Koloslylara hat 1:1—29
1 Men Pawlus, Hudaýyň islegi bilen Isa Mesihiň resuly boldum. Men doganymyz Timoteos+ bilen
2 Kolosdaky mukaddeslere, Mesihiň şägirtleri bolan wepaly doganlara hat ýazýaryn:
Atamyz Hudaý size ýagşylyk* etsin we parahatlyk bersin!
3 Siziň üçin doga edenimizde, Halypamyz Isa Mesihiň Atasyna we Hudaýa hemişe minnetdar bolýarys.
4 Sebäbi siziň Isa Mesihe iman edýändigiňiz we mukaddesleri söýýändigiňiz hakda eşitdik.
5 Hawa, siz gökde taýýarlanan zady+ almaga umyt edýärsiňiz. Siz hoş habar arkaly hakykaty bilip, şol umyt hakda eşidipdiňiz.
6 Siziň eşiden hoş habaryňyz bütin dünýä ýaýrap miwe berýär+. Hoş habar size-de baryp ýeten gününden bäri miwe berýär. Siz hem Hudaýyň ýagşylyk edýändigine doly göz ýetirdiňiz.
7 Siz hoş habary eziz doganymyz Epafrasdan+ eşidipdiňiz. Ol biziň üçin Mesihe wepaly gulluk edýär.
8 Ol siziň mukaddes ruh arkaly* söýmegi öwrenýändigiňizi aýtdy.
9 Biz olar hakda eşiden günümizden bäri siziň üçin hemişe doga edýäris+. Hudaýyň niýeti hakda dogry bilim alyp+, bütin akyldarlyga we ruhy zatlara çuňňur düşünmegiňizi dileýäris+.
10 Şeýle-de Ýehowanyň* adyna mynasyp ýaşamagyňyzy we ýagşy işleri edip, miwe bermegiňizi, Hudaý hakda has-da köp dogry bilim almagyňyzy dileýäris+.
11 Şonda siz onuň gudratly güýji arkaly berkärsiňiz+ we sabyrly bolup, ähli zada şatlyk bilen döz gelersiňiz.
12 Siz hem ýagtylykda gezýän mukaddesler bilen bile mirasy almaga+ mümkinçilik beren Atamyza minnetdar boluň.
13 Hudaý bizi garaňkylygyň golastyndan halas edip+, söýgüli Oglunyň patyşalygyna kabul etdi.
14 Oglunyň töleg gurbany arkaly günälerimiz bagyşlanyp, gulçulykdan azat bolduk+.
15 Ol görünmez Hudaýyň keşbi+ we ýaradylan zatlaryň ilkinjisidir+.
16 Sebäbi gökdäki we ýerdäki ähli zatlar, görünýän hem görünmeýän zatlar+, tagtlar, baştutanlyklar, hökümetler we häkimiýetler ol arkaly ýaradyldy. Hawa, ähli zat ol arkaly+ we onuň üçin ýaradyldy.
17 Ol ähli zatdan öň ýaradyldy+, galan zatlar bolsa ol arkaly ýaradylandyr.
18 Ol bedeniň, ýagny ýygnagyň başydyr+. Ähli zadyň başy bolar ýaly, ol ähli zadyň başlangyjy boldy we ilkinji bolup ölümden direldi+.
19 Sebäbi Hudaý onuň ähli zada eýe bolmagyny isledi+.
20 Hudaý Ogly arkaly gökdäki we ýerdäki zatlar bilen ýaraşdy+. Ol Oglunyň jebir pürsünde* döken gany arkaly parahatlygy dikeltdi+.
21 Dogrudan-da, siz öň Hudaýdan daşlaşyp, duşmany bolduňyz, sebäbi erbet zatlar hakda pikir edýärdiňiz.
22 Indi Hudaý ynsan bedeninde ölen Ogly arkaly siz bilen ýaraşdy, sebäbi ol siziň mukaddes, päk we ýazyksyz bolmagyňyzy isledi+.
23 Indi siz hem imanyňyzy berkidiň+, imanda kök uruň*+, oňa mäkäm ýapyşyň+. Eşiden hoş habaryňyz arkaly alan umydyňyzdan daşlaşmaň. Hoş habar gök astyndaky ähli adamlara wagyz edildi+. Men Pawlus hoş habar üçin hyzmat edýärin+.
24 Men siziň üçin görgi görýändigime begenýärin+. Men Mesihiň bedeniniň agzasy hökmünde ýene-de görgi görmelidigime düşünýärin+. Çekýän kynçylyklarym Mesihiň bedenine, ýagny ýygnaga+ peýdalydyr.
25 Men Hudaýdan alan jogapkärçiligime+ görä ýygnaga hyzmat edýärin, Hudaýyň sözüni siziň peýdaňyz üçin doly wagyz edýärin.
26 Mukaddes syr+ gadymy döwürden* bäri adamlara açylman galdy+. Emma häzir ol Hudaýyň mukaddes gullukçylaryna mälim boldy+.
27 Galyberse-de, Hudaý mukaddes syrynyň şöhratly baýlygyny başga halklara-da açmak isledi+. Mesihiň şägirdi bolup, onuň bilen şöhratlanmaga umyt etmek mukaddes syrdyr+.
28 Biz Mesih hakda wagyz edip, öwüt-ündew berýäris we bütin akyldarlyk bilen her kese öwredip, hemmeleriň onuň şägirdi bolmagyny isleýäris+.
29 Şonuň üçin hem maňa berlen güýç arkaly der döküp zähmet çekýärin+.