Nakyllar 24:1—34
24 Erbetlere gözüň gitmesin,Olara goşulmagy arzuw etme+.
2 Sebäbi olaryň oý-pikiri zorluk-sütem,Agzyndan ýamanlyk çykýar.
3 Öý* akyldarlyk bilen gurulýar+,Parasatlylyk* bilen düýbi tutulýar.
4 Bilim bilen otaglary dolýar,Gymmatbaha, owadan zatlar bezeýär+.
5 Paýhasly adamyň erk-ygtyýary köp+,Bilim güýç-kuwwatyňy artdyrýar.
6 Söweşde paýhasly maslahaty* diňle+,Maslahatçy köp bolsa, ýeňiş gazanylar+.
7 Akmak üçin akyldarlyk* elýetmez+,Şäher derwezesinde aýdara söz tapmaz.
8 Hile gurýan adama,Hilegärleriň başy diýerler+.
9 Akmagyň niýeti günä eltýär,Ýaňsylaýjyny il-gün ýigrenýär+.
10 Kyn günüňde ruhdan düşseň,Göreşmäge güýjüň bolmaz.
11 Ölüme höküm edilenleri halas et,Ölümine howlugýanlary alyp gal+.
12 Eger: «Mundan habarym ýok?» diýseň,
Ýürekleri* barlaýan Hudaý bilmezmi?+
Seni synlaýan hak Alla bilýär,Her kimiň işine görä hakyny berýär+.
13 Oglum, bal iý, peýdalydyr,Bal jana lezzet berýär.
14 Akyldarlyk hem peýdalydyr+,
Ony tapsaň, görjegiň gowy bolar,Umydyň üzülmez+.
15 Erbet adamlar ýaly,Dogruçylyň öýüniň golaýynda bukuda ýatma,Asuda ojagyny ýykma.
16 Dogruçyl adam ýedi gezek ýykylsa-da, ýerinden turýar+,Erbetler bolsa bela-beteriň içine taýyp gidýär+.
17 Duşmanyň ýykylanda begenme,Büdrände ýüregiňde şatlanma+.
18 Ýogsa Ýehowa görüp, senden närazy bolar,Gaharyny duşmanyňdan sowar+.
19 Erbetlere gaharyň gelmesin*,Ýaramazlara göriplik etme.
20 Erbetleriň gelejegi ýok+,Erbetleriň çyrasy sönýär+.
21 Oglum, Ýehowadan we patyşadan gork+.
Gozgalaňçylar bilen gatnaşma+.
22 Sebäbi olaryň başyna duýdansyz bela iner+.
Olaryň* gozgalaňçylara nähili jeza berjegini kim biler?+
23 Ine, akyldaryň öwüt-ündewi:
Kazyýetde tarapgöýlik etmek gowy däl+.
24 Erbede: «Sen dogruçyl adam» diýeni+,
Halk näletlär, milletler ýazgarar.
25 Erbede käýäniň bolsa işi oň bolar+,Başyna bereket ýagar+.
26 Hakykaty aýdýanyň ýaňagyndan ogşarlar*+.
27 Daşardaky işleriňi et, mellegiňi sür,Soňra öýüňi* gur.
28 Goňşyňa garşy ýalan şaýatlyk etme+,
Diliň bilen adamlary aldama+.
29 «Maňa näme etse, şony-da ederin,Edenine görä gaýtararyn» diýme+.
30 Men ýaltanyň melleginiň+,Akmagyň üzümçiliginiň golaýyndan geçdim.
31 Seretsem, bar ýerde haşal ot ösüpdir,Mellegini tikenek basypdyr,Daşdan diwarlary ýykylypdyr+.
32 Muny görüp, oýa batdym,Özüme şeýle sapak edindim:
33 Biraz ýatsaň, biraz irkilseň,Biraz gol gowşuryp otursaň,
34 Garyplyk garakçy kimin,Mätäçlik talaňçy ýaly üstüňe geler+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: Maşgala ojagy.
^ Sözme-söz: Saýgarma ukyby.
^ Ýa-da: tejribeli adamyň öwüt-nesihatyny.
^ Ýa-da: hakyky akyldarlyk.
^ Ýa-da: Niýetleri.
^ Ýa-da: lapykeç bolma.
^ Ýagny Ýehowanyň we patyşanyň.
^ Başga manysy: Hakykaty aýtmak ogşamak ýalydyr.
^ Ýa-da: maşgala ojagyňy.