Hyzkyl 7:1—27

  • Ýurduň soňy geldi (1—27)

    • Görlüp⁠-⁠eşidilmedik betbagtçylyk (5)

    • Kümüşleri köçä taşlarlar (19)

    • Ybadathana haram ediler (22)

7  Ýehowa maňa ýene-de şeýle diýdi:  «Ynsan ogly, Älemiň Hökümdary Ýehowa Ysraýyl ýurduna şeýle diýýär: „Besdir indi! Tutuş ýurduň soňy geldi.  Siziň soňuňyz geldi. Men gaharymy soňky damjasyna çenli üstüňize pürkerin. Saýlan ýollaryňyza görä höküm çykararyn we nejis işleriňiz üçin hasabat soraryn.  Size nebsim agyrmaz, rehimim inmez+. Eliňiz bilen edeniňizi egniňiz bilen çekdirerin, ýigrenji işleriňiz sebäpli ejir çekersiňiz+. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“+.  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Ine, betbagtçylyk, görlüp-eşidilmedik betbagtçylyk ýetip gelýär!+  Soňuňyz gelýär, ýetip gelýär. Ol duýdansyz başyňyzdan iner*. Ine, ol gelýär!  Eý ýurduň ilaty, siziň nobatyňyz* geldi. Wagt boldy, ol gün ýakynlaşdy+. Hemmeler howsala düşdi, daglarda şowhunly sesler ýatdy.  Örän tizden başyňyza gahar odumy dökerin+, gaharymy soňky damjasyna çenli üstüňize pürkerin+. Saýlan ýollaryňyza görä höküm çykararyn we nejis işleriňiz üçin hasabat soraryn.  Size nebsim agyrmaz, rehimim inmez+. Eliňiz bilen edeniňizi egniňiz bilen çekdirerin, ýigrenji işleriňiz sebäpli ejir çekersiňiz. Şonda size jeza berýäniň Ýehowadygyny bilersiňiz+. 10  Ine, ol gün gelýär! Tiz ýetip gelýär!+ Nobat* size ýetdi. Temmi taýagy taýýar dur. Tekepbir duşman döşüne kakýar. 11  Zalym işleriniň artandygy üçin başlaryndan taýak iner+. Olaryň hiç biri aman galmaz. Baýlyklaryndan, halkyndan we şan-şöhratyndan nam-nyşan galmaz. 12  Şol wagt geler, ol gün hökman geler. Goý, satyn alýan begenmesin, satýan hem perýat etmesin. Sebäbi tutuş halk gazaba sezewar bolar*+. 13  Satyjy diri galsa-da, satan mellegini yzyna alyp bilmez, sebäbi görnüş* tutuş halka garşy aýdylandyr. Hiç kim yzyna dolanmaz, eden günäsi sebäpli hiç kim janyny halas edip bilmez. 14  Surnaý çalyndy+, hemmeler taýýar dur. Ýöne hiç kim söweşe çykmaýar, sebäbi tutuş halka garşy gaharym tutaşýar+. 15  Daşyndan gylyç+, içinden mergi we açlyk urar. Şäheriň daşyndakylaryň başyny gylyç alar, içinde oturanlary açlyk we mergi gyrar+. 16  Başyny gutaranlar daglara gaçarlar, jülgelerdäki gögerçinler kimin her biri günäsi üçin ahy-nala çeker+. 17  Elleriniň ysgyny gaçar, gorkudan ýaňa balagyna goýberer+. 18  Olar jul* geýerler+, gorkudan ýaňa sandyr-sandyr ederler. Her kes masgara bolar, her kes saçyny syrar*+. 19  Olar kümüşlerini köçelere taşlarlar, altynlaryny ýigrenerler. Ýehowanyň gazap gününde olary altyn-kümüşleri halas etmez+. Doýup iýmezler, ýarym aç bolarlar. Sebäbi altyn-kümüşleri halky büdredýän daş* bolup, günä iterdi. 20  Olar owadan şaý-seplerine buýsanardylar, olardan ýigrenji şekilleri, nejis butlary ýasardylar+. Men olary şeýle bir hala salaryn welin, olar altyn-kümüşlerini ýigrener. 21  Altyn-kümüşlerini keseki halklar talar, erbetler olja edip äkider. Olar altyn-kümüşleri haram ederler. 22  Men olardan ýüz öwrerin+. Duşmanlar gizlin mekanymy* haram ederler. Talaňçylar girip, ony harama çykararlar+. 23  Gandal ýasa+, sebäbi ýurtda adalatsyz höküm çykarylyp, bigünä gan dökülýär+. Şäher zalymlykdan doly+. 24  Olaryň öýlerini elinden alar+ ýaly iň erbet halky üstüne getirerin+. Batyrlaryň buýsanjyny ýok ederin, mukaddes ýerleri haram ediler+. 25  Olar jebir-jepa içinde rahatlyk agtararlar, emma tapmazlar+. 26  Şonda heläkçilik üstüne heläkçilik, habar yzyna habar geler. Halk pygamberden görnüş sorar+, ýöne ruhanylar kanuny öwretmez, ýaşulular maslahat bermez+. 27  Patyşa ýas tutar+, baştutan alaçsyz galar. Ähli halkyň eli gorkudan ýaňa sandyrar. Saýlan ýollaryna görä almytyny bererin. Höküm edişlerine görä höküm çykararyn. Şonda meniň Ýehowadygymy bilerler“»+.

Çykgytlar

Sözme-söz: oýanar.
Başga manysy: gülden edilen täjiňiz.
Başga manysy: Gülden edilen täç.
Ýagny emlägi satyn alanam, satanam peýda görmez. Sebäbi heläkçilik ähli halkyň başyndan iner.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýagny ýas tutanlarynda saçyny syrarlar.
Sözlüge serediň.
Ýagny Ýehowanyň ybadathanasynyň içki otagy göz öňünde tutulýan bolmaly.