Hyzkyl 42:1—20

  • Naharhana toplumy (1—14)

  • Ybadathananyň dört tarapy ölçenilýär (15—20)

42  Soňra ol meni demirgazyk tarapdaky daşky howla eltdi+. Ol meni meýdançanyň gapdalynda we binanyň demirgazygynda ýerleşýän+ naharhana toplumyna+ getirdi.  Onuň demirgazyga bakýan girelgesinden başlap ölçände, uzynlygy 100 tirsek*, ini 50 tirsek* çykdy.  Naharhana toplumy içki howlynyň 20 tirseklik+ meýdançasy bilen daşky howlynyň ýanýodasynyň arasynda ýerleşýärdi. Ol ýerde üç gatly iki sany bina bardy we olaryň dälizleri* bir-birine bakýardy.  Iki binanyň arasyndan ýol geçýärdi+. Onuň ini 10 tirsek, uzynlygy 100 tirsekdi. Olaryň girelgeleri demirgazyga bakýardy.  Naharhanalaryň aşaky we ortaky gatyndaky otaglaryna garanyňda, ýokarky gatyndaky otaglary dardy, sebäbi binanyň köp ýerini dälizler tutýardy.  Binalar üç gatlydy, emma olaryň howlynyňky ýaly sütünleri ýokdy. Şol sebäpli ýokarky gatyň otaglary aşaky we ortaky gatdan kiçidi.  Daşky howly tarapda ýerleşýän naharhanalaryň gapdalynda daşdan salnan diwar bardy. Diwaryň uzynlygy 50 tirsek bolup, beýleki naharhanalara bakýardy.  Daşky howly tarapdaky naharhanalaryň uzynlygy 50 tirsekdi. Ybadathana tarapdaky naharhanalaryň uzynlygy bolsa 100 tirsekdi.  Daşky howludan naharhana toplumyna girer ýaly gündogardan girelge bardy. 10  Günortada hem naharhana toplumy bardy. Ol binanyň we meýdançanyň gapdalynda ýerleşýärdi. Onuň gündogarynda, daşky howly bilen araçäginde daşdan salnan diwar bardy+. 11  Demirgazyk tarapdaky naharhanalarda bolşy ýaly, olaryň hem arasyndan ýol geçýärdi+. Olaryň uzynlygy we ini, girelgeleri hem gurluşy birmeňzeşdi. Demirgazykdaky naharhanalaryň girelgeleri 12  günortadaky naharhanalaryň girelgelerine meňzeşdi. Gündogar tarapdaky daşdan salnan diwaryň gapysyndan giren badyňa+ ýol başlanýardy. 13  Soňra ol maňa şeýle diýdi: «Meýdançanyň ýanynda ýerleşýän demirgazykdaky we günortadaky naharhanalar mukaddesdir+. Ol ýerde Ýehowanyň huzuryna gelýän ruhanylar iň mukaddes gurbanlyklary iýýärler+. Olar iň mukaddes gurbanlyklary, galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny şol ýerde goýýarlar. Sebäbi ol ýer mukaddes ýerdir+. 14  Ruhanylar hyzmat edenlerinde geýýän geýimlerini çalyşman mukaddes otaglardan daşky howla çykmaly däldirler, sebäbi olaryň geýimleri+ mukaddesdir. Olar halkyň ýanyna çykmazdan öň, başga geýim geýmelidir». 15  Ol ybadathanany ölçäp bolansoň, meni gündogar derwezehanadan*+ daşary çykardy we bütin daş-töweregi ölçedi. 16  Ol gündogar tarapy ölçeg taýagy* bilen ölçedi. Onuň uzynlygy 500 ölçeg taýagyna deňdi. 17  Ol demirgazyk tarapy ölçeg taýagy bilen ölçedi. Onuň uzynlygy 500 ölçeg taýagyna deňdi. 18  Ol günorta tarapy ölçeg taýagy bilen ölçedi. Onuň uzynlygy 500 ölçeg taýagyna deňdi. 19  Ol günbatar tarapy ölçemäge gitdi. Onuň uzynlygy 500 ölçeg taýagyna deňdi. 20  Ol dört tarapy hem ölçedi. Onuň daş-töweregine diwar aýlanandy+. Diwaryň uzynlygy-da, ini-de 500 ölçeg taýagyna deňdi+. Diwar mukaddes ýeri adaty ýerden bölýärdi+.

Çykgytlar

Gez göz öňünde tutulýar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: geçelgeleri.
Ýa-da: beýik binadan.