Markus 8:1—38
8 Şol günler Isanyň ýanyna ýene-de uly märeke ýygnandy. Olaryň iýmäge hiç zady galmansoň, Isa şägirtlerini çagyryp:
2 «Märeke üç günden bäri ýanymdan aýrylanok, olara ýüregim awaýar+, iýere zatlary ýok+.
3 Olary öýlerine aç goýberesim gelenok, sebäbi ýolda ysgyndan gaçarlar. Käbiri bolsa gaty uzakdan gelipdir» diýdi.
4 Şägirtleri oňa: «Çola ýerde şunça adamy doýurmak üçin çöregi nireden tapaly?» diýdiler.
5 Isa: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip sorady. Olar: «Ýedi» diýip jogap berdiler+.
6 Şonda Isa märekäni ýerde oturtdy. Soňra ýedi çöregi alyp, Hudaýa minnetdarlyk aýtdy-da, olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi. Şägirtler bolsa märekä paýladylar+.
7 Olaryň birnäçe kiçi balygy hem bardy. Isa Hudaýa minnetdarlyk aýtdy-da, balyklary hem paýlamagy tabşyrdy.
8 Adamlar iýip doýandan soň, galan bölekleri ýygnadylar. Şonda ýedi uly sebet doldy+.
9 Ol ýerde 4 000-e golaý erkek adam bardy. Soňra Isa olary öýlerine ugratdy.
10 Isa şägirtleri bilen derrew gaýyga münüp, Dalmanuta gitdi+.
11 Fariseýler Isanyň ýanyna gelip, jedelleşip başladylar. Olar Isany synajak bolup, gökden bir alamat görkezmegi talap etdiler+.
12 Isa uludan demini alyp: «Şu nesil näme üçin alamat isleýär?+ Size hakykaty aýdýaryn, olara hiç hili alamat görkezilmez»+ diýdi.
13 Soňra ol fariseýleriň ýanyndan gaýdyp, ýene-de gaýyga mündi-de, deňziň beýleki kenaryna geçdi.
14 Şägirtleri bolsa ýany bilen çörek almagy ýatdan çykarypdyrlar. Gaýykda ýekeje çörekden başga iýere zat ýokdy+.
15 Isa olara: «Hüşgär boluň, fariseýleriň we Hirodesiň hamyrmaýasyndan seresap boluň»+ diýip duýdurdy.
16 Şonda şägirtleri çörek almandyklary üçin dawalaşyp başladylar.
17 Isa muny bilip: «Çörek ýok diýip näme üçin dawalaşýarsyňyz? Siz henizem düşünmediňizmi? Ýa düşünmek şeýle kynmy?
18 „Gözüňiz bolsa-da, görmeýärsiňizmi? Gulagyňyz bolsa-da, eşitmeýärsiňizmi?“ Ýadyňyzda bolsa,
19 bäş çöregi+ 5 000 erkek adama bölüp beripdim. Şonda galan çöreklerden näçe sebet dolupdy?» diýdi. Olar: «On iki»+ diýdiler.
20 Isa: «Ýedi çöregi 4 000 erkek adama bölüp berenimde, galan çöreklerden näçe uly sebet doldy?» diýip sorady. Olar: «Ýedi»+ diýdiler.
21 Şonda Isa: «Aýdanlarymyň manysyna henizem düşünmediňizmi?» diýdi.
22 Olar Beýtsaýda baranlarynda, Isanyň ýanyna kör adamy getirdiler. Olar Isa ýalbaryp, körüň gözüni açmagy haýyş etdiler+.
23 Isa onuň elinden tutup, obadan çykardy. Soňra onuň gözlerine tüýkürip+, ellerini goýdy-da: «Näme görýäň?» diýip sorady.
24 Ol töweregine seredip: «Men adamlary görýän, olar agaja meňzeýär, ýöne ýöräp barýarlar» diýdi.
25 Isa ýene-de elini onuň gözlerine goýdy. Şonda körüň gözi açylyp, ähli zady aýdyň görüp başlady.
26 Isa ony öýüne ugradyp: «Oba barma» diýdi.
27 Isa şägirtleri bilen Kaýsariýa-Filipi obalaryna barýarka, olardan: «Adamlar maňa kim diýýär?»+ diýip sorady.
28 Olar: «Suwa çümdürýän Ýahýa+, käbiri Ylýas+, käbiri bolsa pygamberleriň biridir diýýärler» diýip jogap berdiler.
29 Ol: «Siz maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. Petrus: «Sen Mesih»+ diýip jogap berdi.
30 Şonda Isa olara Mesihdigini hiç kime aýtmazlygy berk tabşyrdy+.
31 Şeýle-de Isa Ynsan oglunyň köp görgi görjekdigini, ýaşulularyň, uly ruhanylaryň, kanunçylaryň ýüz öwürjekdigini, adamlaryň bolsa ony öldürjekdigini, ýöne üç günden direljekdigini gürrüň berdi+.
32 Isa ähli zady açyk aýtdy. Şonda Petrus Isany bir gyra çekip, garşy çykyp başlady+.
33 Isa ondan öwrüldi-de, şägirtlerine seredip, Petrusa: «Çekil öňümden, Şeýtan! Sen Hudaýyň isleýşi ýaly däl-de, adamlar ýaly pikirlenýärsiň»+ diýip käýedi.
34 Isa märekäni we şägirtlerini çagyryp: «Kim meniň yzyma eýermek islese, özünden geçsin-de, jebir pürsüni* alyp, hemişe yzyma düşsün+.
35 Kim janyny* halas etmek islese, ony ýitirer. Meniň ugrumda we Patyşalyk baradaky hoş habar üçin janyny ýitiren ony halas eder+.
36 Adam dünýäniň bar mal-mülküni edinse-de, janyny* ýitirse näme peýdasy bar?+
37 Eýsem adam janyna* derek näme berip biler?+
38 Şu biwepa* we günäli nesliň arasynda kim meniň şägirdimdigine, sözlerime ynanýandygyna utansa, Ynsan ogly-da mukaddes perişdeler bilen Atasynyň şan-şöhratynda gelende+, oňa şägirdim diýmäge utanar»+ diýdi.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: zynahor.