Matta 10:1—42
10 Isa 12 şägirdini çagyryp, olara jynlary kowup çykarmaga ygtyýar berdi+, dürli keselli adamlary sagaltmaga güýç berdi.
2 Ine 12 resulyň ady+: Simun diýilýän Petrus+ we dogany Andreas+; Zebedeýiň ogly Ýakup we dogany Ýahýa+;
3 Filipus we Bartolomeý+; Tomas+ we salgytçy Matta+; Alfeýiň ogly Ýakup we Taddewus;
4 Simun Kananit* we Isa dönüklik eden Iuda Iskariýot+.
5 Isa 12 şägirdini ýollap, şeýle tabşyryk berdi+: «Başga halklaryň ýanyna barmaň, samariýalylaryň hiç bir şäherine girmäň+;
6 diňe Ysraýyl öýüniň ýiten goýunlaryny gözläň+.
7 Ýolda: „Gökdäki Patyşalyk golaýlady“ diýip wagyz ediň+.
8 Syrkawlary sagaldyň+, ölenleri direldiň, heýwere kesellileri tämizläň, jynlary kowup çykaryň. Mugt aldyňyz, mugt hem beriň.
9 Ýanyňyz bilen altyn-kümüş ýa-da mis teňňe almaň+.
10 Ýa-da ýola torba, çörek, eşik, çaryk* ýa hasa almaň+, sebäbi zähmet çeken çörek iýmäge-de haklydyr+.
11 Haýsy şähere ýa oba barsaňyz, mynasyp adamlary gözläp tapyň, gaýdýançaňyz olaryň ýanynda boluň+.
12 Öýe girip, salam beriň.
13 Eger öýdäkiler sizi kabul etseler, bereket* alarlar+. Kabul etmeseler, berekediňiz gaýdyp geler.
14 Eger sizi kabul etmeseler ýa-da diňlemeseler, şol öýden, ýa-da şäherden çykyp, aýagyňyzyň tozanyny kakyň+.
15 Bilip goýuň, Kyýamat güni* Sodom bilen Gomorranyň+ halkyna şol şähere garanyňda has aňsat düşer.
16 Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin iberýärin. Şonuň üçin ýylanlar ýaly seresap, kepderiler ýaly sada* boluň+.
17 Ägä boluň, adamlar sizi kazyýete elterler+ we sinagogalarda ýenjerler*+.
18 Meniň şägirdim bolanyňyz üçin, sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň öňüne alyp bararlar+. Şonda olara we başga halklara wagyz etmäge mümkinçilik bolar+.
19 Emma sizi olaryň öňüne eltenlerinde, näme diýerin ýa-da nädip aýdaryn diýip alada etmäň. Siz näme diýmelidigini şol wagt bilersiňiz+.
20 Sebäbi siziň özüňiz däl, siz arkaly Ataňyzyň ruhy geplär+.
21 Şeýle-de adamlar doganyny ölüme tabşyrarlar. Ata öz çagasyna, çagalar hem ene-atasyna garşy çykyp, olary öldürerler+.
22 Meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener+. Emma soňuna çenli çydan halas bolar+.
23 Sizi bir şäherde yzarlasalar, başga şähere gaçyň+. Size hakykaty aýdýaryn, Ynsan ogly Ysraýylyň ähli şäherlerini aýlanyp çykmankaňyz geler.
24 Şägirt halypasyndan, gul hem hojaýynyndan uly däldir+.
25 Şägirt halypasy ýaly, gul hem hojaýyny ýaly bolsa begenmelidir+. Adamlar öýüň eýesine Beýelzebul*+ diýýän bolsalar, onda öýündäkilere has beter zat diýmezmi?
26 Şonuň üçin adamlardan gorkmaň. Üsti açylmajak we gizlin galjak zat ýokdur+.
27 Meniň garaňkylykda aýdýanymy ýagtylykda aýdyň, pyşyrdap aýdýanymy jaýyň üçeginden yglan ediň+.
28 Bedeni öldürse-de, jany* öldürip bilmeýänlerden gorkmaň+. Gaýtam hem jany, hem bedeni Jähennemde* ýok edip bilýänden gorkuň+.
29 Iki serçäni bir teňňä* satýarlar, şeýle dälmi? Ýöne olaryň ýekejesi ýere gaçaýsa, gökdäki Ataňyz görýändir+.
30 Siziň bolsa saçyňyz hem sanalgy.
31 Gorkmaň, siz serçelerden has gymmatly+.
32 Eger biri iliň öňünde meniň şägirdimdigini aýtmaga çekinmese+, men hem gökdäki Atamyň öňünde oňa şägirdim diýmäge çekinmerin+.
33 Emma kim iliň öňünde menden ýüz öwürse, men hem gökdäki Atamyň öňünde ondan ýüz öwrerin+.
34 Men ýer ýüzüne parahatlyk getirmek üçin gelendirin öýtmäň; men parahatlyk däl, agzalalyk* getirdim+.
35 Sebäbi men ogly kakasyndan, gyzy ejesinden, gelni gaýynenesinden aýyrmaga geldim+.
36 Size hakykaty aýdýaryn, adamyň duşmany öý-içerisindäkiler bolar.
37 Kim kakasyny ýa ejesini menden has gowy görse, şägirdim bolmaga mynasyp däldir. Kim ogluny ýa gyzyny menden has gowy görse, şägirdim bolmaga mynasyp däldir+.
38 Kim jebir pürsüni* alyp yzyma düşmese, şägirdim bolmaga mynasyp däldir+.
39 Kim janyny* halas etmek islese, ony ýitirer. Meniň ugrumda janyny ýitiren ony halas eder+.
40 Sizi kabul edýän meni-de kabul edýändir, meni kabul edýän meni Ibereni-de kabul edýändir+.
41 Pygamberi pygamber bolany üçin kabul edýän adam pygamberiň sylagyny alar+. Dogruçyl adamy dogruçyl bolany üçin kabul edýän adam dogruçylyň sylagyny alar.
42 Size hakykaty aýdýaryn, şägirtlerimden* birine şägirdim bolany üçin bir käse sowuk suw berýän adam sylagsyz galmaz»+.
Çykgytlar
^ Yhlasly diýmegi aňladýar.
^ Ýa-da: aýakgap; köwüş.
^ Ýa-da: parahatlyk.
^ Ýa-da: päk ýürekli.
^ Ýa-da: gamçylarlar.
^ Şeýtanyň bir ady.
^ Sözme-söz: assariýa. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Sözme-söz: gylyç.
^ Sözme-söz: şu kiçilerden.