Matta 23:1—39
23 Isa märekä we şägirtlerine şeýle diýdi:
2 «Kanunçylar we fariseýler Musa pygamberiň ornuny eýelediler.
3 Olaryň aýdanlaryny ediň, ýöne edýän işlerini etmäň. Sebäbi olar aýdýan zatlaryny özleri etmeýärler+.
4 Olar adamlaryň egnine agyr ýük atýarlar+, özleri bolsa ýüki götermek üçin barmagyny-da gymyldatmaýarlar+.
5 Olar ähli zady göz üçin edýärler+. Mukaddes kitaplardan sözleri göçürip, gutujyklara salýarlar we erbetlikden gorar diýip, maňlaýyna, eline dakýarlar+. Olar donlarynyň seçeklerini uzaldýarlar+.
6 Olar myhmançylykda törde oturmagy we sinagogalarda öňdäki hatarlarda oturmagy halaýarlar+.
7 Olar bazarlarda adamlaryň hormat bilen salam bermeklerini we özlerine „Mugallym*“ diýmeklerini isleýärler.
8 Emma siz özüňize „Mugallym*“ diýdirmäň, sebäbi siziň ýeke-täk Mugallymyňyz+ bar. Siziň baryňyz bolsa dogansyňyz.
9 Ýer ýüzünde hiç kime „Ata*“ diýmäň, sebäbi ýeke-täk Ataňyz+ bar, Ol gökdedir.
10 Özüňize „Ýolbaşçy“ diýdirmäň, sebäbi siziň ýeke-täk Ýolbaşçyňyz bar, ol Mesihdir.
11 Araňyzda kim uly bolsa, goý, beýlekilere hyzmat etsin+.
12 Özüni beýgeldýän adam kiçeldiler+, özüni kiçeldýän bolsa beýgeldiler+.
13 Waý günüňize, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Siz gökdäki Patyşalygyň gapysyny ýapyp, ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjek adamlara ýol berýärsiňiz+.
14 *——
15 Waý günüňize, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler!+ Siz deňizlere we düzlere aýlanyp, ýehudy dinine geçirmek üçin adam gözleýärsiňiz. Eger biri ýehudy dinini kabul edäýse, ony Jähenneme* mynasyp adam edýärsiňiz. Ol sizden iki esse beter günäkär bolýar.
16 Waý günüňize, kör ýolbaşçylar!+ Siz: „Kim ybadathanadan ant içse, sözünde durmasa-da bolar. Ýöne kim ybadathananyň altynyndan ant içse, hökman sözünde durmaly“+ diýýärsiňiz.
17 Eý akylsyz körler! Eýsem altyn wajypmy ýa-da altyny mukaddes edýän ybadathana?
18 Siz: „Kim gurbanlyk ojagyndan* ant içse, sözünde durmasa-da bolar. Ýöne kim üstünde duran gurbanlykdan ant içse, hökman sözünde durmaly“ diýýärsiňiz.
19 Eý körler! Berlen gurbanlyk wajypmy ýa-da ony mukaddes edýän gurbanlyk ojagy?
20 Gurbanlyk ojagyndan ant içýän adam üstündäki zatlardan hem ant içýändir.
21 Ybadathanadan ant içýän adam onda ýaşaýan Hudaýdan hem ant içýändir+.
22 Gökden ant içýän adam Hudaýyň tagtyndan we tagtda oturan Hudaýdan hem ant içýändir.
23 Waý günüňize, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Siz narpyzyň, şibitiň we tminiň ondan bir bölegini berýärsiňiz+, ýöne Töwratdaky has wajyp tabşyryklara, ýagny adalata+, rehimdarlyga+, wepalylyga sowuk-sala garaýarsyňyz. Aslynda, olaryň ondan bir bölegini bermeli, ýöne wajyp zatlary hem ýerine ýetirmeli+.
24 Kör ýolbaşçylar+, siz käsäňize düşen çybyny+ süzüp aýyrýarsyňyz, düýäni+ bolsa ýuwudýarsyňyz.
25 Waý günüňize, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Siz gap-gaçlaryň daşyny ýuwsaňyz-da+, içi açgözlükden+ we erbet höweslerden doly+.
26 Eý kör fariseý, ilki gap-gaçlaryň içini ýuw, şonda daşy-da arassa bolar.
27 Waý günüňize, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler!+ Siz agardylan mazara meňzeýärsiňiz+. Olar daşyndan owadan bolup görünse-de, içi ölüleriň süňkünden we her hili hapalykdan* doly.
28 Şonuň ýaly siz hem dogruçyl bolup görünýärsiňiz, emma ýüregiňiz ikiýüzlülikden we kanunsyzlykdan doly+.
29 Waý günüňize, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler!+ Siz pygamberlere mazar gurýarsyňyz, dogruçyl adamlaryň mazarlaryny bezeýärsiňiz+.
30 Siz: „Ata-babalarymyzyň döwründe ýaşan bolsadyk, olara pygamberleri öldürmäge kömek etmezdik“ diýýärsiňiz.
31 Şeýle diýip, pygamberleri öldüren adamlaryň neslidigiňizi boýun alýarsyňyz+.
32 Onda ata-babalaryňyzyň başlan işini dowam ediberiň.
33 Eý ýylanlar, alahöwrenler nesli!+ Siz höküm edilmekden we Jähennemden* gaçyp gutularyn öýdýäňizmi?+
34 Men size pygamberleri+, akyldarlary we mugallymlary+ ýollaýaryn. Siz olaryň käbirini öldürersiňiz+, pürse çüýlärsiňiz, käbirini bolsa sinagogalarda gamçylarsyňyz+, olary şäherden-şähere yzarlarsyňyz+.
35 Siz Habyldan+ tä ybadathananyň mukaddes ýeri bilen gurbanlyk ojagynyň arasynda öldürilen Berekýanyň ogly Zekerýa çenli ähli dogruçyl adamlaryň dökülen ganyna günäkärsiňiz+.
36 Size hakykaty aýdýaryn, şu nesil ähli zat üçin jogap berer.
37 Eý Iýerusalim, pygamberleri öldürýän we Hudaýyň iberen adamlaryny daşlaýan Iýerusalim!+ Towugyň jüýjelerini ganatynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, men hem çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum, ýöne sen islemediň+.
38 Indi Hudaý seniň öýüňi taşlap gider*+.
39 Size diýýärin, indi „Ýehowanyň* adyndan gelýäne şöhrat bolsun!“+ diýýänçäňiz, meni asla görmersiňiz».
Çykgytlar
^ Sözme-söz: Rebbi.
^ Sözme-söz: Rebbi.
^ Dini ýolbaşçylara Ata diýip ýüzlenmek göz öňünde tutulýar.
^ Ýa-da: haramlykdan.
^ Başga manysy: ýeke goýar.