Markus 5:1—43
5 Isa şägirtleri bilen deňziň beýleki kenarynda ýerleşýän Gerasena welaýatyna bardy+.
2 Isa gaýykdan düşen badyna, mazarçylykdan bir jynly adam öňünden çykdy.
3 Ol mazarçylykda ýaşaýardy, şu wagta çenli ony hiç kim zynjyr bilen berk daňyp bilmändi.
4 Adamlar näçe gezek ellerini zynjyr bilen daňsalar-da, aýaklaryna gandal salsalar-da, zynjyrlary üzüp, gandallary döwýärdi.
5 Ol gije-gündiz mazarçylykda we daglarda gygyryp, özüni daş bilen urup ýaralaýardy.
6 Ol Isany uzakdan gören badyna ylgap geldi-de, öňünde dyza çökdi+.
7 Ol batly ses bilen: «Allatagalanyň Ogly, Isa! Meniň bilen näme işiň bar? Allanyň haky üçin meni gynama»+ diýdi.
8 Sebäbi Isa: «Zalym jyn, çyk onuň içinden»+ diýýärdi.
9 Isa: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol: «Adym Goşun*, sebäbi biz köplük» diýip jogap berdi.
10 Ol Isa: «Jynlary ýurtdan kowup çykarma» diýip ýalbardy+.
11 Şol ýerdäki baýyrda doňuz+ sürüsini bakýardylar+.
12 Jynlar Isa: «Bizi şol doňuzlara kow, olaryň içine gireli» diýip ýalbardylar.
13 Isa olara rugsat berdi. Jynlar hem çykyp, doňuzlaryň içine girdiler, şonda 2 000-e golaý doňuz dazyrdaşyp, uçut gaýadan deňze böküp gark boldular.
14 Çopanlar bolsa şähere we obalara gaçyp gitdiler-de, bolan zatlary adamlara gürrüň berdiler. Olar hem ähli zady gözi bilen görmäge geldiler+.
15 Olar Isanyň ýanyna gelende, içinde birgiden jyn bolan adamyň egin-eşikli oturandygyny, akyl-huşunyň ýerindedigini görüp, juda gorkdular.
16 Şonda olara jynly adam we doňuzlar bilen näme bolandygyny görenler ähli zady gürrüň berdiler.
17 Olar Isa ýalbaryp, başga ýere gitmegi haýyş etdiler+.
18 Isa gaýyga münende, içinden jyn çykan adam: «Meni hem alyp gidäý» diýip ýalbardy+.
19 Isa rugsat bermän: «Öýüňe git, dogan-garyndaşlaryňa Ýehowanyň* rehimdarlygyny we saňa eden ähli zatlaryny gürrüň ber» diýdi.
20 Ol Dekapolisde* Isanyň eden ähli zatlaryny gürrüň berdi. Adamlar muňa haýran galdylar.
21 Isa ýene-de gaýykly deňziň beýleki kenaryna gitdi. Kenara ýetip gelýärkä, uly märeke ýygnandy+.
22 Isanyň ýanyna Ýaýrus atly bir adam geldi. Ol sinagoga ýolbaşçylarynyň biridi. Ýaýrus Isany görüp, onuň aýagyna ýykyldy+.
23 Ol Isa: «Gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Ol ölmez ýaly, öýüme baryp, gyzymy sagaldaý*»+ diýip, köp ýalbardy.
24 Isa hem Ýaýrus bilen gitdi. Uly märeke bolsa yzyna düşüp, Isany dumly-duşdan gysyp barýardy.
25 Şol ýerde 12 ýyl bäri+ gan akma keselinden+ ejir çekýän bir aýal bardy.
26 Ol ençeme lukmanlaryň elinden görgi baryny görüp, ähli puluny sowdy. Emma hiç hili haýyr tapman, ýagdaýy öňküsindenem beterleşipdi.
27 Ol Isa hakda eşidipdi, şonuň üçin märekäniň içinden geçip, onuň arkasyndan geldi-de, donuna elini degirdi+.
28 Sebäbi ol içinden: «Donuna elimi degirsemem sagalaryn» diýýärdi+.
29 Şol bada onuň gan akmasy kesilip, agyr derdinden gutulandygyny duýdy.
30 Isa özünden güýjüň gidendigini duýup+, yzyndan gelýän märekä seretdi-de: «Kim donuma elini degirdi?»+ diýdi.
31 Şägirtleri bolsa oňa şeýle diýdiler: «Märekäniň gysyp barýandygyny görüp dursuň ahyryn. Şonda-da: „Maňa kim elini degirdi?“ diýýärsiň».
32 Emma Isa kimiň el degrenini biljek bolup, daş-töweregine seretdi.
33 Aýal sagalandygyny duýup, gorkudan ýaňa titräp, Isanyň ýanyna geldi-de, dyza çöküp, ähli zady gürrüň berdi.
34 Isa: «Gyzym, seni imanyň sagaltdy. Sag-aman gaýt+, agyr derdiňden gutuldyň»+ diýdi.
35 Isa gepläp durka, sinagoga ýolbaşçysynyň öýünden adamlar geldi. Olar Ýaýrusa: «Gyzyň aradan çykdy. Mugallymy alada goýup oturma» diýdiler+.
36 Isa olaryň aýdanyny eşidip, sinagoga ýolbaşçysyna: «Gorkma, diňe iman et!» diýdi+.
37 Soňra ol diňe Petrusy, Ýakuby we dogany Ýahýany ýany bilen alyp gitdi+.
38 Olar sinagoga ýolbaşçysynyň öýüne gelenlerinde, Isa adamlaryň dady-perýat edip, aglaşyp oturandygyny gördi+.
39 Isa öýe girip: «Siz näme aglaşyp otyrsyňyz? Çaga ölmedi, uklap ýatyr»+ diýdi.
40 Şonda adamlar Isany ýaňsylap, üstünden gülüp başladylar. Emma ol adamlary daşaryk çykaryp, çaganyň kakasy, ejesi we ýanyndaky şägirtleri bilen gyzjagazyň ýatan otagyna girdi.
41 Soňra gyzjagazyň elinden tutup: «Talita kumi!», ýagny «Gyzjagaz, saňa diýýärin, tur!»+ diýdi.
42 Gyzjagaz şol bada ýerinden turup, ýöräp başlady. Ene-atasy muňa örän begendi. Gyzjagaz 12 ýaşyndady.
43 Isa olara muny hiç kime aýtmazlygy berk tabşyryp+, gyza nahar bermegi haýyş etdi.