Hyzkyl 47:1—23
47 Ol meni yzyma getirip, ybadathananyň girelgesine+ eltdi. Ybadathananyň bosagasyndan bir çeşme akýardy. Gapysy gündogara bakýardy, şonuň üçin çeşme-de gündogar tarapa akýardy+. Çeşme ybadathananyň gapysynyň sag tarapyndan akyp, gurbanlyk ojagynyň* günortasyndan geçýärdi.
2 Ol meni demirgazyk derwezehanadan*+ çykaryp, daşky howlynyň gündogar derwezehanasyna+ eltdi. Çeşme derwezehananyň sag tarapyndan jürläp akýardy.
3 Ol eline ölçeg ýüpüni+ alyp, gündogara tarap ýöredi-de, 1 000 tirsek* ölçedi. Ol maňa çeşmä girmegi buýurdy, suw topuga ýetýärdi.
4 Ol ýene-de 1 000 tirsek ölçäp, maňa çeşmä girmegi buýurdy. Suw dyza ýetýärdi.
Ol ýene-de 1 000 tirsek ölçäp, maňa çeşmä girmegi buýurdy. Suw bile ýetýärdi.
5 Ol ýene-de 1 000 tirsek ölçedi. Suwuň akymy şeýle bir güýçlüdi welin, men ýöräp bilmedim. Suwuň içi şeýle çuňdy welin, ýüzüp geçmeseň, ýöräp geçer ýaly däldi.
6 Ol menden: «Ynsan ogly, muny görýärsiňmi?» diýip sorady.
Ol meni suwdan ýöredip, yzyma, kenara çykardy.
7 Suwdan çykanymda, onuň iki tarapynyň hem gür baglykdygyny gördüm+.
8 Ol maňa şeýle diýdi: «Çeşme gündogar tarapa akar. Ol Arabanyň+ üsti bilen deňze guýanda+, deňziň suwy süýji bolar*.
9 Suwuň akyp baran ýerinde janly-jandarlar peýda bolar, onuň akyp baran ýeri balyklardan doly bolar. Deňiz süýji suwa öwrüler, çeşmäniň guýan ýerleri janly-jandarlardan dolar.
10 Balykçylar En-gediden+ En-eglaýyma çenli deňiz kenarynda durarlar. Ol ýerde tor guradylýan ýer bolar. Beýik deňizde*+ bolşy ýaly, ol ýerde hem her dürli balyklar bolar.
11 Deňziň kenarynda batgaly, palçykly ýerler hem bolar; şol ýerleriň suwy süýjemez. Olar şorlugyna galar+.
12 Çeşmäniň iki tarapynda hem miweli agaçlar pajarlap öser. Olaryň ýapraklary solmaz, miweleri tükenmez. Ybadathanadan akýan çeşme+ olary suwarar, her aý miwe berer. Olaryň miwelerini iýerler, ýapraklary melhem bolar»+.
13 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: «Şu ýurdy ysraýylyň 12 taýpasyna miras hökmünde bölüp beriň. Ýusuba bolsa iki esse paý beriň+.
14 Siz ýurdy miras alarsyňyz, her biriňize ýer paýy berler*. Ata-babalaryňyza wada beren ýurdum+, indi size miras galar.
15 Ýurduň demirgazyk serhedi Beýik deňizden Hetlon ýoly+ bilen Zedata+,
16 soňra Hamat+ bilen Berotaýa+, Damask bilen Hamatyň arasyndaky Sibraýyma we Hawranyň+ araçäginde ýerleşýän Haser-hatykona çenli uzalyp gider.
17 Şeýlelikde, serhet deňizden Hasar-enona+ çenli uzalyp gider, ol Damasgyň demirgazyk araçägini we Hamatyň+ araçägini öz içine alar. Ýurduň demirgazyk serhedi şeýledir.
18 Gündogar serhedi Hawran bilen Damasgyň arasyndan, Gilead+ bilen Ysraýylyň arasyndan Iordan derýasynyň kenary bilen uzalyp gider. Demirgazyk serhetden gündogar deňzine* çenli ölçän aralygyňyz ýurduň gündogar serhedidir.
19 Günorta serhedi Tamardan Meribat-kadeş derýasyna+, Jülgäniň* üstünden Beýik deňze+ çenli uzalyp gider. Ýurduň günorta serhedi şeýledir.
20 Ýurduň günbataryny Beýik deňiz tutýandyr. Günbatar serhet günorta serhetden tä Lebo-hamata+ çenli uzalyp gidýändir. Ýurduň günbatar serhedi şeýledir».
21 «Siz ýurdy öz araňyzda, ysraýylyň 12 taýpasynyň arasynda paýlaşyň.
22 Siz ýurdy miras hökmünde özara paýlaşyň, araňyzda ýaşaýan wagty çagasy doglan gelmişeklere hem ýer paýyny beriň. Goý, olar siziň üçin ýerli halk ýaly bolsun. Olar siziň bilen deň hatarda ysraýyl taýpalarynyň arasyndan ýer paýyny alarlar.
23 Gelmişekler ýaşaýan taýpasynyň arasyndan miras hökmünde ýer paýyny almalydyrlar». Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
Çykgytlar
^ Ýa-da: beýik binadan.
^ Gez göz öňünde tutulýar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Sözme-söz: şypa tapar.
^ Ýagny Ortaýer deňzi.
^ Sözme-söz: Siz doganyňyz ýaly ony miras alarsyňyz.
^ Ýagny Öli deňzi.
^ Ýagny Müsür jülgesi.