derwezehananyň basgançagynyň her gapdalynda iki stol bardy. Eýwanynyň her tarapynda hem iki stol bardy. 41  Derwezehananyň daşynda dört sany stol, eýwanynyň içinde hem dört sany stol bardy. Onda jemi sekiz sany stol bardy we olarda gurbanlyk mallary soýulýardy. 42  Ýakma gurbanlygy üçin ulanylýan dört sany stol ýonulan daşdan ýasalandy. Olaryň uzynlygy we ini bir ýarym tirsekdi, beýikligi bir tirsekdi. Olaryň üstünde ýakma gurbanlygyny soýmak üçin gurallar goýulýardy. 43  Içki diwarlara galyňlygy dört barmak bolan tekjeler berkidilendi. Gurbanlyk malynyň eti stollaryň üstünde goýulýardy. 44  Içki derwezehananyň ýanynda aýdymçylaryň+ naharhanalary bardy. Naharhanalar demirgazyk derwezehananyň ýanynda, içki howluda ýerleşip, gapysy günorta bakyp durdy. Gündogar derwezehananyň ýanynda gapysy demirgazyga bakyp duran ýene bir naharhana bardy. 45  Ol maňa şeýle diýdi: «Günorta bakyp duran naharhana ybadathanada gulluk edýän ruhanylaryňkydyr+. 46  Demirgazyga bakyp duran naharhana gurbanlyk ojagynda* hyzmat edýän ruhanylaryňkydyr+. Olar Ýehowanyň huzurynda hyzmat etmek üçin bellenen lewiler+, Sadyk ogullarydyr»+. 47  Ol inedördül görnüşindäki içki howlyny ölçedi, onuň ini 100 tirsek, uzynlygy 100 tirsek çykdy. Gurbanlyk ojagy ybadathananyň öňünde ýerleşýärdi. 48  Soňra ol meni ybadathananyň eýwanyna+ getirdi. Ol eýwanyň girelgesiniň söýelerini ölçedi. Iki söýäniňem galyňlygy bäş tirsek, ini üç tirsekdi. Söýäniň biri çep, beýlekisi sag tarapdady. 49  Eýwanyň uzynlygy 20 tirsek, ini 11* tirsekdi, oňa basgançakdan çykylýardy. Diwaryň söýeleriniň ýanynda sütünler bardy. Hersiniň ýanynda bir sütün bardy+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: beýik binanyň.
Gez göz öňünde tutulýar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: 12.