Hyzkyl 5:1—17

  • Iýerusalimiň ýykylyşy görkezilýär (1—17)

    • Pygamber saçyny syrýar, üçe bölýär (1—4)

    • Iýerusalim beýleki halklardan bäşbeter boldy (7—9)

    • Gozgalaňçylaryň başyna üç bela iner (12)

5  Ynsan ogly, ýiti hanjary al-da, dellekçiniň päkisi edip ulan. Saçyňy we sakgalyňy syr. Soňra olary terezide ölçäp, üç bölege böl.  Gabaw günleri tamamlananda, onuň bir bölegini şäheriň içinde ýakarsyň+. Soňra beýleki bölegini şäheriň daş-töwereginde pyçak bilen bölek-bölek edersiň+. Üçünji bölegini bolsa ýele sowrarsyň. Men bolsa gylyjymy gynyndan çykaryp, olaryň yzlaryndan kowaryn+.  Üçünji bölekden biraz saç alyp, köýnegiň etegine salyp goý.  Ondan ýene birazajygyny al-da, otda ýakyp kül et. Ot bütin Ysraýyl öýüni ýakyp ýandyrar+.  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Bu Iýerusalimi aňladýandyr. Ony halklaryň arasynda, ýurtlaryň ortasynda goýdum.  Emma ol hökümlerime we kada-kanunlaryma garşy çykdy. Goňşy halklardan bäşbeter boldy+. Ol hökümlerimi berjaý etmedi we kada-kanunlarym boýunça ýaşamady“.  Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Sen goňşy halklardan hem bäşbeter bolduň. Kada-kanunlarym boýunça ýaşaman, hökümlerimi berjaý etmän, goňşy halklaryň hökümlerini berjaý edeniň üçin+,  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Eý şäher, men seniň duşmanyň+. Halklaryň öňünde jeza bererin+.  Ýigrenji däp-dessurlaryň* üçin seni şeýle bir hala salaryn, beýle zady öň eden däldirin, gelejekde-de etmerin+. 10  Atalar ogullarynyň+, ogullar hem atalarynyň etini iýer. Size jeza bererin, diri galanlaryňyzy dumly-duşa* dargadaryn“+. 11  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men diri şaýatdyryn! Nejis butlaryňyz we ýigrenji däp-dessurlaryňyz* bilen mukaddes mekanymy haram edendigiňiz üçin+, sizden ýüz öwrerin. Size nebsim agyrmaz, rehimim inmez+. 12  Bir bölegiňiz mergiden we açlykdan öler. Beýleki bölegiňiz şäheriň daş-töwereginde gylyçdan geçiriler+. Üçünji bölegiňiz dumly-duşa* dargadylar. Sizi kowmak üçin gylyjymy gynyndan çykararyn+. 13  Şonda men köşeşerin, gaharym ýatyşar, kalbym aram tapar+. Olara gaharymy pürkenimden soň, meniň Ýehowadygymy, ýürekden wepaly bolmagy talap edýändigimi*+ bilerler. 14  Seni harabaçylyga öwrerin. Goňşy halklaryň, ötegçileriň öňünde masgara ederin+. 15  Men gahar-gazaba münerin, saňa agyr jeza bererin, çykaran hökümimi berjaý ederin. Şonda goňşy halklar seni ýigrener we kemsider+. Olar bolan ýagdaýdan sapak edinerler, örän gorkarlar. Muny men, Ýehowa aýdýaryn. 16  Men sizi ýok etmek üçin açlyk oklaryny ýagdyraryn. Atan oklarym sizi gyryp taşlar+. Men sizi çörekden kesip*, açlygy has-da güýçlendirerin+. 17  Üstüňize açlygy we ýyrtyjy haýwanlary ibererin+, olar sizi çagalaryňyzdan mahrum eder. Halk mergiden gyrlar, gan sil deý akar. Başyňyzdan gylyç indererin+. Muny men, Ýehowa aýdýaryn“».

Çykgytlar

Ýa-da: işleriň.
Sözme-söz: her bir ýele.
Ýa-da: işleriňiz.
Sözme-söz: her bir ýele.
Ýa-da: gabanjaňdygymy; diňe özüme wepaly bolmagy talap edýändigimi.
Sözme-söz: siziň çörek taýaklaryňyzy döwüp. Çörek asylyp goýulýan taýaklar göz öňünde tutulýan bolmaly.