Matta 3:1—17
3 Şol wagtlar suwa çümdürýän* Ýahýa+ Ýahudanyň çölünde wagyz edip başlady+.
2 Ol: «Toba ediň, gökdäki Patyşalyk golaýlaşdy»+ diýýärdi.
3 Şeýlelikde, Hudaýyň Işaýa pygamber arkaly: «Çölde biriniň sesi eşidilýär: „Ýehowa* ýol taýýarlaň! Ýodalaryny dogrulaň!“» diýen sözleri ýerine ýetdi+.
4 Ýahýanyň egninde düýe ýüňünden eşigi, bilinde deriden guşagy bardy+. Ol çekirtge we ary balyny iýýärdi+.
5 Ýahýanyň ýanyna Iýerusalimden, tutuş Ýahudadan we Iordanyň daş-töwereginden adamlar gelýärdi+.
6 Olar günälerini boýun alýardylar, Ýahýa hem olary Iordan derýasynda suwa çümdürýärdi+.
7 Ýahýa suwa çümdürilmäge gelýän ençeme fariseýlere* we saddukeýlere*+ şeýle diýdi: «Eý alahöwrenler nesli!+ Ýetip gelýän höküm gününden gaçyp gutularyn öýdýäňizmi?+
8 Toba edýäniňizi iş ýüzünde görkeziň.
9 „Biz Ybraýymyň nesli“+ diýmäň. Hudaý Ybraýyma daşlardan hem nesil döredip biler.
10 Palta agajyň aşagynda dur. Gowy miwe bermeýän agaç çapylyp, oda taşlanar+.
11 Men sizi toba edendigiňiz üçin suwa çümdürýärin+, emma yzymdan has beýik adam gelýär. Men onuň çarygyny* çykarmaga-da mynasyp däldirin+. Ol sizi mukaddes ruh+ we ot bilen çümdürer+.
12 Onuň elinde galla sowurýan kürek bar. Ol harmany arassalap, bugdaýy ammara üýşürer, samany bolsa sönmeýän otda ýakar»+.
13 Isa suwa çümdürilmek üçin Jelileden Ýahýanyň ýanyna Iordana geldi+.
14 Emma Ýahýa: «Men seni däl, sen meni suwa çümdürmeli ahyry» diýip, Isany saklajak boldy.
15 Isa: «Meni saklama, biz Hudaýyň islegini berjaý etmeli» diýdi. Şonda Ýahýa onuň bilen ylalaşdy.
16 Isa suwa çümdürilip çykan badyna gök açyldy+. Görse, Hudaýyň ruhy kepderi kimin Isanyň üstüne inip gelýär+.
17 Şonda gökden+: «Ine söýgüli Oglum+, men ondan razy»+ diýen ses eşidildi.
Çykgytlar
^ Ýa-da: aýakgabyny; köwşüni.