Nakyllar 7:1—27
7 Oglum, sözüme gulak as,Tabşyryklarymyň gadyryny bil+.
2 Tabşyryklarymy berjaý edip, uzak ýaşa+.Öwüt-ündewimi* gözüň göreji deý gora.
3 Olary barmaklaryňa daň,Ýüregiňe ýaz+.
4 Akyldarlyga: «Gyz doganym» diý.
Düşünjä: «Garyndaşym» diý.
5 Olar seni azgyn* aýaldan+,Süýji dilli ahlaksyz* aýaldan gorar+.
6 Öýümiň aýnasyndan,Penjiresinden daşary seretdim.
7 Men tejribesiz* ýaşlara syn etdim.Olaryň arasynda bir akmak ýigidi gördüm+.
8 Ýigit aýalyň öýüne golaý çatryga bardy.Aýalyň öýüne tarap howlugyp gitdi.
9 Gün ýaşypdy, garaňky gatlyşypdy+,Agşamarady, gije düşüpdi.
10 Seretsem, ahlaksyz ýaly geýnen+, garaýürekli aýal,Ýigidiň öňünden çykdy.
11 Ol galmagalçydyr, özdiýenlidir+,
Öýünde oturýan däldir.
12 Bir görseň köçede, bir görseň meýdançadadyr*,Her burçda peýläp durandyr+.
13 Aýal ýigidi gujaklap öpdi.Utanç-haýany unudyp şeýle diýdi:
14 «Parahatlyk gurbanlyklaryny berdim+,
Wadalarymy berjaý etdim.
15 Seni garşylamaga çykdym,Gözläp-gözläp ahyry tapdym.
16 Düşegime owadan reňkli,Müsüriň zygyr* matasyny ýazdym+,
17 Düşegime mür*, aloe we dalçyn sepdim+.
18 Gel, ertire çenli söýgüden serhoş bolaly,Birek-biregiň mährinden doýaly.
19 Ärim öýde ýok,Uzak ýurda gitdi.
20 Pul torbasyny hem alyp gitdi,Ol aýyň on dördüne çenli* gelmez».
21 Aýal mekirlik bilen ýigidi yrdy+,
Süýji dili bilen gözüni-başyny aýlady.
22 Soýulmaga äkidilýän öküz kimin,Gandala salnan däli kimin,Ýigit şol bada yzyna düşdi+.
23 Bagryndan peýkam geçer,Jany alnar.Ýigit duzaga düşjek guş kimin mundan habarsyzdy+.
24 Oglum, sözlerimi diňle,Nesihatlaryma gulak as.
25 Ýüregiň ahlaksyz aýalyň ýollaryny küýsemesin,
Azaşyp, ýodalaryna aýak basaýma+.
26 Ol köp adamlaryň janyny alandyr+,Birgiden adamy gyrandyr+.
27 Onuň öýi mazardyr*,Merhumlaryň mekanydyr.