Matta 16:1—28

  • Alamat soraýarlar (1—4)

  • Fariseýleriň we saddukeýleriň hamyrmaýasy (5—12)

  • Patyşalygyň açarlary (13—20)

    • Gaýada gurlan ýygnak (18)

  • Isanyň öljekdigi aýdylýar (21—23)

  • Hakyky şägirtler (24—28)

16  Soňra fariseýler bilen saddukeýler gelip, Isany synamak üçin gökden bir alamat görkezmegi soradylar+.  Isa: «Gün ýaşanda siz: „Howa gowy bolar, sebäbi asmanyň ýüzi gyp-gyzyl“ diýýärsiňiz.  Irden bolsa: „Şu gün howa sowuk we ýagyşly bolar, sebäbi asmanyň ýüzi gyp-gyzyl bolsa-da, bulutly“ diýýärsiňiz. Siz asmana seredip, howanyň nähili boljagyny bilýärsiňiz, emma şu günki bolýan wakalaryň manysyna düşünmeýärsiňiz.  Zalym we biwepa* nesil hemişe alamat isleýär, ýöne olar Ýunus pygamberiňkiden başga alamat görmez»+ diýdi. Soňra Isa olaryň ýanyndan gitdi.  Şägirtler deňziň beýleki kenaryna geçdiler, ýöne çörek almagy ýatdan çykarypdylar+.  Isa: «Hüşgär boluň, fariseýleriň we saddukeýleriň hamyrmaýasyndan ägä boluň»+ diýdi.  Şägirtler öz arasynda: «Çörek almandygymyz üçin aýdýarmyka?» diýişdiler.  Isa muny bilip: «Eý imany azlar, siz näme üçin çörek almadyk diýişýärsiňiz?  Siz henizem düşünmediňizmi? Eýsem bäş çörek bilen 5 000 adamyň doýandygyny, soňra näçe sebet çörek galandygyny unutdyňyzmy?+ 10  Onsoňam, ýedi çörek bilen 4 000 adam doýupdy. Şonda näçe uly sebet çörek galandygyny ýatdan çykardyňyzmy?+ 11  Size çörek hakda aýtmandygyma düşünmediňizmi? Siz fariseýleriň we saddukeýleriň hamyrmaýasyndan ägä boluň»+ diýdi. 12  Şonda şägirtler hamyrmaýadan däl-de, fariseýleriň we saddukeýleriň taglymatyndan ägä bolmalydygyna düşündiler. 13  Isa Kaýsariýa-Filipä baranda, şägirtlerinden: «Adamlar Ynsan ogluna kim diýýärler?»+ diýip sorady. 14  Olar şeýle diýdiler: «Käbiri suwa çümdürýän Ýahýa+, käbiri bolsa Ylýas+, başgalary Ýermeýa ýa-da pygamberleriň biridir diýýärler». 15  Isa olardan: «Siz maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. 16  Şonda Simun Petrus: «Sen Biribaryň Ogly+, Mesih!»+ diýip jogap berdi. 17  Isa oňa: «Ýunus ogly Simun, sen bagtlysyň! Sebäbi muny saňa ynsan däl-de, gökdäki Atam açdy+. 18  Men saňa diýýärin: sen Petrus+. Men ýygnagymy şu gaýanyň+ üstünde guraryn, mazaryň* derwezeleri ony ýeňip bilmez. 19  Men saňa gökdäki Patyşalygyň açarlaryny bererin. Sen gökde baglanan zady ýer ýüzünde baglarsyň, gökde çözülen zady ýer ýüzünde çözersiň» diýdi. 20  Soňra Isa şägirtlerine özüniň Mesihdigini hiç kime aýtmazlygy berk tabşyrdy+. 21  Şondan soň Isa şägirtlerine özüniň Iýerusalime gidip, halkyň ýaşulularynyň, uly ruhanylaryň we kanunçylaryň elinden köp ejir çekmelidigini, soňra öldürilip, üçünji güni direldiljekdigini düşündirip başlady+. 22  Şonda Petrus Isany bir gyra çekip: «Halypam, özüňe haýpyň gelsin! Beýle zat bolmasyn»+ diýip garşy çykdy. 23  Isa arkasyna öwrülip, Petrusa: «Çekil öňümden, Şeýtan! Sen Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge päsgel berýärsiň*. Sen Hudaýyň isleýşi ýaly däl-de, adamlar ýaly pikirlenýärsiň»+ diýdi. 24  Isa şägirtlerine: «Kim meniň yzyma eýermek islese, özünden geçsin-de, jebir pürsüni* alyp, hemişe yzyma düşsün+. 25  Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer. Meniň ugrumda janyny ýitiren ony halas eder+. 26  Adam dünýäniň bar mal-mülküni edinse-de, janyny ýitirse näme peýdasy bar?+ Ýa-da adam janyna derek näme berip biler?+ 27  Ynsan ogly perişdeleri bilen Atasynyň şöhratynda geler-de, adamlary höküm eder. Ol erbet iş edýänlere jeza berer, ýagşy iş edýänleri sylaglar+. 28  Size hakykaty aýdýaryn, şu ýerde duranlaryň käbiri Ynsan oglunyň Patyşa bolup gelşini görmän ölmez»+ diýdi.

Çykgytlar

Sözme-söz: zynahor.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Sen büdremegime sebäp bolýarsyň.
Sözlüge serediň.