Matta 13:1—58

  • PATYŞALYK BARADAKY MYSALLAR (1—52)

    • Daýhan (1—9)

    • Isa mysal getirýär (10—17)

    • Daýhan hakdaky mysaly düşündirýär (18—23)

    • Bugdaý we haşal ot (24—30)

    • Gorçisa dänesi we hamyrmaýa (31—33)

    • Mysallar hakdaky pygamberlik ýerine ýetýär (34, 35)

    • Bugdaý we haşal ot mysalyny düşündirýär (36—43)

    • Gizlin hazyna we merjenler (44—46)

    • Tor mysaly (47—50)

    • Täze we köne hazynalar (51, 52)

  • Isany ýaşaýan şäherinde kabul etmeýärler (53—58)

13  Şol gün Isa öýden çykyp, deňziň kenaryna baryp oturdy.  Uly märekäniň ýygnanandygy sebäpli, Isa bir gaýyga mündi, adamlar bolsa kenardady+.  Isa olara mysal getirip, köp zat öwredip başlady+: «Bir daýhan ekin ekmäge gidýär+.  Ol tohum sepende, käbiri ýoluň gyrasyna düşdi, guşlar hem gelip tohumy iýdi+.  Käbiri bolsa daşlyk topraga düşdi. Tohum çalt gögerdi, sebäbi topragy galyň däldi+.  Gün çykdy welin, olar güne ýanyp gurady, sebäbi köki berk däldi.  Käbir tohumlar ýandaklaryň arasyna düşdi. Ýandaklar ösüp, olary bogdy+.  Galan tohumlar bolsa mes topraga düşdi. Olaryň käbiri 100, käbiri 60, käbiri 30 esse hasyl berdi+.  Goý, gulagy bar adam eşitsin!»+ 10  Şeýlelikde, şägirtleri gelip: «Sen näme üçin olara mysal getirýärsiň?»+ diýip sorady. 11  Isa şeýle jogap berdi: «Hudaý size gökdäki Patyşalygynyň mukaddes syrlaryny düşündirýär+, olara bolsa düşündirmeýär. 12  Düşünjeli adam has köp düşüner, emma düşünjesiz adamdan bilýän zady-da alnar+. 13  Olar seretseler-de, görmeýärler, eşitseler-de, düşünmeýärler. Şonuň üçin men olara mysal getirip öwredýärin+. 14  Olarda Işaýanyň pygamberligi ýerine ýetýär: „Siz eşidersiňiz, ýöne düşünmersiňiz; siz seredersiňiz, ýöne hiç zat görmersiňiz+. 15  Halkyň ýüregi gatapdyr, gulagy agyrlaşypdyr, gözi gapylypdyr. Şol sebäpli olaryň gulagy eşitmeýär, gözi görmeýär, akyl ýetirip bilmeýär we maňa dolanmaýar, ýogsam olary sagaldardym“+. 16  Siz bagtly, sebäbi gözleriňiz görýär, gulaklaryňyz eşidýär+. 17  Size hakykaty aýdýaryn, köp pygamberler we dogruçyl adamlar siziň görýän zatlaryňyzy görmek islediler, ýöne görüp bilmediler+, siziň eşidýän zatlaryňyzy eşitmek islediler, ýöne eşidip bilmediler. 18  Indi daýhan baradaky mysalyň manysyny düşündireýin*+. 19  Patyşalyk baradaky habary eşitse-de, düşünmeýän adamyň ýanyna Şeýtan*+ gelip, ýüreginde ekilen tohumy sogrup alýar. Ol ýoluň gyrasyna düşen tohumdyr+. 20  Patyşalyk baradaky habary eşidip, şatlyk bilen kabul edýän adam daşlyk topraga düşen tohumdyr+. 21  Emma ol biraz össe-de, ýüreginde kök urmaýar. Hoş habar sebäpli kynçylyk görse ýa-da yzarlansa, şol bada imany gowşaýar. 22  Ýandaklaryň arasyna düşen tohum Patyşalyk baradaky habary eşitse-de, durmuşyň* gaýgy-aladasyna basylýan+ we baýlygyň* yşkyna düşýän adamdyr. Şol zatlar adamy bogýar, indi ol hasyl bermeýär+. 23  Patyşalyk baradaky habary eşidip, manysyna düşünýän adam mes topraga düşen tohumdyr. Şeýle tohumlar ösüp, käbiri 100, käbiri 60, käbiri 30 esse hasyl berýär»+. 24  Isa ýene bir mysal getirdi: «Gökdäki Patyşalygy melleginde gowy tohum eken daýhana meňzetse bolýar. 25  Adamlar ýatyrka, duşman gelip, bugdaýlaryň arasyna haşal ot ekip gidýär. 26  Bugdaý ösüp baş çykardy, haşal otlar hem ösüp başlady. 27  Hyzmatkärler hojaýynyň ýanyna gelip: „Agam, mellegiňde gowy tohum ekipdiň welin, näme üçin haşal ot gögerdikä?“ diýip soradylar. 28  Ol: „Duşman ekendir“+ diýip jogap berdi. Hyzmatkärler hem: „Baryp, olary sogrup taşlalymy?“ diýdiler. 29  Ol şeýle diýdi: „Ýok, degmäň, haşal otlary aýyrjak bolup, bugdaýlary-da sograýmaň. 30  Goý, hasyl ýygymyna çenli ikisi-de bile össün. Şonda men orakçylara: „Başda haşal otlary sogrup, ýakmak üçin desseläp goýuň. Soňra bugdaýlary ammaryma üýşüriň“ diýerin“»+. 31  Isa ýene bir mysal getirdi: «Gökdäki Patyşalyk gorçisa dänesi ýalydyr. Daýhan dänäni mellegine ekýär+. 32  Ol iň kiçi tohum bolsa-da, ösüp, uly agaç bolýar, guşlar hem gelip, şahalarynda höwürtge ýasaýar». 33  Isa olara başga bir mysal getirdi: «Gökdäki Patyşalyk hamyrmaýa ýalydyr. Bir aýal üç kersen una hamyrmaýa goşup, tutuş hamyry turşadýar»+. 34  Isa märekä ähli zady mysal arkaly gürrüň berdi. Ol hemişe mysal getirip öwredýärdi+. 35  Şeýdip, pygamberiň: «Men mysallar bilen öwrederin, öňden* bäri gizlin ýatan zatlary açaryn»+ diýen sözleri ýerine ýetdi. 36  Isa märekäni ugradyp, öýüne gaýtdy. Şägirtleri ýanyna gelip: «Haşal ot baradaky mysaly düşündiräý» diýdiler. 37  Isa şeýle diýdi: «Gowy tohum eken daýhan — Ynsan ogly; 38  mellek — dünýä+. Gowy tohum — Patyşalygyň ogullary, haşal ot — Şeýtanyň* ogullary+; 39  tohumy eken duşman — Şeýtan*. Hasyl döwri — dünýäniň* soňy, orakçylar — perişdeler. 40  Haşal otuň sogrulyp, oda taşlanylyşy ýaly, dünýäniň* soňunda-da şeýle bolar+. 41  Ynsan ogly perişdelerini iberip, Patyşalygynda adamlaryň günä etmegine* sebäp bolýan ähli zady we kanuny bozýan adamlary üýşürer. 42  Olary ýanyp duran peje taşlarlar+. Ol ýerde gözýaş döküp, alaçsyzlykdan ýaňa dişini gyjarlar. 43  Şonda dogruçyl adamlar Atasynyň Patyşalygynda Gün kimin parlarlar+. Goý, gulagy bar adam eşitsin! 44  Gökdäki Patyşalyk gizlin ýatan hazyna kimindir. Bir adam ony tapyp, ýene-de gizläp goýýar. Begenjine ähli zadyny satyp, şol mellegi satyn alýar+. 45  Gökdäki Patyşalyk gymmatbaha merjen monjuklary* gözleýän söwdagär kimindir. 46  Ol gymmatbaha merjeni tapyp, gidýär-de, bar zadyny satyp, ony satyn alýar+. 47  Gökdäki Patyşalyk deňze taşlanan we her dürli balyk düşen tor ýalydyr. 48  Tor balykdan dolanda, balykçylar ony kenara çykarýarlar. Soňra oturyp, gowy balyklary+ bir sebede ýygnaýarlar, erbetlerini+ bolsa zyňýarlar. 49  Dünýäniň* soňunda-da şeýle bolar. Perişdeler gelip, dogruçyl adamlaryň arasyndan erbetleri saýlarlar. 50  Olary ýanyp duran peje taşlarlar. Ol ýerde gözýaş döküp, alaçsyzlykdan ýaňa dişini gyjarlar». 51  Isa şägirtlerinden: «Aýdanlaryma düşündiňizmi?» diýip sorady. Olar: «Hawa!» diýdiler. 52  Isa olara: «Gökdäki Patyşalyk barada öwrenýän mugallym hazynasyndan hem täze, hem köne zatlary çykarýan öý eýesi ýalydyr» diýdi. 53  Isa mysallary gürrüň berip bolansoň, başga ýere gitdi. 54  Soňra Isa ýaşaýan şäherine baryp+, adamlara sinagogada öwredip başlady. Adamlar haýran galyp: «Oňa beýle akyldarlygy we gudratlary görkezmäge güýji kim berdikä?+ 55  Ol agaç ussasynyň ogly dälmi?+ Ejesi Merýem, doganlary Ýakup, Ýusup, Simun we Ýahuda dälmi?+ 56  Gyz jigileri hem biziň şäherimizde ýaşamaýarmy? Beýle ygtyýary oňa kim berdikä?»+ diýişdiler. 57  Şeýlelikde, ildeşleri oňa iman etmediler*+. Şonuň üçin Isa: «Dogduk mekanynda we öýünde pygamberiň gadyry bilinmez»+ diýdi. 58  Ildeşleriniň ynanmaýandygy üçin, Isa köp gudrat görkezmedi.

Çykgytlar

Ýa-da: diňläň.
Sözme-söz: zalym.
Ýa-da: şu döwrüň. Sözlüge serediň.
Ýa-da: aldawçy baýlygyň.
Başga manysy: dünýäniň başlangyjyndan.
Sözme-söz: zalymyň.
Ýa-da: Iblis.
Ýa-da: döwrüň. Sözlüge serediň.
Ýa-da: döwrüň. Sözlüge serediň.
Sözme-söz: büdremegine.
Ýa-da: dürdäneleri.
Ýa-da: Döwrüň. Sözlüge serediň.
Ýa-da: büdrediler.