Matta 17:1—27
17 Alty günden Isa Petrusy, Ýakup bilen dogany Ýahýany ýanyna alyp, bir beýik daga çykdy+.
2 Şonda olaryň gözleriniň alnynda Isanyň daş keşbi üýtgedi, ýüzi Gün ýaly şöhle saçýardy, egin-eşigi bolsa göwher daşy kimin öwşün atýardy*+.
3 Şägirtler Isanyň Musa we Ylýas bilen gepleşip durandygyny gördüler.
4 Şonda Petrus Isa ýüzlenip: «Halypam, bäri gowy ekeni. Eger isleseň, üç çadyr guraýyn: birini saňa, birini Musa, birini Ylýasa» diýdi.
5 Petrus heniz gepläp durka, olaryň daşyny ak bulut gurşady. Bulutdan: «Ine meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn+. Ogluma gulak asyň!»+ diýen ses eşidildi.
6 Şägirtler sesi eşidip, gorkudan ýaňa ýere ýüzin ýykyldylar.
7 Isa olaryň ýanyna gelip, elini degirdi-de: «Turuň, gorkmaň!» diýdi.
8 Olar başyny galdyrsa, Isadan başga hiç kim ýok eken.
9 Isa şägirtleri bilen dagdan düşüp gelýärkä: «Ynsan ogly ölümden direlýänçä, gören görnüşiňizi* hiç kime aýtmaň» diýip tabşyrdy+.
10 Şägirtler Isadan: «Kanunçylar näme üçin ilki Ylýas pygamber gelmeli diýýärler?»+ diýip soradylar.
11 Ol şeýle jogap berdi: «Dogrudan-da, ilki Ylýas gelip, ähli zatlary düzetmelidi+.
12 Emma men size diýýärin, Ylýas eýýäm geldi, ýöne ony tanamadylar. Olar Ylýasa islänini etdiler+. Ynsan ogly-da olaryň elinden görgi görer»+.
13 Şonda şägirtler Isanyň suwa çümdürýän Ýahýa barada aýdýandygyna düşündiler.
14 Olar märekäniň ýanyna gelenlerinde+, bir adam Isanyň öňünde dyza çöküp:
15 «Agam, ogluma rehim et! Ol garaguş keselinden ejir çekýär, ýagdaýy agyr. Ol özüni oda-suwa urýar+.
16 Oglumy şägirtleriň ýanyna eltdim, ýöne sagaldyp bilmediler» diýdi.
17 Isa: «Eý imansyz we azgyn nesil!+ Men haçana çenli siziň bilen bolmaly? Haçana çenli size çydamaly? Oglany ýanyma getiriň» diýdi.
18 Isa jyna käýedi welin, ol oglandan çykyp gitdi. Oglan şol bada sagaldy+.
19 Şägirtler Isanyň ýanyna ýeke özleri gelip: «Biz jyny näme üçin çykaryp bilmedik?» diýip soradylar.
20 Ol: «Siziň imanyňyz az. Size hakykaty aýdýaryn, eger gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu daga: „Bärden başga ýere göç“ diýseňiz, ol göçer. Siziň başarmajak zadyňyz bolmaz»+ diýdi.
21 *——
22 Jelilä gelenlerinde, Isa şägirtlerine: «Ynsan ogly duşmanlaryň eline berler+.
23 Duşmanlar ony öldürer, emma ol üçünji güni direler»+ diýdi. Şägirtleri muny eşidip, örän gynandylar.
24 Olar Kapernawuma gelenlerinde, salgytçylar Petrusa: «Mugallymyň iki teňňe* salgyt tölärmi?» diýdiler+.
25 Ol: «Hawa, tölär» diýdi. Emma Petrus öýe giren badyna, Isa: «Simun, seniň pikiriňçe, patyşalar salgydy ýa-da gümrügi kimden alýarlar? Ogullaryndanmy ýa-da başga adamlardan?» diýip sorady.
26 Ol: «Başga adamlardan» diýende, Isa şeýle diýdi: «Dogry, diýmek, ogullar salgyt tölemeýär.
27 Ýöne dawa turmaz ýaly+, deňze bar-da, çeňňek taşla. Birinji tutan balygyň agzyny açsaň, kümüş teňňe* bardyr. Teňňäni alyp, özüňe-de, maňa-da salgyt töle».
Çykgytlar
^ Ýa-da: ap-akdy.
^ Sözme-söz: iki drahma. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Sözme-söz: statir. Tetradrahma göz öňünde tutulýar. Goşmaça maglumata serediň: B14.