Luka 16:1—31

  • Iş dolandyryjy hakdaky mysal (1—13)

    • Az zatda ynamdar köp zatda⁠-⁠da ynamdardyr (10)

  • Töwrat we Hudaýyň Patyşalygy (14—18)

  • Baý adam we Lazar (19—31)

16  Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Bir baý adamyň iş dolandyryjysy bardy. Adamlar baýyň mal⁠-⁠mülküni hyzmatkäriniň ýele sowurýandygyny hojaýyna habar berdiler.  Şonda hojaýyn iş dolandyryjysyny çagyryp: „Sen hakda erbet gürrüňleri eşidýärin. Işi dolandyryşyň hakda hasabat ber. Indi seni borjuňdan aýraryn“ diýdi.  Hyzmatkär içinden: „Näme etsemkäm? Hojaýyn borjumy elimden alýar. Ýer gazyp bilemok, dilegçilik etmäge⁠-⁠de utanýan.  Hä, indi bildim! Işsiz galanymda adamlar meni güler ýüz bilen kabul eder ýaly şeýle edeýin“ diýdi.  Ol hojaýynyň algydarlaryny ýanyna çagyryp, olaryň birine: „Hojaýynyma näçe bergiň bar?“ diýdi.  Ol: „Ýüz çelek* zeýtun ýagy“ diýdi. Iş dolandyryjy: „Derrew dilhatyňy al⁠-⁠da, 50 diýip ýaz“ diýdi.  Soňra beýlekisinden: „Seniň näçe bergiň bar?“ diýip sorady. Ol: „Ýüz ganar* bugdaý“ diýip jogap berdi. Ol: „Dilhatyňy alyp, 80 diýip ýaz“ diýdi.  Hyzmatkär dogruçyl däldi, ýöne hojaýyn ony paýhasly bolandygy üçin öwdi. Şu dünýäniň* ogullary döwürdeşleri bilen işleşende, nur ogullaryndan+ paýhaslydyr.  Size diýýärin, şu dünýäniň baýlygyny ulanyp, dost tutunyň+, sebäbi hiç zatsyz galanyňyzda, dostlaryňyz ebedi mekana kabul ederler+. 10  Az zatda ynamdar* adam köp zatda⁠-⁠da ynamdardyr*. Az zatda ynamdar* bolmadyk köp zatda⁠-⁠da ynamdar* däldir. 11  Eger siz dünýäniň baýlygyny ulanmakda ynamdar bolmasaňyz, onda size hakyky baýlyk nädip ynanylsyn? 12  Eger biri size emlägini ynansa, siz hem ynamyny ödemeseňiz, onda kim size sylagyňyzy berer?+ 13  Bir adam iki hojaýynyň hyzmatkäri bolup bilmez, sebäbi birini ýigrenip, beýlekisini gowy görer, birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezçilik eder. Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz»+. 14  Puly söýýän fariseýler Isanyň aýdanlaryny eşidip, üstünden gülüp başladylar+. 15  Isa olara şeýle diýdi: «Siz adamlaryň öňünde dogruçyl bolan bolýarsyňyz+, emma Hudaý ýürekleriňizi görýär+. Adamlaryň öwüp arşa çykarýan zady Hudaý üçin ýigrenjidir+. 16  Töwratda we Pygamberler kitabynda ýazylanlar Ýahýanyň günlerine çenli pygamberlik edildi. Şondan soň Hudaýyň Patyşalygy hoş habar hökmünde wagyz edilýär, adamlar hem oňa girmek üçin jan edýärler+. 17  Asman we ýer geçip gidip biler, ýöne Töwratdaky ýekeje söz⁠-⁠de* ýerine ýetmän galmaz+. 18  Aýaly bilen aýrylyşyp, başga birine öýlenýän adam zyna edýändir. Aýrylyşan aýala öýlenen hem zyna edýändir+. 19  Bir baý adam bardy. Ol gymmatbaha egin⁠-⁠eşik geýýärdi we her gününi keýpi⁠-⁠sapada geçirýärdi. 20  Endam⁠-⁠jany ýaraly bir dilegçi bardy, ady Lazardy. Ony her gün baýyň derwezesiniň öňüne getirip giderdiler. 21  Ol baýyň saçagyndan galan⁠-⁠gaçan zatlar bilen garnyny doýrasy gelýärdi. Itler bolsa onuň ýaralaryny ýalardy. 22  Bir gün Lazar aradan çykýar, perişdeler hem ony Ybraýym pygamberiň ýanyna eltýärler. Baý adam hem aradan çykyp jaýlanýar. 23  Ol mazarda* ejir çekip otyrka, başyny galdyryp, uzakdan Ybraýym bilen Lazaryň durandygyny görýär. 24  Şonda ol: „Ybraýym, atam, maňa rehim et. Lazary iberäý, ol barmagyny suwa batyryp, dilime suw damdyrsyn. Ýogsam oduň ýalny ýakyp⁠-⁠ýandyryp barýar“ diýdi. 25  Ybraýym: „Oglum, ýadyňdamy, sen dirikäň gowy ýaşadyň. Lazar bolsa ejir çekip ýaşady. Indi ol rahat ýaşaýar, sen bolsa ejir çekýärsiň. 26  Şeýle⁠-⁠de aramyzda uly çukur bar. Şonuň üçin bizden hiç kim size tarap geçip bilmez, sizden⁠-⁠de bize hiç kim gelip bilmez“ diýdi. 27  Şonda baý adam: „Atam, haýyş edýän, Lazary kakamyň öýüne iber. 28  Meniň bäş doganym bar, olar bärik düşüp, ejir çekmez ýaly, Lazar olara gowuja düşündirsin“ diýdi. 29  Ybraýym: „Olarda Töwrat bilen Pygamberler kitaby bar. Goý, şolary okasynlar!“+ diýdi. 30  Baý adam bolsa: „Ybraýym, atam, ölen adam direlip barmasa, toba etmezler“ diýdi. 31  Ybraýym: „Musa+ bilen pygamberlere gulak asmadyk adam ölen direlip barsa⁠-⁠da ynanmaz“ diýdi».

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Bir hum. Bir hum 220 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa⁠-⁠da: döwrüň. Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: wepaly.
Ýa⁠-⁠da: wepalydyr.
Ýa⁠-⁠da: wepaly.
Ýa⁠-⁠da: wepaly.
Sözme⁠-⁠söz: harpyň çyzygy⁠-⁠da.
Sözlüge serediň.