Nakyllar 31:1—31
31 Lemuwel patyşanyň sözleri.Ejesi öwüt-nesihat berip, şeýle tabşyryk berdi+:
2 Oglum, bagrymdan önen balam,Alla wada berip alan oglum+,Saňa näme diýeýin?
3 Güýç-kuwwatyňy aýallara berme+,Patyşalary heläkleýän ýoldan ýöreme+.
4 Lemuwel, patyşalara şerap ýaraşmaz,Şeraby ýatyp içmek gelişmez,«Şerap getiriň!» diýmek hökümdarlara gelişmez+.
5 Ýogsa serhoş bolup kanuny unudarsyň,Garyplara adalatsyzlyk edersiň.
6 Çakyry ölüm ýassygynda ýatanlara+,Şeraby ajy hasrat çekýänlere* ber+.
7 Goý, olar garyplygyny unutsyn,Derdini bütinleý ýatdan çykarsyn.
8 Gepläp bilmeýänleriň* arkasyny al,Ölüm penjesine düşenleriň hakyny alyp ber+.
9 Olaryň arkasyny al, adalatly höküm çykar,Ejizleriň, garyplaryň hakyny alyp ber+.
א [Elip]
10 Gaýratly* gelni kim tapar?+
Bahasy merjenden* has gymmatdyr.
ב [Bet]
11 Äri oňa ýürekden bil baglaýar,Hiç zada mätäç bolýan däldir.
ג [Gimel]
12 Ol ärine ýamanlyk däl-de,Her gün ýagşylyk edýär.
ד [Dal]
13 Ol ýüň we zygyr* mata getirýär,Her işe höwes bilen ýapyşýar+.
ה [He]
14 Täjiriň gämileri deý+,Uzak ýerlerden azygyny getirýär.
ו [Waw]
15 Daň atmanka turýar,Maşgalasy üçin nahar bişirýär,Gyrnaklaryna paýyny berýär+.
ז [Zaýn]
16 Mellekleri synlap, satyn alýar,Öz elleri* bilen üzüm nahallaryny oturdýar.
ח [Het]
17 Bilini berk guşaýar+,Iki ýeňini çermeýär.
ט [Tet]
18 Söwda edip, peýdasyny görýär,Gijesine çyrasy sönmeýär.
י [Ýod]
19 Elleri ýüňdedir*,Barmaklary ik egirýär+.
כ [Käp]
20 Ol mätäçlere elini uzadýar,Garyplaryň dadyna ýetişýär+.
ל [Lam]
21 Ol gardan gorkýan däldir,Sebäbi maşgalasynyň ýyly* geýimi bardyr.
מ [Mim]
22 Özüne düşek tikýär,
Zygyr matadan we badam reňkli ýüňden köýnek geýýär.
נ [Nun]
23 Şäher derwezesinde äriniň abraýy uludyr+,Äri ýaşulularyň arasynda oturýar.
ס [Sameh]
24 Gelni bolsa zygyrdan eşik* tikip satýar,Guşak dokap, täjirlere satýar.
ע [Aýn]
25 Ol gaýratlydyr, il içinde hormaty bardyr,Ertire ynam bilen garaýar*.
פ [Pe]
26 Akyldarlyk sözlerini aýdýar+,Dilinden ýagşylyk kanuny* düşmeýär.
צ [Sad]
27 Öý-içerisine iş tabşyrýar,Ýaltalyk çöregini iýmeýär+.
ק [Kap]
28 Çagalary turup, alkyş aýdýar,Äri hem taryplap şeýle diýýär:
ר [Reş]
29 «Gaýratly* gelinler köpdür,Emma sen hemmesinden gaýratlysyň».
ש [Şin]
30 Näziklik ýalandyr, owadanlyk solýandyr*+,Emma Ýehowadan gorkýan gelin öwgä mynasypdyr+.
ת [Taw]
31 Goý, ol çeken zähmetiniň hözirini görsün+,Eden işleri şäher derwezesinde taryplansyn+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: jany ýananlara.
^ Ýa-da: Özüni gorap bilmeýänleriň.
^ Ýa-da: Gowy.
^ Ýa-da: Gazanjy.
^ Ýa-da: pişgededir.
^ Sözme-söz: iki gat.
^ Ýa-da: içinden geýilýän eşikleri.
^ Ýa-da: Ertiriň üstünden gülýär.
^ Ýa-da: söýgi bilen berlen tälim. Sözme-söz: wepaly söýginiň kanuny.
^ Ýa-da: Gowy.
^ Ýa-da: boşdur; geçýändir.