Hyzkyl 48:1—35
48 «Taýpalaryň ady boýunça demirgazykdan başlap berlen ýer paýlary şulardyr: Danyň paýy+ Hetlon ýoly bilen Lebo-hamata*+, Hasar-enana çenli uzalyp gider, ol Damasgyň demirgazyk araçägini we Hamaty+ öz içine alar. Onuň ýer paýy gündogardan günbatara uzalyp gider.
2 Aşer+ Dan bilen serhetdeş bolup, araçägi gündogardan günbatara uzalyp gider.
3 Naftaly+ Aşer bilen serhetdeş bolup, araçägi gündogardan günbatara uzalyp gider.
4 Manaşa+ Naftaly bilen serhetdeş bolup, araçägi gündogardan günbatara uzalyp gider.
5 Efraýym Manaşa bilen serhetdeş bolup+, araçägi gündogardan günbatara uzalyp gider.
6 Ruben Efraýym bilen serhetdeş bolup+, araçägi gündogardan günbatara uzalyp gider.
7 Ýahuda Ruben bilen serhetdeş bolup+, araçägi gündogardan günbatara uzalyp gider.
8 Ýahudanyň araçäginde gündogardan günbatara uzalyp gidýän mukaddes mülk bolar. Onuň ini 25 000 tirsek*+ bolup, uzynlygy taýpalaryň ýer paýynyň uzynlygyna deň bolar we gündogardan günbatara uzalyp gider. Onuň ortasynda ybadathana ýerleşer.
9 Ýehowa bagyş edilen mukaddes mülküň uzynlygy 25 000 tirsek, ini 10 000 tirsek bolar.
10 Ol ruhanylaryň mukaddes mülki bolar+. Demirgazygy 25 000 tirsek, günbatary 10 000 tirsek, gündogary 10 000 tirsek we günortasy 25 000 tirsek bolar, ortasynda Ýehowanyň ybadathanasy ýerleşer.
11 Şol mülk Sadygyň neslinden mukaddes ruhanylara+ berler. Ysraýyl halky we lewiler menden ýüz öwrende+, ruhanylar olara goşulman, huzurymda borçlaryny ýerine ýetirdiler.
12 Olara mukaddes mülkden ýer paý berler. Ol lewileriň ýer paýynyň ýanynda bolar.
13 Ruhanylaryň ýer paýynyň ýanynda uzynlygy 25 000 tirsek, ini 10 000 tirsek lewileriň paýy bolar. (Ýeriň tutuş uzynlygy 25 000 tirsek, ini 10 000 tirsek).
14 Olar mes toprakly paýyny satmaly, çalyşmaly ýa-da başga birine bermeli däldir. Sebäbi ol Ýehowa üçin mukaddesdir.
15 Galan mukaddes bolmadyk ýeriň ini 5 000 tirsek, uzynlygy 25 000 tirsekdir. Ol şäher+, jaýlar we öri meýdany üçindir. Şäher onuň ortasynda ýerleşer+.
16 Şäheriň ölçegi şeýledir: demirgazygy 4 500 tirsek, günortasy 4 500 tirsek, gündogary 4 500 tirsek we günbatary 4 500 tirsek.
17 Şäheriň öri meýdanynyň ölçegi şeýledir: demirgazygy 250 tirsek, günortasy 250 tirsek, gündogary 250 tirsek we günbatary 250 tirsek.
18 Galan ýeriň uzynlygy mukaddes mülküň uzynlygyna deň bolar+. Gündogary 10 000 tirsek, günbatary 10 000 tirsek bolar. Ol mukaddes mülküň ýanynda ýerleşer, topragyň hasyly şäherde işleýänlere iýmit bolar.
19 Ysraýylyň ähli taýpalaryndan şähere işlemäge gelenler ol ýerde ekin ekerler+.
20 Mukaddes mülk inedördül görnüşinde bolup, her tarapy 25 000 tirsekdir. Ony şähere berlen ýer bilen bilelikde Hudaýa bagyş ediň.
21 Mukaddes mülk bilen şähere berlen paýyň iki tarapyndaky ýerler baştutana berler+. Olar mukaddes mülküň 25 000 tirseklik gündogar we günbatar tarapyna uzalyp gider. Onuň uzynlygy goňşy taýpalara berlen paýyň uzynlygyna deň bolar. Ol baştutanyň ýeri bolar, ortasynda mukaddes mülk bilen ybadathana ýerleşer.
22 Lewileriň paýy bilen şähere berlen paý baştutana degişli ýeriň ortasynda bolar. Baştutanyň ýeri Ýahuda+ bilen Benýaminiň ýer paýlarynyň arasynda ýerleşer.
23 Beýleki taýpalaryň ýer paýlary şeýledir: Benýamine berlen paý gündogardan günbatara uzalyp gider+.
24 Şimgon Benýamin bilen serhetdeş bolup+, araçägi gündogardan günbatara uzalyp gider.
25 Ysahar+ Şimgon bilen serhetdeş bolup, araçägi gündogardan günbatara uzalyp gider.
26 Zebulun Ysahar bilen serhetdeş bolup+, araçägi gündogardan günbatara uzalyp gider+.
27 Gad Zebulun bilen serhetdeş bolup+, araçägi gündogardan günbatara uzalyp gider.
28 Ýurduň günorta serhedi Gadyň araçäginde ýerleşip, Tamardan+ Meribat-kadeş suwuna+, soňra Jülgeden*+ Beýik deňze* çenli uzalyp gider.
29 Ýurdy miras hökmünde ysraýyl taýpalarynyň arasynda paýlamalysyňyz+, olaryň mülk paýy şeýledir+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
30 Şäheriň demirgazyk tarapy 4 500 tirsekdir+. Onuň derwezeleri bolar.
31 Şäher derwezelerine ysraýyl taýpalarynyň atlary dakylar. Demirgazyk tarapda üç derweze bolar: Ruben derwezesi, Ýahuda derwezesi we Lewi derwezesi.
32 Gündogar tarapy 4 500 tirsekdir, üç derwezesi bolar: Ýusup derwezesi, Benýamin derwezesi we Dan derwezesi.
33 Günorta tarapy 4 500 tirsekdir, üç derwezesi bolar: Şimgon derwezesi, Ysahar derwezesi we Zebulun derwezesi.
34 Günbatar tarapy 4 500 tirsekdir, üç derwezesi bolar: Gad derwezesi, Aşer derwezesi we Naftaly derwezesi.
35 Şäheriň töwereginiň ölçegi 18 000 tirsekdir. Şol günden başlap, şäheriň adyna „Ýehowanyň mekany“ diýler»+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: Hamatyň girelgesine.
^ Gez göz öňünde tutulýar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ýagny Ortaýer deňzi.
^ Ýagny Müsür jülgesi.