Matta 20:1—34
20 «Gökdäki Patyşalygy üzümçiligiň eýesine meňzetse bolar. Ol ir bilen hakyna işgär tutmaga çykýar+.
2 Ol işgärlere gününe bir teňňe* tölejekdigini aýdýar, soňra olary üzümçiligine iberýär.
3 Ol irden dokuzlarda* bazara baranda, başga-da işsiz oturan adamlary görýär.
4 Ol: „Sizem üzümçiligimde işläň, hakyňyzy tölärin“ diýýär.
5 Olar hem işlemäge gidýärler. Üzümçiligiň eýesi günortan on ikilerde* we öýlän üçlerde* hem şeýle edýär.
6 Ol öýlän bäşlerde* bazara baranda, ýene-de işsiz oturan adamlary görüp: „Siz näme üçin uzakly gün işsiz otyrsyňyz?“ diýip soraýar.
7 Olar: „Bizi hiç kim işe çagyrmady“ diýip jogap berýärler. Ol: „Sizem gidip, üzümçiligimde işläň“ diýýär.
8 Agşam üzümçiligiň eýesi iş dolandyryja: „Işgärleri çagyr, soňky gelenlerden başlap, ilkinji gelenleriň ählisine iş hakyny ber“+ diýýär.
9 Öýlän bäşlerde* işläp başlanlaryň hersine bir teňňe* berilýär.
10 Şonda irden işe başlanlar has köpräk alarys öýdýärler. Ýöne olara-da bir teňňeden* berilýär.
11 Olar iş hakyny alanda, üzümçiligiň eýesinden nägile bolup:
12 „Soňky gelenler bir sagat işlediler, biz bolsa ertirden agşama çenli jokrama yssyda işledik. Bize olar bilen deň hak töleýäňmi?“ diýýärler.
13 Üzümçiligiň eýesi olaryň birine: „Dostum, men adalatsyzlyk etmedim. Biz bir teňňä* gepleşdik, senem razy bolduň+.
14 Hakyňy al-da, gidiber. Men bir sagat işlänlere-de saňa tölänimi tölejek.
15 Pulumy islänime bermäge hakym ýokmy? Ýa-da olara ýagşylyk* edýänime göriplik edýäňmi?“+ diýdi.
16 Şeýlelikde, soňkular ilkinji bolar, ilkinjiler bolsa soňky bolar»+.
17 Iýerusalime barýarkalar, Isa 12 şägirdini bir gyra çekip+:
18 «Biz Iýerusalime barýarys. Ynsan ogly uly ruhanylaryň we kanunçylaryň eline berler. Olar Ynsan ogluny ölüme höküm ederler+
19 we başga milletlilere tabşyrarlar. Onuň üstünden gülerler, gamçylarlar we pürse çüýlärler+, ýöne üçünji güni direler»+ diýdi.
20 Zebedeýiň+ aýaly iki ogly bilen Isanyň ýanyna gelip, tagzym etdi-de, bir zat haýyş etmekçi boldy+.
21 Isa aýaldan: «Näme haýyşyň bar?» diýip sorady. Ol: «Patyşalygyňda iki oglumy ýanyňda oturt, birini sag tarapyňda, beýlekisini çep tarapyňda»+ diýip jogap berdi.
22 Isa onuň ogullaryna: «Siz näme soraýanyňyzy bilmeýärsiňiz. Meniň içýän käsämden içip bilersiňizmi?»+ diýdi. Olar: «Hawa» diýdiler.
23 Isa olara: «Siz meniň käsämden içersiňiz+. Ýöne sag ýa-da çep tarapymda kimiň oturjagyny men däl, Atam çözýär»+ diýdi.
24 Beýleki on şägirt muny eşidip, iki dogana gaharlandylar+.
25 Isa şägirtlerini çagyryp: «Siz baştutanlaryň we uly wezipeli adamlaryň halkyň üstünden agalyk edýändigini bilýänsiňiz+.
26 Emma siz beýle etmeli däl+. Araňyzda uly bolmak isleýän beýlekilere hyzmat etmeli+.
27 Araňyzda uly wezipäni eýelemek isleýän beýlekileriň guly bolmaly+.
28 Ynsan ogly-da özüne hyzmat etdirmek üçin däl, hyzmat etmek+ we köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi»+ diýdi.
29 Isa şägirtleri bilen Ýerihondan çykyp barýarka, uly märeke yzyna düşdi.
30 Ýoluň ugrunda oturan iki kör adam Isanyň geçip barýandygyny eşidip: «Agam, Dawut Ogly, bize rehim et!»+ diýip gygyrdy.
31 Märeke olara käýäp, dymyp oturmagy tabşyrdy, ýöne olar: «Agam, Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip, öňküdenem beter gygyrdylar.
32 Isa aýak çekip, olary çagyrdy-da: «Size näme kömek edeýin?» diýip sorady.
33 Olar: «Agam, gözlerimizi açaý!» diýdiler.
34 Isanyň haýpy gelip, olaryň gözlerine elini degrende+, şol bada gözleri açyldy. Olar hem Isanyň yzyna düşdüler.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: dinar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Sözme-söz: üçünji sagat töweregi.
^ Sözme-söz: altynjy sagat töweregi.
^ Sözme-söz: dokuzynjy sagat töweregi.
^ Sözme-söz: on birinji sagat töweregi.
^ Sözme-söz: On birinji sagatda.
^ Sözme-söz: dinar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Sözme-söz: dinardan. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Sözme-söz: dinara. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ýa-da: jomartlyk.