Hyzkyl 9:1—11

  • Alty ýaragly adam, syýa gaply adam (1—11)

    • Jeza mukaddes mekandan başlar (6)

9  Onuň batly ses bilen: «Şähere jeza berjek adamlary ýygnaň! Goý, olar eline ýarag alsyn!» diýendigini eşitdim.  Men demirgazyga bakýan ýokarky derwezeden+ alty adamyň gelýändigini gördüm. Her biriniň elinde ýaragy bardy. Olaryň ýanynda zygyr* köýnekli, biline kätibiň syýa gaby gysdyrylan ýene bir adam bardy. Olar gelip, misden ýasalan gurbanlyk ojagynyň*+ ýanynda durdular.  Soňra Ysraýyl Hudaýynyň nury*+ keruplaryň depesinden göterilip, ybadathananyň bosagasyna gelip durdy+. Hudaý zygyr köýnekli, biline kätibiň syýa gaby gysdyrylan adamy çagyrdy.  Ýehowa oňa: «Iýerusalim şäheriniň içinden geç, şäherde edilýän ýigrenji işleri+ görüp, ahy-nala çekýän adamlaryň+ maňlaýyna bellik goý» diýdi.  Soňra men onuň beýlekilere şeýle diýenini eşitdim: «Onuň yzy bilen gidip, şäheriň içinden geçiň we ilatyny gyryň. Ýüregiňiz awamasyn, rehimiňiz inmesin+.  Garry, ýigit, gyz, çaga we aýal diýmän, hemmesini gyryň+. Ýöne maňlaýynda belligi bolanlaryň golaýyna barmaň+. Muny mukaddes mekanymdan başlaň»+. Olar ybadathanada duran ýaşululary gyryp başladylar+.  Hudaý olara: «Ybadathanany haram ediň, howlularyny jesetden dolduryň+. Baryň!» diýdi. Olar şäheriň ilatyny gyrmaga gitdiler.  Olar adamlary gyryp ýörkäler (diňe men diri galdym), ýere ýüzin ýykyldym-da, perýat edip: «Älemiň Hökümdary Ýehowa! Iýerusalime gaharlanyp, Ysraýylyň aman galanlarynyň ählisini gyryp taşlajak bolýarmyň?» diýdim+.  Ol maňa şeýle jogap berdi: «Ysraýyl we Ýahuda öýüniň günäsi juda, juda agyr+. Ýurtda gan suw deý akýar+, hilegärlik gülläp ösýär+. Olar: „Ýehowa ýurdy taşlap gitdi. Ýehowa bizi görmeýär“ diýýärler+. 10  Meniň nebsim agyrmaz, rehimim inmez+. Elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekdirerin». 11  Soňra men zygyr köýnekli, biline kätibiň syýa gaby gysdyrylan adamyň dolanyp gelendigini gördüm. Ol: «Emriňizi doly ýerine ýetirdim» diýip habar berdi.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: şöhraty.