Markus 3:1—35

  • Eli ysmaz adamyň sagalyşy (1—6)

  • Kenara märeke ýygnanýar (7—12)

  • Isanyň 12 resuly (13—19)

  • Mukaddes ruha dil ýetirmek (20—30)

  • Isanyň ejesi we doganlary (31—35)

3  Isa ýene⁠-⁠de sinagoga bardy. Şol sinagogada eli ysmaz* adamy gördi+.  Fariseýler Isany aýyplamak isleýärdiler. Olar Sabat güni* ysmaz adamy sagaldarmyka diýip, Isadan gözüni aýyrman otyrdylar.  Isa eli ysmaz* adama: «Tur, orta çyk!» diýdi.  Isa fariseýlerden: «Sabat güni ýagşylyk etmek dogrumy ýa⁠-⁠da ýamanlyk? Adamy halas etmek dogrumy ýa⁠-⁠da öldürmek?»+ diýip sorady. Olar hiç zat jogap bermediler.  Isa adamlaryň doňýürekdigine+ örän gynandy. Ol töweregindäkilere gaharly seredip, ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol uzadan badyna, eli sagaldy.  Fariseýler daşaryk çykyp, Isany öldürmek üçin Hirodesiň tarapdarlary+ bilen maslahatlaşdylar.  Isa şägirtleri bilen deňze tarap gitdi. Şonda Jelileden we Ýahudadan gelen uly märeke yzyna düşdi+.  Isanyň eden ençeme gudratlary hakda eşidip, ýanyna Iýerusalimden, Idumeýadan, Iordan derýasynyň gündogaryndan, Tir bilen Sidondan uly märeke geldi.  Märekäniň içinde gysylmaz ýaly, Isa şägirtlerine kiçi gaýyk taýýarlamagy tabşyrdy. 10  Isa köp adamlary sagaltdy, şol sebäpli agyr keselli adamlar elini degirjek bolup+, onuň ýanyna dykylyşyp barýardylar. 11  Hatda zalym ruhlar+ hem Isany görende, aýagyna ýykylyp: «Sen Hudaýyň Ogly»+ diýip gygyrýardylar. 12  Ýöne Isa özi hakda hiç kime gürrüň bermezligi gaýta⁠-⁠gaýta tabşyrdy+. 13  Isa daga çykyp, şägirtleriniň käbirini ýanyna çagyrdy+, olar hem bardylar+. 14  Isa 12 adamy saýlap, «resullar» diýip at goýdy. Olar Isanyň ýanynda bolmaga we wagyz etmäge saýlanypdy. 15  Isa resullaryna jynlary kowup çykarmaga⁠-⁠da ygtyýar berdi+. 16  Ine 12 resulyň ady+: Simun (Isa oňa Petrus hem diýýärdi)+, 17  Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýahýa (Isa olara Benireges hem diýýärdi, ýagny «gök gürrüldisiniň ogullary»+ diýmegi aňladýar), 18  Andreas, Filipus, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddewus, Simun Kananit* 19  we Isa dönüklik eden Iuda Iskariýot. Isa bir öýe bardy. 20  Şonda ýene⁠-⁠de märeke ýygnandy. Adamlar şeýle bir köpdi welin, Isa şägirtleri bilen nahar hem iýip bilmedi. 21  Bolan zatlar hakda Isanyň dogan⁠-⁠garyndaşlary eşidende: «Ol akylyndan azaşypdyr» diýip, ony äkitmäge geldiler+. 22  Iýerusalimden gelen kanunçylar: «Onuň içinde Beýelzebul* bar. Ol jynlary jynlaryň hökümdarynyň kömegi bilen kowup çykarýar»+ diýdiler. 23  Isa olary ýanyna çagyryp, şeýle mysal getirdi: «Şeýtan nädip öz⁠-⁠özüni kowup çykarsyn? 24  Eger bir patyşalygyň ilaty agzala bolsa, patyşalyk ýykylar+. 25  Ýa⁠-⁠da maşgalada agzalalyk bolsa, maşgala dargar. 26  Eger Şeýtan hem öz⁠-⁠özüne garşy çyksa, onuň patyşalygy berk bolmaz, ol ýykylar. 27  Eger biri güýçli adamyň öýüne girip, zadyny aljak bolsa, ilki el⁠-⁠aýagyny daňar, diňe şonda öýüni talap biler. 28  Bilip goýuň, adamlar näme günä etse⁠-⁠de, nähili gargyş aýtsa⁠-⁠da bagyşlanar. 29  Emma mukaddes ruha dil ýetiren adam hiç haçan bagyşlanmaz+. Ol ebedilik günäkär hasaplanar»+. 30  Isa mysaly «Onuň içinde zalym ruh bar» diýendikleri üçin aýtdy+. 31  Şol wagt Isanyň ejesi we doganlary+ geldi. Olar daşarda durup, Isany çagyrmak üçin adam iberdiler+. 32  Adamlar Isanyň daşyna üýşüp otyrdy. Şonda olar: «Ejeň bilen doganlaryň daşarda garaşyp dur»+ diýdiler. 33  Isa adamlara: «Meniň ejem we doganlarym kim?» diýdi. 34  Ol ýanynda oturanlary görkezip: «Ynha meniň ejem hem doganlarym!+ 35  Hudaýyň islegini berjaý edýän adam meniň doganym, uýam hem ejemdir»+ diýdi.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: şel.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: şel.
Yhlasly diýmegi aňladýar.
Şeýtanyň bir ady.