Matta 19:1—30
19 Isa sözüni tamamlap, Jelileden gaýtdy. Soňra Iordandan geçip, Ýahudanyň çäklerine bardy+.
2 Onuň yzyna uly märeke düşdi, Isa hem olary sagaltdy.
3 Fariseýler Isany synajak bolup: «Erkek adam aýaly bilen islendik zat üçin aýrylyşsa bolýarmy?»+ diýip soradylar.
4 Isa olara: «Hudaýyň ilkibaşda erkegi we aýaly ýaradandygyny okamadyňyzmy?+
5 Ýa-da onuň: „Erkek adam ene-atasyny goýup, aýaly bilen biriger we ikisi bir beden bolar“+ diýenini okamadyňyzmy?
6 Olar iki däl, bir beden. Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny* ynsan aýyrmasyn»+ diýdi.
7 Olar: «Onda näme üçin Musa aýalyňa talak hatyny berip, aýrylyşmaga rugsat berdi?»+ diýip soradylar.
8 Isa olara: «Doňýürek bolanyňyz üçin Musa aýalyňyz bilen aýrylyşmaga rugsat berdi+. Emma Hudaý ilkinji erkek bilen aýaly ýaradanda beýle däldi+.
9 Şonuň üçin size diýýärin, biri zyna etmedik aýaly bilen aýrylyşyp, başga birine öýlense, zyna* edýändir»+ diýdi.
10 Şägirtleri: «Eger är-aýalyň ýagdaýy şeýle bolsa, onda öýlenmäniň gowudyr» diýdiler.
11 Isa olara: «Muny hemmeler başarmaz, diňe Hudaýyň kömek edýän adamlary başarar+.
12 Käbiri dogabitdi agta* bolýar, başgalary bolsa adamlar agta edýär, emma käbiri özüni gökdäki Patyşalyk üçin agta edýär. Ýöne kim öýlenmek islemese, öýlenmesin»+ diýdi.
13 Adamlar Isanyň ýanyna çagalaryny getirip, olara elini goýmagy we çagalary üçin doga etmegi haýyş etjek boldular, emma şägirtleri olara käýedi+.
14 Isa bolsa: «Çagalary saklamaň, goý, ýanyma gelsinler. Gökdäki Patyşalyk çagalar ýaly adamlaryňkydyr»+ diýdi.
15 Isa olara elini goýup, ak pata berdi, soňra başga ýere gitdi.
16 Soňra Isanyň ýanyna bir ýigit gelip: «Mugallym, ebedi ýaşamak üçin men näme ýagşylyk etmeli?»+ diýip sorady.
17 Isa: «Menden: „Näme ýagşylyk etmeli?“ diýip näme üçin soraýarsyň? Nämäniň ýagşydygyny Hudaý aýdypdy*+. Ebedi ýaşamak isleseň, tabşyryklaryny berjaý et»+ diýip jogap berdi.
18 Ol: «Haýsy tabşyryklary?» diýip sorady. Isa: «Adam öldürme+, zyna etme+, ogurlyk etme+, ýalan şaýatlyk etme+,
19 ene-ataňa hormat goý+ we ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý»+ diýdi.
20 Ýigit bolsa: «Men olaryň ählisini berjaý edýärin. Men ýene näme etmeli?» diýip sorady.
21 Isa: «Eger kämil bolaýyn diýseň*, ähli zadyňy sat-da, garyplara paýla. Şonda gökde baýlygyň bolar+. Soňra gel-de, meniň şägirdim bol»+ diýdi.
22 Ýigit muny eşidende, tukat bolup öýüne gaýtdy, sebäbi mal-mülki köpdi+.
23 Isa şägirtlerine: «Size hakykaty aýdýaryn, baý adama gökdäki Patyşalyga girmek kyn bolar+.
24 Düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr»+ diýdi.
25 Şägirtler muny eşidip, geň galdylar-da: «Onda kim halas bolar?»+ diýip soradylar.
26 Isa olaryň gözlerine seredip: «Adamlar muny başarmaz, ýöne Hudaý ähli zady başarýar»+ diýdi.
27 Şonda Petrus: «Biz ähli zadymyzy goýup, yzyňa düşdük. Munuň üçin bize näme berler?»+ diýip sorady.
28 Isa: «Size hakykaty aýdýaryn, Alla ähli zady täzeden dikeldende*, Ynsan ogly şöhratly tagtynda oturar. Şonda siz hem tagtda oturyp, Ysraýylyň 12 taýpasyna kazylyk edersiňiz+.
29 Meniň adym üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çagalaryny ýa-da melleklerini taşlan adam 100 esse köp zady we ebedi ýaşaýşy miras alar+.
30 Emma ilkinjileriň köpüsi soňky, soňkular bolsa ilkinji bolar»+ diýdi.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: bir boýuntyryga salanyny.
^ Sözme-söz: Diňe Hudaý ýagşydyr.
^ Ýa-da: Hudaýa birkemsiz gulluk edeýin diýseň.
^ Ýa-da: täzelände.