Markus 14:1—72

  • Ruhanylar Isany öldürjek bolýar (1, 2)

  • Isanyň başyna ýag guýulýar (3—9)

  • Iuda Isa dönüklik edýär (10, 11)

  • Soňky Pasha (12—21)

  • Agşam nahary (22—26)

  • Petrusyň dänjekdigi aýdylýar (27—31)

  • Isa Getseman bagynda doga edýär (32—42)

  • Isa tussag edilýär (43—52)

  • Isa Mejlisiň öňünde (53—65)

  • Petrus Isadan ýüz öwürýär (66—72)

14  Pasha+ we Petir baýramyna+ iki gün galypdy+. Uly ruhanylar we kanunçylar Isany mekirlik bilen tussag edip, öldürmek üçin amatly pursat gözleýärdiler+.  Emma olar: «Halk gozgalaň turuzmaz ýaly, Isany baýramçylyk güni tussag etmäliň» diýýärdiler.  Isa Betaniýada heýwere keselinden gutulan Simunyň öýüne geldi. Ol saçak başynda ýassanyp otyrka, bir aýal örän gymmat atyr ysly sap sünbül* ýagy guýlan gaby* alyp geldi. Ol gabyň gapagyny açyp, ýagy Isanyň başyna guýdy+.  Şägirtler hüňürdeşip: «Atyr ysly ýagy biderek zaýalamak nämä gerek?  Ýagy 300 teňňeden* hem gymmat satyp, puluny garyplara paýlasa bolardy» diýdiler. Olaryň aýala gahary geldi.  Isa olara: «Oňa degmäň! Siz näme üçin aýaly günäkärleýäňiz? Ol maňa ýagşylyk etdi+.  Garyplar hemişe ýanyňyzda bolar+, olara islän wagtyňyz kömek edip bilersiňiz, emma men hemişe ýanyňyzda bolmaryn+.  Ol elinde baryny etdi, üstüme* atyr ysly ýag guýup, meni jaýlamaga taýynlady+.  Size hakykaty aýdýaryn, hoş habar dünýäniň niresinde wagyz edilse+, aýalyň eden ýagşylygy hakda hem aýdylar»+ diýdi. 10  Şondan soň 12 resulyň biri Iuda Iskariýot uly ruhanylaryň ýanyna baryp, Isany tutmaga kömek etjekdigini aýtdy+. 11  Olar muny eşidip, begendiler we kümüş teňňe+ bereris diýdiler. Şol günden başlap Iuda Isany satmak üçin amatly pursat gözläp başlady. 12  Petir baýramynyň+ birinji güni adat boýunça Pasha gurbanlygy+ berilýärdi. Şonda şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Pasha naharyny nirede taýýarlaly?»+ diýdiler. 13  Ol iki şägirdini ýollap: «Şähere gireniňizde, küýzede suw alyp barýan adama duşarsyňyz. Onuň yzyna düşüň+. 14  Ol haýsy öýe girse, öýüň eýesine: „Mugallym şeýle diýýär: „Şägirtlerim bilen Pasha naharyny iýmek üçin myhman otagy nirede?“ diýiň. 15  Ol size ýokarky uly otagy görkezer, içinde hemme zat bardyr. Şol otagda taýýarlaň» diýdi. 16  Şägirtler şähere girende, ähli zat Isanyň aýdyşy ýaly boldy, olar hem Pasha baýramyna taýýarlyk gördüler. 17  Agşam düşende, Isa 12 resuly bilen şol öýe geldi+. 18  Olar saçak başynda iýip⁠-⁠içip otyrkalar, Isa: «Size hakykaty aýdýaryn, meniň bilen nahar iýip oturanlaryň biri maňa dönüklik eder»+ diýdi. 19  Olar muňa diýseň gynanyp, yzly⁠-⁠yzyna: «Men däl gerek?» diýişdiler. 20  Isa: «Ol meniň bilen bir tabakdan nahar iýýän 12 resulyň biri+. 21  Ýazylyşy ýaly, Ynsan ogly araňyzdan gidip barýar. Ynsan ogluna dönüklik edýän adamyň waý gününe!+ Ol dünýä inmedik bolsa gowy bolardy»+ diýdi. 22  Olar nahar iýip otyrkalar, Isa çöregi alyp, doga etdi. Soňra çöregi bölüşdirip şägirtlerine berdi⁠-⁠de: «Alyň, iýiň. Çörek meniň bedenimi aňladýar»+ diýdi. 23  Soňra käsäni aldy⁠-⁠da, Hudaýa doga edip, minnetdarlyk aýtdy. Käsäni olara berdi, olaryň ählisi hem käseden içdi+. 24  Isa olara: «Ol köp adamlar üçin döküljek+ „äht+ ganymy“+ aňladýar. 25  Size hakykaty aýdýaryn, Hudaýyň Patyşalygynda siziň bilen täze şerap içýänçäm, indi şerap içmerin» diýdi. 26  Soňra olar Hudaýyň şanyna aýdymlar* aýdyp, Zeýtun dagyna gitdiler+. 27  Isa şägirtlerine: «Hemmäňiz menden ýüz öwrersiňiz*, sebäbi: „Çopany öldürerin+, goýunlar hem dargar“+ diýip ýazylgy. 28  Ýöne direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn»+ diýdi. 29  Petrus: «Hemmeler senden ýüz öwürse⁠-⁠de, men ýüz öwürmerin*»+ diýdi. 30  Isa: «Saňa hakykaty aýdýaryn, edil şu gije horaz iki gezek gygyrmanka, menden üç gezek ýüz öwrersiň»+ diýdi. 31  Petrus öňküsinden⁠-⁠de janygyp: «Seniň bilen ölmeli bolsam⁠-⁠da, senden asla ýüz döndermerin» diýdi. Beýleki şägirtler hem şeýle diýdiler+. 32  Şeýlelikde, olar Getseman bagyna geldiler. Isa şägirtlerine: «Men doga edýänçäm, bärde oturyň»+ diýdi. 33  Isa ýany bilen Petrusy, Ýakuby we Ýahýany alyp gitdi+. Ol gaýgy⁠-⁠gama batyp, juda hasrat çekýärdi. 34  Isa olara: «Janym juda hasrat çekýär+, gaýgydan ýaňa ölüp barýaryn. Siz bärde galyň, oýa boluň»+ diýdi. 35  Özi bolsa biraz öňe ýöredi⁠-⁠de, ýere ýüzin ýykylyp, doga edip başlady. Ol Hudaýdan, mümkin bolsa, agyr synagyň sowa geçmegini dileýärdi. 36  Isa: «Atam jan!*+ Mümkin bolsa, şu käseden içirme. Ýöne meniň islegim däl, seniň islegiň bolsun»+ diýdi. 37  Isa şägirtleriniň ýanyna gelende, olar uklap ýatan eken. Ol Petrusa: «Simun, uklap ýatyrmyň? Meniň bilen ýekeje sagat hem oýa bolmaga güýjüň galmadymy?+ 38  Synaga düşmez ýaly, oýa bolup, dyngysyz doga ediň+. Dogrudanam, ýürek* yhlasly, ýöne beden ejiz»+ diýdi. 39  Ol gidip, ýene⁠-⁠de öňküsi ýaly doga etdi+. 40  Isa şägirtleriniň ýanyna gelende, olar ýene⁠-⁠de uklap ýatan eken, sebäbi olary agyr uky basýardy. Şägirtleri näme jogap berjegini bilmeýärdi. 41  Isa şägirtleriniň ýanyna üçünji gezek gelip: «Şeýle wajyp pursatda ýatyp, dynç alýaňyzmy? Indi besdir, wagt gelip ýetdi!+ Ynsan ogly günäkärleriň eline tabşyrylar. 42  Turuň, gideliň. Maňa dönüklik edýän adam ýetip gelýär»+ diýdi. 43  Isa entek sözüni tamamlamanka, 12 resulyň biri Iuda geldi. Onuň ýanynda eli gylyçly, taýakly adamlar bardy. Olary uly ruhanylar, kanunçylar we ýaşulular iberipdi+. 44  Dönüklik eden şägirt adamlara: «Men kimi ogşasam, ol Isadyr. Derrew tutup alyp gidiň, ýöne seresap boluň, gaçaýmasyn» diýip, öňünden aýdypdy. 45  Soňra ol göni Isanyň ýanyna baryp: «Mugallym!*» diýip, ony mähirli ogşady. 46  Şonda adamlar Isany tussag etdiler. 47  Isanyň ýanynda duranlaryň biri gylyjyny çykardy⁠-⁠da, baş ruhanynyň hyzmatkäriniň gulagyny kesdi+. 48  Isa gelenlere ýüzlenip: «Taýakly hem gylyçly geler ýaly, men garakçymy?+ 49  Tussag etjek bolsaňyz, ybadathanada her gün öwredýän wagtym+ meni görmediňizmi? Emma mukaddes kitaplarda ýazylanlar ýerine ýetmelidir»+ diýdi. 50  Şonda şägirtleriň ählisi Isany taşlap, gaçyp gitdiler+. 51  Egnine nepis* matany atynan bir ýaş ýigit Isanyň yzyragyndan ýöräp barýardy. Adamlar ony tutjak bolanda, 52  ol ýapynjasyny taşlap, ýarym⁠-⁠ýalaňaç gaçyp gitdi. 53  Isany baş ruhanynyň ýanyna alyp bardylar+. Ol ýerde uly ruhanylar, ýaşulular we kanunçylar ýygnanypdy+. 54  Petrus bolsa uzagrakdan Isanyň yzyndan ýöräp, baş ruhanynyň howlusyna geldi. Soňra içeri girip, hyzmatkärler bilen oduň başynda ýylynmaga oturdy+. 55  Uly ruhanylar we Mejlisiň* ähli agzalary Isa ölüm jezasyny bermek üçin, ýalan şaýatlyk etjek adamlary gözlediler, ýöne tapmadylar+. 56  Ýalan şaýatlyk etmäge köp adam gelse⁠-⁠de+, olaryň sözleri biri⁠-⁠birine gabat gelmeýärdi. 57  Olaryň käbiri ýerinden turup, Isa garşy ýalan şaýatlyk edip: 58  «Biz onuň: „Men adam elleri bilen gurlan ybadathanany ýumrup, üç günden adam elleri bilen gurulmadyk başga ybadathana guraryn“ diýenini eşitdik»+ diýdiler. 59  Emma olaryň hem aýdýanlary deň gelmeýärdi. 60  Olaryň arasynda oturan baş ruhany ýerinden turup, Isa: «Seniň aýtjak zadyň ýokmy? Olaryň seni nämede günäkärleýändigini eşideňokmy?»+ diýdi. 61  Ýöne Isa dymyp, hiç zat jogap bermedi+. Baş ruhany ýene⁠-⁠de: «Sen Mukaddes Hudaýyň Ogly Mesihmi?» diýip sorady. 62  Isa: «Hawa, men şol. Ynsan oglunyň+ Gudratygüýçli Allanyň sagynda oturanyny+ we gökdäki bulutlar bilen gelýänini görersiňiz»+ diýdi. 63  Şonda baş ruhany ýakasyny ýyrtyp: «Başga şaýat nämä gerek?+ 64  Hudaýa dil ýetirýändigini eşidip otyrsyňyz. Siz näme pikir edýäňiz?» diýdi. Olaryň ählisi Isany günäkärläp, öldürmek islediler+. 65  Käbiri oňa tüýkürdi+, onuň ýüzüni ýapyp: «Pygamber bolsaň, aýt hany? Seni kim urdy?» diýip, ýumruklap urdular. Soňra köşk hyzmatkärleri onuň ýüzüne şarpyk çalyp, alyp gitdiler+. 66  Petrus aşakda, ýagny howluda otyrka, baş ruhanynyň hyzmatkär gyzlarynyň biri geldi+. 67  Ol Petrusyň oduň başynda ýylnyp oturanyny görüp, çiňerilip seretdi⁠-⁠de: «Senem nazaretli Isanyň ýanyndadyň» diýdi. 68  Petrus adamlaryň öňünde: «Men ony tanamok, näme diýýäniňe⁠-⁠de düşünemok» diýip, boýun almady we derwezä tarap gitdi. 69  Hyzmatkär gyz ýene⁠-⁠de Petrusy görüp, duran adamlara: «Şu⁠-⁠da şägirtleriniň biri» diýdi. 70  Petrus ýene⁠-⁠de boýun almady. Biraz wagtdan şol ýerdäki adamlar Petrusa: «Sen⁠-⁠ä şolaryň biri, jelilelidigiň görnüp dur» diýdiler. 71  Şonda Petrus*: «Men siziň aýdýan adamyňyzy tanamok!» diýip, ant içip, awy ýalady. 72  Şol wagt horaz ikinji gezek gygyrdy+. Şonda Isanyň: «Horaz iki gezek gygyrmanka, menden üç gezek ýüz öwrersiň»+ diýen sözleri Petrusyň ýadyna düşdi. Ol juda gynanyp, möňňürip aglady.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: sap nard.
Ýa⁠-⁠da: alebastr gaby.
Sözme⁠-⁠söz: dinardan. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa⁠-⁠da: bedenime.
Ýa⁠-⁠da: mezmurlar; nagmalar.
Sözme⁠-⁠söz: Hemmäňiz büdrärsiňiz. Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Hemmeler büdrese⁠-⁠de, men büdremerin.
Sözme⁠-⁠söz: Abba, ata! Çagalar kakasyna mähirli we hormat bilen şeýle ýüzlenipdirler.
Sözme⁠-⁠söz: ruh. Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Rebbi!
Sözme⁠-⁠söz: zygyr. Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Petrus özüne gargap.