Luka 22:1—71

  • Ruhanylar Isany öldürjek bolýarlar (1—6)

  • Soňky Pasha üçin taýýarlyk görülýär (7—13)

  • Halypamyz Agşam naharyny girizýär (14—20)

  • «Dönüklik etjek adam meniň bilen bir saçakda otyr» (21—23)

  • Kimiň uludygy hakda dawa (24—27)

  • Isa patyşalyk ähtini baglaşýar (28—30)

  • Petrusyň dänjekdigi aýdylýar (31—34)

  • Taýýarlyk görmek wajyp; iki gylyç (35—38)

  • Isa Zeýtun dagynda doga edýär (39—46)

  • Isa tussag edilýär (47—53)

  • Petrus Isadan dänýär (54—62)

  • Isanyň üstünden gülýärler (63—65)

  • Isa Mejlisiň öňünde (66—71)

22  Pasha+ diýilýän Petir baýramy golaýlapdy+.  Uly ruhanylar we kanunçylar Isany öldürmek üçin amatly pursat gözleýärdiler+. Emma olar halkdan gorkýardylar+.  Şonda Şeýtan 12 resulyň biri Iuda Iskariýotyň içine girdi+.  Iuda uly ruhanylaryň we ybadathananyň gözegçileriniň ýanyna baryp, Isany tutmaga kömek etjekdigini aýtdy+.  Olar begenip, kümüş teňňe bereris diýdiler+.  Iuda razy boldy we Isanyň ýanynda adamlar ýokka satmak üçin amatly pursat gözläp başlady.  Petir baýramy güni gelip ýetdi. Şol gün Pasha gurbanlygy berilýärdi+.  Isa Petrus bilen Ýahýany iberip: «Baryň, Pasha naharyny taýýarlaň»+ diýdi.  Olar: «Nirede taýýarlaly?» diýdiler. 10  Isa şeýle diýdi: «Şähere gireniňizde, küýzede suw alyp barýan adama duşarsyňyz. Ol haýsy öýe girse, siz hem şol öýe baryň+. 11  Soňra öýüň eýesine: „Mugallym şeýle diýýär: „Şägirtlerim bilen Pasha naharyny iýmek üçin myhman otagy nirede?“ diýiň. 12  Ol size ýokarky uly otagy görkezer, içinde hemme zat bardyr. Şol otagda taýýarlaň». 13  Olar şähere baranda, ähli zat Isanyň aýdyşy ýaly boldy. Şeýlelikde, olar Pasha baýramyna taýýarlyk gördüler. 14  Nahar iýmeli wagty gelende, Isa resullary bilen saçak başyna geçdi+. 15  Isa olara: «Görgi görmänkäm, Pasha naharyny siziň bilen iýmegi arzuw edipdim. 16  Size diýýärin, ähli zat Hudaýyň Patyşalygynda berjaý bolýança, ondan asla iýmerin» diýdi. 17  Isa käsäni alyp, Hudaýa minnetdarlyk sözlerini aýtdy⁠-⁠da: «Alyň, biri⁠-⁠biriňize geçirip, hemmäňiz içiň. 18  Size diýýärin, Hudaýyň Patyşalygy gelýänçä, asla şerap içmerin» diýdi. 19  Isa çöregi alyp+, Hudaýa minnetdarlyk aýtdy we çöregi bölüşdirdi⁠-⁠de, resullaryna berip: «Çörek siziň üçin berjek+ bedenimi aňladýar+. Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň»+ diýdi. 20  Nahar iýip bolanlaryndan soň, Isa şeraply käsäni alyp, şeýle diýdi: «Şu käse täze ähti aňladýar+. Ganym siziň üçin dökülende+, şol äht güýje girer+. 21  Maňa dönüklik etjek adam meniň bilen bir saçakda otyr+. 22  Pygamberlik edilişi ýaly, Ynsan ogly hakda aýdylanlar ýerine ýetýär+, ýöne oňa dönüklik etjek adamyň dat gününe!»+ 23  Şägirtleri dönüklik etjek adamyň kimdigini biri⁠-⁠birinden sorap başladylar+. 24  Emma olaryň arasynda kimiň uludygy hakda uly dawa turdy+. 25  Şonda Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Patyşalar halkyň üstünden agalyk edýär, wezipeli adamlara Howandar diýýärler+. 26  Ýöne siziň araňyzda beýle bolmasyn+. Kim uly bolsa, kiçi ýaly bolsun+, kim ýolbaşçy bolsa, hyzmatkär bolsun. 27  Saçak başynda oturan ulumy ýa⁠-⁠da hyzmat edýän adam? Saçak başynda oturan dälmi? Men welin size hyzmatkär boldum+. 28  Kynçylyga uçranymda+ ýanymda bolduňyz+. 29  Atamyň meniň bilen patyşalyk ähtini baglaşyşy ýaly, men hem siziň bilen äht baglaşýaryn+. 30  Siz Patyşalygymda meniň bilen iýip içersiňiz+ we tagtlarda oturyp+, Ysraýylyň 12 taýpasyna kazylyk edersiňiz+. 31  Simun, Simun! Şeýtan siziň ähliňizi bugdaý kimin elekden geçirmek isleýär+. 32  Emma imanyň gowşamaz ýaly, men Alla ýalbaryp kömek soradym+. Şonuň üçin dolanyp geleniňde, doganlaryň imanyny berkit»+. 33  Petrus bolsa: «Halypam, seniň bilen türmede oturmaga⁠-⁠da, ölmäge⁠-⁠de taýyn»+ diýdi. 34  Isa: «Petrus, saňa diýýärin, şu gün horaz gygyrmanka, meni tanamaýandygyňy üç gezek aýdarsyň»+ diýdi. 35  Isa olardan: «Men sizi pulsuz, çöreksiz, torbasyz we çaryksyz* iberenimde+, kem zadyňyz boldumy?» diýip sorady. Olar: «Ýok!» diýdiler. 36  Isa olara şeýle diýdi: «Indi puly barlar, ýanyna pul, çörek, torba alsyn. Gylyjy ýoklar bolsa donuny satyp, gylyç alsyn. 37  Size diýýärin: „Ol jenaýatçy hasaplandy“+ diýen sözler mende ýerine ýetmeli. Hawa, men hakda aýdylanlaryň bary ýerine ýetýär»+. 38  Olar: «Halypam, ine, iki gylyç bar» diýdiler. Isa: «Şol ýetikdir» diýdi. 39  Isa hemişekisi ýaly Zeýtun dagyna gitdi+. Şägirtleri hem onuň bilen gitdiler. 40  Ol ýere baranlarynda, Isa: «Synaga düşmez ýaly doga ediň»+ diýdi. 41  Özi bolsa birnäçe ädim öňe ýöräp, dyza çöküp doga edip başlady: 42  «Atam, isleseň, şu käseden içirme. Ýöne meniň islegim däl, seniň islegiň bolsun»+. 43  Şonda gökden perişde gelip, ony berkitdi+. 44  Isa güýçli gam⁠-⁠gussa batyp, has⁠-⁠da yhlasly doga edýärdi+. Onuň deri gan damjalary kimin damýardy. 45  Isa doga edip bolansoň, şägirtleriniň ýanyna gelende, olar uklap ýatan eken. Sebäbi olar gam⁠-⁠gussa batyp, halys ýadapdylar+. 46  Isa: «Näme üçin uklap ýatyrsyňyz? Turuň, synaga düşmez ýaly doga ediň»+ diýdi. 47  Isa heniz sözüni tamamlamanka, 12 resulyň biri Iuda märeke bilen geldi. Ol Isanyň ýanyna baryp, ony ogşady+. 48  Emma Isa: «Iuda, Ynsan ogluny ogşap dönüklik edýäňmi?» diýdi. 49  Şägirtler bolýan zatlary görüp: «Halypam, olary gylyçdan geçirelimi?» diýdiler. 50  Olaryň biri gylyjyny çykardy⁠-⁠da, baş ruhanynyň hyzmatkäriniň sag gulagyny kesdi+. 51  Emma Isa: «Bes ediň!» diýip, hyzmatkäriň gulagyna elini degrip sagaltdy. 52  Soňra Isa tussag etmäge gelen uly ruhanylara, ybadathananyň gözegçilerine we ýaşululara: «Taýakly hem gylyçly geler ýaly, men garakçymy?+ 53  Ybadathanada her gün öwredýän wagtym+, meni tussag etmediňiz+. Emma häzir siziň wagtyňyz, garaňkylygyň höküm sürýän wagty»+ diýdi. 54  Olar Isany tussag edip+, baş ruhanynyň öýüne alyp gitdiler. Petrus bolsa uzagrakdan olaryň yzyndan gitdi+. 55  Adamlar howluda ot ýakyp otyrkalar, Petrus hem ýanlaryna baryp oturdy+. 56  Şonda hyzmatkär gyz Petrusyň oduň başynda ýylnyp oturanyny görüp, oňa seretdi⁠-⁠de: «Şu adam hem Isanyň ýanyndady» diýdi. 57  Emma Petrus: «Men ony tanamok!» diýip boýun almady. 58  Biraz wagtdan başga biri: «Senem şägirtleriniň biri» diýdi. Petrus bolsa: «Ýok, beýle däl!»+ diýdi. 59  Bir sagada golaý wagt geçensoň, ýene biri gelip: «Şu adamam onuň ýanyndady, jelilelidigi görnüp dur» diýip, gaýta⁠-⁠gaýta aýtdy. 60  Petrus bolsa: «Men⁠-⁠ä näme diýýäniňe düşünemok» diýdi. Ol sözüni soňlamanka, horaz gygyrdy. 61  Isa hem öwrülip, Petrusa seretdi. Şonda Halypamyzyň: «Şu gün horaz gygyrmanka, menden üç gezek ýüz öwrersiň» diýen sözleri Petrusyň ýadyna düşdi+. 62  Ol daşaryk çykyp, möňňürip aglady. 63  Isany garawullaýan adamlar üstünden gülüp+, urup başladylar+. 64  Onuň ýüzüni ýapyp: «Pygamber bolsaň, aýt, seni kim urdy?» diýýärdiler. 65  Şeýle⁠-⁠de olar Isany köp kemsitdiler. 66  Daň atanda, halkyň ýaşululary, uly ruhanylar, kanunçylar Mejlise* ýygnandylar+ we Isany getirdip: 67  «Aýt, sen Mesihmi?»+ diýip soradylar. Isa olara: «Aýdanym bilenem ynanmarsyňyz. 68  Sorag bersemem, jogap berip bilmersiňiz. 69  Ýöne mundan beýläk Ynsan ogly+ Gudratygüýçli Allanyň sagynda oturar»+ diýdi. 70  Şonda olar: «Diýmek, sen Hudaýyň Ogly⁠-⁠da?» diýdiler. Isa: «Aýdyşyňyz ýalydyr» diýdi. 71  Olar: «Bize başga delil nämä gerek? Muny öz agzyndan eşitdik ahyryn»+ diýişdiler.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: aýakgapsyz; köwüşsiz.
Sözlüge serediň.