Markus 15:1—47
15 Daň atan badyna, uly ruhanylar, ýaşulular, kanunçylar, ýagny Mejlisiň* ähli agzalary maslahatlaşdylar. Soňra Isanyň ellerini daňdylar-da, äkidip Pilatusyň eline tabşyrdylar+.
2 Pilatus: «Sen ýehudylaryň Patyşasymy?» diýip sorady+. Isa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi+.
3 Emma uly ruhanylar ony köp zatda aýyplaýardylar.
4 Pilatus ýene-de: «Näme üçin jogap bereňok?+ Seni köp zatda günäkärleýändiklerini eşideňokmy?»+ diýdi.
5 Ýöne Isa hiç zat jogap bermedi. Pilatus muňa örän geň galdy+.
6 Pilatus her ýyl baýramçylykda halkyň islän adamyny tussaglykdan boşadýardy+.
7 Şol wagt türmede gozgalaňçylaryň arasynda Barabbas atly biri bardy. Olar gozgalaň turzanlarynda, adam öldüripdiler.
8 Halk Pilatusyň ýanyna gelip, hemişekisi ýaly, bir jenaýatçyny boşatmagy haýyş etdi.
9 Pilatus olardan: «Hany aýdyň, ýehudylaryň Patyşasyny boşadaýynmy?»+ diýip sorady.
10 Pilatus uly ruhanylaryň Isa göriplik edýändigini, şonuň üçin hem tutup getirendiklerini bilýärdi+.
11 Uly ruhanylar halky yryp, Isanyň ýerine Barabbasy boşatmagy talap etdiler+.
12 Pilatus ýene-de halkdan: «Onda ýehudylaryň Patyşasy diýilýän adamy näme edeýin?» diýip sorady+.
13 Olar ýene-de: «Pürse çüýle!»+ diýip gygyrdylar.
14 Pilatus: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?» diýdi. Olar bolsa: «Pürse çüýle!» diýip, öňküden hem beter gygyryşdylar+.
15 Pilatus märekä ýaranjak bolup, Barabbasy boşatdy, Isany bolsa gamçyladyp, pürse çüýletmäge iberdi+.
16 Esgerler Isany howla, ýagny hökümdaryň köşgüne eltip, ähli esgerleri çagyrdylar+.
17 Olar Isanyň egnine gyrmyzy matany atdylar-da, tikenekden täç örüp, kellesine geýdirdiler.
18 Esgerler oňa: «Salam, ýehudylaryň Patyşasy!» diýdiler+.
19 Onuň kellesine taýak bilen urdular, oňa tüýkürdiler we öňünde dyza çöküp, baş egdiler.
20 Üstünden gülüp bolanlaryndan soň, egnindäki gyrmyzy matany aýryp, eşigini geýdirdiler we pürse çüýlemäge alyp gitdiler+.
21 Olar şähere girip gelýän kirenaly Simuna Isanyň jebir pürsüni* götertdiler. Ol Isgenderiň we Rufusyň kakasydy+.
22 Isany Galgota, ýagny Kelleçanak diýlen ýere getirdiler+.
23 Esgerler Isa mür* garylan şerap+ berjek boldular, emma ol içmedi.
24 Ony pürse çüýläp, eşiklerini paýlaşmak üçin bije atdylar+.
25 Irden sagat dokuz töweregidi*, olar Isany pürse çüýlediler.
26 Olar Isa ýöňkelýän günäni tagtanyň ýüzüne ýazdylar. Onda: «Ýehudylaryň Patyşasy»+ diýip ýazylgydy.
27 Isanyň her tarapynda bir garakçyny pürse çüýlediler: birini sagynda, beýlekisini çepinde+.
28 *——
29 Isanyň deňinden geçip barýanlar başyny ýaýkap+, oňa sögýärdiler. Olar: «Eý ybadathanany ýykyp, üç günde saljak adam+,
30 pürsden* düşüp, özüňi halas et!» diýdiler.
31 Uly ruhanylar we kanunçylar Isanyň üstünden gülüp: «Başgalary halas edip, özüni halas edip bilmeýär+.
32 Goý, Ysraýylyň Patyşasy Mesih pürsden* düşsün. Şonda biz iman ederis»+ diýdiler. Isanyň ýanynda pürse çüýlenenler hem oňa sögýärdiler+.
33 Bütin ýer ýüzi günortan on ikiden* öýlän üçe* çenli tüm-garaňky boldy+.
34 Öýlän üçde* Isa batly ses bilen: «Eli, Eli, lama sabahtani?», ýagny «Alla jan, Alla jan, meni näme üçin terk etdiň?»+ diýdi.
35 Golaýda duranlaryň käbiri muny eşidip: «Serediň, Ylýasy çagyrýar» diýişdiler.
36 Olaryň biri ylgap bardy-da, pagtany* alyp, turşy şeraba batyrdy. Ony taýaga gysdyryp, Isanyň agzyna tutdy-da+: «Duruň bakaly. Hany, göreli, Ylýas aşak düşürmäge gelermikä?» diýdi.
37 Emma Isa batly ses bilen gygyryp jan berdi+.
38 Şonda ybadathanada mukaddes otagyň tutusy+ ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi+.
39 Golaýda duran serkerde Isa jan berende nämeleriň bolandygyny görüp: «Dogrudanam, ol Hudaýyň Ogly eken»+ diýdi.
40 Aýallar hem bolýan zatlara uzakdan seredip durdylar. Olaryň arasynda magdalaly Merýem, kiçi Ýakup bilen Ýusesiň ejesi Merýem we Selime bardy+.
41 Olar Isa Jeliledekä ýanyndan aýrylman hyzmat ederdiler+. Ol ýerde Isa bilen Iýerusalime gelen başga-da köp aýallar bardy.
42 Şol gün Sabat gününe* taýýarlyk görülýärdi. Agşamara
43 Mejlisiň abraýly agzasy arimatiýaly Ýusup geldi. Ol Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegine garaşýardy. Ol batyrgaýlyk bilen Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini sorady+.
44 Pilatus Isanyň eýýäm ölendigini eşidip, geň galdy we anyklamak üçin serkerdeden sorady.
45 Pilatus Isanyň ölendigine göz ýetirensoň, jesedi Ýusuba berdi.
46 Ýusup nepis* mata satyn aldy. Ol Isanyň jesedini pürsden düşürip, şol mata dolady. Soňra ony gaýada oýulyp ýasalan mazarda jaýlady-da, agzyna daş goýdy+.
47 Emma magdalaly Merýem bilen Ýusesiň ejesi Merýem onuň mazaryna seredip oturdylar+.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: Şol wagt üçünji sagatdy.
^ Sözme-söz: altynjy sagatdan.
^ Sözme-söz: dokuzynjy sagada.
^ Sözme-söz: Dokuzynjy sagatda.
^ Ýa-da: gubkany.