Matta 21:1—46

  • Isa şähere dabaraly girýär (1—11)

  • Isa ybadathanany arassalaýar (12—17)

  • Injir agajy näletlenýär (18—22)

  • Isanyň ygtyýary şübhä goýulýar (23—27)

  • Iki ogul hakdaky mysal (28—32)

  • Ganhor bagbanlar (33—46)

    • Esasy daş zyňylýar (42)

21  Olar Iýerusalimiň golaýyndaky Beýtfagiýa baryp ýetdiler. Ol Zeýtun dagynda ýerleşýärdi. Isa iki şägirdini ýollap+:  «Oba baryň, giren ýeriňizde daňylgy duran eşegi we taýhary görersiňiz. Olary çözüp alyp gaýdyň.  Biri bir zat diýse: „Olar Halypamyza gerek“ diýiň. Şonda olary size bererler» diýdi.  Şeýlelikde, pygamberiň sözleri ýerine ýetdi:  «Sion gyzyna aýdyň: „Ine, patyşaň gelýär!+ Ol pesgöwünlidir*+, ol taýhara münüp gelýär, hawa, eşegiň balasyna münüp gelýär“»+.  Şägirtler gidip, Isanyň aýdyşy ýaly etdiler+.  Olar eşegi we taýhary getirip, taýharyň üstüne donlaryny atdylar. Isa hem taýhara mündi+.  Adamlaryň köpüsi donlaryny ýola ýazýardy+, käbiri bolsa agajyň şahalaryny ýola düşeýärdi.  Isanyň öňünden we yzyndan barýan märeke: «Eý Hudaý, ýalbarýarys, Dawut Ogluny halas et!+ Ýehowanyň* adyndan gelýäne şöhrat bolsun!+ Eý gökdäki Hudaýymyz, ýalbarýarys, ony halas et!»+ diýip gygyrýardy. 10  Isa Iýerusalime girende, şäheriň ilaty: «Ol kimkä?» diýişdiler. 11  Märeke olara: «Ol Isa pygamber!+ Jeliläniň Nazaret şäherinden geldi» diýdi. 12  Isa ybadathana girip, ähli satyjylary we alyjylary kowdy. Pul çalyşýanlaryň stollaryny we kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny agdardy+. 13  Isa olara: «„Meniň öýüme doga-dileg öýi diýler“+ diýip ýazylypdy. Siz bolsa ony garakçylaryň mekanyna dönderdiňiz»+ diýdi. 14  Soňra ybadathanada Isanyň ýanyna kör we maýyp adamlar geldi. Isa hem olary sagaltdy. 15  Uly ruhanylar we kanunçylar Isanyň eden gudratlaryny görüp, ybadathanada çagalaryň*: «Eý Hudaý, ýalbarýarys, Dawut Ogluny halas et!»+ diýip gygyrýandyklaryny eşidip, gaharlandylar+. 16  Olar Isa: «Çagalaryň näme diýýändigini eşidýäňmi?» diýdiler. Isa: «Hawa, eşidýän. Siz „Çagalar we bäbekler saňa alkyş aýdarlar“ diýlenini okamadyňyzmy?»+ diýdi. 17  Isa şäherden çykyp, Betaniýa bardy we gijäni şol ýerde geçirdi+. 18  Isa irden şähere gelýärkä ajykdy+. 19  Ýolda injir agajyny görüp, ýanyna bardy, ýöne agaçda ýaprakdan başga zat ýokdy+. Isa: «Mundan beýläk sende miwe bitmesin»+ diýdi. Agaç şol bada gurady. 20  Muny gören şägirtler geň galyp: «Injir agajy nädip beýle çalt gurady?»+ diýip soradylar. 21  Isa şägirtlerine: «Size hakykaty aýdýaryn, eger iman etseňiz, hiç hili şübhelenmeseňiz, diňe agajy guratman, şu daga-da: „Ýeriňden tur, özüňi deňze zyň“ diýseňiz, aýdyşyňyz ýaly bolar+. 22  Iman edip dileseňiz alarsyňyz»+ diýip jogap berdi. 23  Isa ybadathana gelip, adamlara öwredip durka, uly ruhanylar bilen halkyň ýaşululary: «Sen bulary kimiň güýji bilen edýärsiň? Kim saňa ygtyýar berdi?»+ diýip soradylar. 24  Isa: «Mende-de bir sorag bar. Eger jogap berip bilseňiz, muny kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýdaýyn: 25  Ýahýa suwa çümdürmäge kim ygtyýar berdi? Hudaýmy ýa-da adamlar?*» diýip sorady. Şonda olar öz aralarynda şeýle diýişdiler: «Eger Hudaý* diýsek, „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“+ diýer. 26  Emma adamlar diýmäge-de gorkýarys, sebäbi halk Ýahýany pygamber hasaplaýar». 27  Olar Isa: «Bilemizok» diýip jogap berdiler. Isa hem: «Onda menem kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýtjak däl» diýdi. 28  «Siz şu mysal hakda näme pikir edýärsiňiz? Bir adamyň iki ogly bardy. Ol birinjisine: „Oglum, şu gün üzümçilikde işle“ diýýär. 29  Ogly: „Ýok, gitjek däl“ diýýär. Ýöne soň ökünip, işlemäge gidýär. 30  Ol adam ikinji ogluna-da şol sözleri aýdýar. Ogly: „Bolýar, kaka“ diýýär, ýöne gitmeýär. 31  Olaryň haýsysy kakasynyň aýdanyny etdi?» Olar: «Birinjisi» diýdiler. Isa şeýle diýdi: «Size hakykaty aýdýaryn, salgytçylar we ahlaksyz aýallar Hudaýyň Patyşalygyna sizden öň girer. 32  Ýahýa size dogry ýoly görkezdi, ýöne siz ynanmadyňyz. Emma salgytçylar bilen ahlaksyz aýallar ynandylar+. Siz muny görseňiz-de, ökünmediňiz, oňa ynanmadyňyz. 33  Ýene bir mysaly diňläň: bir adam mellegine üzüm ekip+, haýat aýlaýar we üzüm sykylýan çukur gazyp, diň gurýar+. Soňra mellegini bagbanlara kärendesine berip, başga ýurda gidýär+. 34  Mellegiň eýesi hasyl döwri miwe almak üçin bagbanlaryň ýanyna gullaryny iberýär. 35  Emma bagbanlar gullaryň käbirini urýarlar, käbirini daşlaýarlar, käbirini bolsa öldürýärler+. 36  Soňra hojaýyn öňküsinden hem köp gul iberýär. Emma olary hem şeýle edýärler+. 37  Ahyry ol ogluny iberip, „Oglumy-ha sylarlar“ diýip pikir edýär. 38  Emma bagbanlar hojaýynyň ogluny görüp, öz aralarynda: „Ol üzümçiligiň mirasdüşeri+. Geliň, ony öldürip, mirasyny alalyň!“ diýýärler. 39  Olar oglany üzümçilikden çykaryp öldürýärler+. 40  Üzümçiligiň eýesi gelip, bagbanlary näme eder?» 41  Olar Isa: «Hojaýyn zalymlyk eden bagbanlary öldürer. Mellegini bolsa hasyly wagtynda ýygnap berjek bagbanlara ynanar» diýdiler. 42  Isa: «Siz mukaddes kitaplarda: „Ussalaryň zyňan daşy indi esasy daş* boldy+. Muny Ýehowa* etdi, beýle zat bize örän geňdir“+ diýlenini okamadyňyzmy? 43  Şol sebäpli size diýýärin, Hudaýyň Patyşalygy sizden alnyp, miwe berjek halka berler. 44  Kim şol daşa büdrese, ýykylyp heläk bolar+. Daş kimiň üstüne gaçsa, mynjyradar»+ diýdi. 45  Uly ruhanylar we fariseýler mysallary diňläp, özleri hakda aýdylandygyna düşündiler+. 46  Olar Isany tussag etjek boldular, emma halkdan gorkdular, sebäbi adamlar Isany pygamber hasaplaýardy+.

Çykgytlar

Ýa-da: ýumşakdyr.
Sözme-söz: oglanlaryň.
Sözme-söz: Gökden berildimi ýa-da adamlardan?
Sözme-söz: gökden.
Sözlüge serediň.