Nakyllar 27:1—27

  • Dostuň käýese ýagşy (5, 6)

  • Oglum, ýüregimi şatlandyr (11)

  • Demir demri ýiteldýär (17)

  • Süriň ýagdaýyny gowy bil (23)

  • Baýlyk ebedilik däl (24)

27  Ertirki güne buýsanma,Sebäbi ertir näme boljagyny bilýän dälsiň+.   Özüňi öwme, goý, seni il⁠-⁠gün öwsün,Öz diliň däl, başganyň dili taryplasyn+.   Daş⁠-⁠da, çäge⁠-⁠de agyrdyr,Akmagyň berýän derdi ikisinden hem agyrdyr+.   Gahar zalymdyr, gazap sil kimindir,Emma gabanjaňlyga kim çydap biler?+   Gizlin saklanan söýgüden,Ýüzüňe aýdylan käýinç ýagşydyr+.   Wepaly dostuň salan ýaralary+Duşmanyň gyzgyn* posalaryndan gowudyr.   Dok adam baly depeleýär,Aç adama ajy zatlar bal ýalydyr.   Ýurdundan aýra düşen adamHöwürtgesini ýitiren guş ýalydyr.   Ýakymly ýag we atyr* ýüregi şatlandyrýar,Päk ýürekden çykan maslahat dostlugy berkidýär+. 10  Dostuňdan, ataň dostundan ýüz öwürme,Kyn günüňde doganyň öýüne gitjek bolma,Sebäbi uzakdaky dogandan golaýdaky goňşy ýagşydyr+. 11  Oglum, paýhasly bol, ýüregimi şatlandyr+,Şonda men töhmet atýana* jogap berip bilerin+. 12  Ätiýaçly adam howpy görüp gizlenýär+,Tejribesiz* bolsa gözsüz batyrlyk edip, zyýan* çekýär. 13  Kesekä kepil geçeniň donuny al,Ýat aýala kepil geçenden girew al+. 14  Kim säher bilen goňşusyna gygyryp alkyş aýtsa,Onuň alkyşy gargyş hasaplanar. 15  Igenjeň* aýal ýagyşly gün suw geçirýän üçek ýalydyr+. 16  Ony dymdyran adam ýeli hem ýatyryp biler,Sag eli bilen ýagy gysymlap biler. 17  Demir demri ýiteldýär,Adam hem dostuna gowy täsir edýär*+. 18  Injir agajyny suwarýan miwesinden iýer+,Hojaýynyna hyzmat edýäniň abraýy artar+. 19  Suwa sereden ýüzüni görýär,Ýürek hem ýüregi duýýar. 20  Mazaryň we heläkçilik mekanynyň* doýmaýşy ýaly+,Adamyň gözi hem doýýan däldir. 21  Kümüş göweçde*, altyn kürede arassalanýar+,Adam hem öwlen mahaly synalýar*. 22  Akmagy sokuda bugdaý döwýän ýaly döwseň⁠-⁠de,Ondan akmaklygy aýrylmaz. 23  Süriň ýagdaýyny gowy bil, Janyňy aýaman* goýunlaryňy bak+. 24  Sebäbi baýlygyň ebedilik däldir+,Täç hemişe nesilden⁠-⁠nesle geçýän däldir. 25  Ot solýar, ýene⁠-⁠de gögerýär,Daglaryň oty ýygylýar. 26  Goçlar seni geýindirer,Tekeler mellek alyp berer. 27  Geçiler köp süýt berer,Özüňi⁠-⁠de, hojalygyňy⁠-⁠da, gyrnaklaryňy⁠-⁠da doýrar.

Çykgytlar

Başga manysy: ýalan; mejbury.
Sözme-söz: tütetgi.
Ýa-da: gyjalat berýäne.
Ýa-da: jeza.
Ýa-da: Sada; ynanjaň.
Ýa-da: Şerraý; dawaçyl.
Ýa-da: dostuny ýiteldýär.
Ýewreýçe «Abaddon».
Altyn-kümüş eredilýän oda çydamly gap.
Ýa-da: Öwlen mahaly adamyň nähilidigini bilip bolýar.
Ýa-da: Höwes bilen; ünsli.